milli goshun logo
Asuda Watan – sagdyn jemgyýet
Asuda Watan – sagdyn jemgyýet
03.05.2022 1667 Okuw kurslary

Ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aşgabat şäher raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi tarapyndan saglygy goraýyş gullugynyň ýolbaşçy düzümleri bilen raýat goranyşyna degişli gysga möhletleýin taýýarlyk okuwlary geçirildi.

Raýat goranyşy ulgamynda saglygy goraýyş gullugy uly ähmiýete eýedir. Çünki saglygy goraýyş gullugy adatdan daşary ýagdaýlar dörände ilatyň saglygyny ýokary derejede we öz wagtynda goramak, adatdan daşary ýagdaýlaryň netijesinde ejir çekenlere ilkinji lukmançylyk kömegini we hemmetaraplaýyn saglygy goraýyş kömegini bermek çärelerini ýerine ýetirýär. Şonuň ýaly-da, olaryň maddy-tehniki üpjünçiligini guramak, adatdan daşary ýagdaýlar dörän ýerlerinde arassaçylyk we şahsy tämizlik ýagdaýlaryna gözegçilik etmek, jaýlarda, gurluşyk meýdançalarynda, ulag serişdelerinde, oba hojalyk ulag tehniki serişdelerinde, suw we iýmit önümlerinde, ähli beýleki serişdelerde barlag we ýokançsyzlandyryş işlerini geçirmek hem-de ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek çärelerini alyp barýar.

«Raýat goranyşy».