Düýn – 24-nji aprelde paýtagtymyzdaky
Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Ýewropa we Aziýa
ýurtlarynyň 13-sinden türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen sportuň milli we
guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş milli sportumyzyň nobatdaky üstünligi
bilen tamamlandy.
Paýtagtymyzda geçirilen halkara
ýaryşda erkekleriň arasynda alty, zenanlaryň arasynda dört agram derejesinde
guşakly alyş göreşi boýunça ýeňijiler kesgitlenildi. Bu ýaryşda hem türkmen
türgenleri 4 altyn, 5 kümüş we 5 bürünç – jemi 14 medal gazanyp, toparlaýyn
hasapda ýeňiji boldular.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry
tamamlanandan soňra, ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Onuň dowamynda
ýaryşda ýeňiş gazanan we baýrakly orunlary eýelän türgenlere medallar,
şahadatnamalar, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar –
Watanyň daýanjy» atly kitaby gowşuryldy.