Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda «Saglygy
goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe»
atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady. Ýurdumyzda giňden
bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp
her ýyl geçirilýän bu çäre lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy
goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary
mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän abraýly forumlaryň birine
öwrüldi.
Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri,
Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy
tarapyndan bilelikde guralan ýöriteleşdirilen serginiň açylyş dabarasyna
Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň
we halkara guramalaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,
lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik
guramalarynyň, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýurdumyzyň saglygy
goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri gatnaşýarlar.
Halkara
serginiň açylyş dabarasy döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen
utgaşdy. Olar ata Watanymyza bagyşlanan aýdymdyr tanslary uly joşgun bilen
ýerine ýetirdiler. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.
Halkara serginiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar ilki
bilen, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş
ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilen giň gerimli işler, bilim-ylym,
sport babatda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan wideoşekillere tomaşa
etdiler. Bu ugurlarda gazanylan dünýä nusgalyk sepgitler türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüji başlangyçlary hem-de yzygiderli
tagallalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyz döwletimizde il saglygy
ýurt baýlygyna deňelýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga,
keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn,
Garaşsyz, Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek
boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.