24.01.2022 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Okuw sapaklary geçirildi
Okuw sapaklary geçirildi
08.12.2021 217 Okuw kurslary

Ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň welaýat we Aşgabat şäher raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirlikleriniň okuw kurslarynda 2021-nji ýylyň okuw möwsüminde degişli meýilnama esasynda, bilim edaralarynyň raýat goranyşy we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça jogapkär hünärmenleri bilen okuw sapaklary geçirildi.

Okuw sapaklarynyň dowamynda bilim edaralarynda raýat goranyşynyň çäreleriniň meýilleşdirilişi, tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk boýunça çäreler, şeýle-de orta mekdeplerde geçilýän ýaşaýyş-durmuş esaslary dersleriniň dowamynda adatdan daşary ýagdaýlardan goranmaga ähmiýet bermek boýunça giňişleýin durlup geçildi.

«Raýat goranyşy»