Türkmenistanyň Prezidenti
GURBANGULY
BERDIMUHAMEDOW:
Bilim täzeligiň we döredijiligiň çeşmesidir.
***
·
Adam aňyndan belli, kerwen – jaňyndan.
·
Akyl – ylmyň hyrydary.
·
Akylly kişä – yşarat bes, akylsyz kişä – aýdanyň
hebes.
·
Akylly aýnamaz, altyn çüýremez.
·
Akylyň bolsa, uzak ýola şöwür et,
·
Bilimiň bolsa, bilmedige öwret.
·
Bilim bilen hikmet – altyndan gymmat.
·
Bilmedigini soran – alym, soramadyk özüne –
zalym.
·
Alym gül getirer, ary – bal.
·
Alym bolsaň, älem seniňki.
·
Bilmeseň bir aýyp, bilip amal etmeseň, iki aýyp.
·
Bilmezlik bela däl, bilesi gelmezlik – bela.
·
Bilseň bileniňi et, bilmeseň, bilýäniňkini et.
·
Älemiň gyragy bolmaz, ylmyň – çägi.
·
Är görki – akyl.
·
Galam gylyçdan ýitidir.
·
Galamyň ýazanyny gylyç bozup bilmez.
·
Guýma gursak bolmasa, dürtme gursak neýlesin.
·
Göz bar – görmek üçin, akyl bar – bilmek üçin.
·
Okamadyk öküner, dil gysgadyr, sakynar.
·
Okaýan il ozar, okamaýan il tozar.
·
Ylym – akylyň ýarysy.
·
Ylym akyldan dem alar.
·
Ylym köp, ömür az, geregiňi al – daşa ýaz.
·
Ylym satsaň – puluň, saklasaň – guluň.
·
Ylymly kaza şaýat gerek bolmaz.
·
Zehin zehinden zyýada.