11.04.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Milli itşynaslyk sungatyny kämilleşdirmek boýunça maslahat geçirildi
Milli itşynaslyk sungatyny kämilleşdirmek boýunça maslahat geçirildi
03.03.2021 118 Habarlar

2-nji martda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň Sport myhmanhanasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda dabara geçirildi.

Bu ýere ýygnananlar asylly däplere we milli mirasa hormat goýmagyň hem-de wepalylygyň özboluşly nyşanyna öwrülen gadymy alabaý itlerini saklamak we bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de kmilleşdirmek meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin milli Liderimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdylar. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary we beýleki çeper esesler görkezildi.