milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
16 sagat öň 27 Habarlar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy şäherindäki “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gurlan “Gadamly” gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy.

Medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary bu ýerde guralan dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gurlan “Gadamly” atly gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegi mynasybetli ýaýbaňlandyrylan medeni-köpçülikleýin çäreler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalarynyň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz täze gurlan gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasy mynasybetli çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Türkmenbaşy şäherindäki Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşyjylary şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.

“Bitarap döwletimiz ulag diplomatiýasyny yzygiderli ösdürip, halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýar. 2013-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan halkara ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 6 sany Kararnama kabul edildi. Bu möhüm Kararnamalar dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapdy. 2016-njy ýylda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty ýokary derejede geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzda ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan köp sanly halkara maslahatlar, sergiler we beýleki çäreler yzygiderli geçirilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Soňra taryhy ähmiýetli wakanyň hormatyna guralan dabara gatnaşýan Koreýa Respublikasynyň “Koryo Shipbuilding Industry Technology” kompaniýasynyň prezidenti Çhwe Ýon Uka söz berildi.

Myhman, ilki bilen, bu dabara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol “Gadamly” gury ýük gämisiniň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli hemmeleri gutlady. Munuň özi taryhy ähmiýetli waka bolmak bilen, Türkmenistanyň ähli ugurlar, aýratyn-da, ulag-logistika ulgamy boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini görkezýär. Nygtalyşy ýaly, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gury ýük gämisiniň gurulmagy bilelikdäki tagallalaryň aýdyň netijesidir. Munuň özi Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň esasy düzümleriniň biri bolan kärhananyň halkara ähmiýetli ýükleri daşamaga ukyply döwrebap ýük gämilerini gurmak mümkinçiligine eýe bolandygyny alamatlandyrýar. Munuň özi bu kärhananyň kuwwatynyň halkara taslamalary üstünlikli amala aşyrmak, dünýäniň deňizçilik ulgamynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin zerur bolan tehniki mümkinçiliklere eýediginiň aýdyň güwäsidir.

Hormatly Prezidentimiz «Gadamly” gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmeginiň ýurdumyzyň ähli ugurlarda, şol sanda halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde edýän tagallalarynyň aýdyň netijesine öwrülen taryhy wakadygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aýtdy we hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.