Şu gün paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Halkara
Zähmet Guramasynyň (HZG) Zähmetkeşleriň işleri boýunça edarasynyň bilelikde
guramagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler
arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumy geçirildi. Onuň işine degişli
ýurtlaryň kärdeşler arkalaşyklarynyň, zähmeti goramak we kärdeşler
arkalaşyklarynyň işini utgaşdyrmak boýunça ýöriteleşen halkara guramalaryň
ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Ýurdumyzda zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmek häzirki
döwürde zähmet we iş üpjünçilik ulgamynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu gatnaşyklaryň hukuk binýadyny
pugtalandyrmakda Halkara Zähmet Guramasynyň ýörelgelerinden ugur alynýar.
Mynasyp zähmet we durmuş adalatlylygyny üpjün etmek ýurdumyzda zähmet
gatnaşyklaryny ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň esasy ýörelgeleri bolup durýar.
Sebitara forumda bellenilişi ýaly, sebit derejesinde özara
bähbitli hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ösdürilmegine
möhüm ähmiýet berýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bu ugurda yzygiderli
tagallalary durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, kärdeşler
arkalaşyklarynyň sebitara forumynyň «Merkezi Aziýa+Azerbaýjan Respublikasy»
görnüşinde ilkinji gezek geçirilmeginiň taryhy ähmiýeti bellenildi. Mälim bolşy
ýaly, şu ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu görnüşde
döwlet Baştutanlarynyň ilkinji konsultatiw duşuşygy geçirilipdi. Munuň özi
ýurtlarymyzyň döwlet we jemgyýetçilik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň
ösüşinde hem täze tapgyry açdy. Ýeri gelende bellesek, şeýle görnüşde sebitara
hyzmatdaşlygy ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly tagallalary bar.
Maslahata gatnaşyjylar Aşgabat şäherinde sebitara
möçberinde şu forumyň geçirilmeginiň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň
barha ösýändigini, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygyny,
durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm meselelerini bilelikde çözmekde tagalla
edilýändigini görkezýändigini nygtadylar. Zähmet bazarynda bolup geçýän
üýtgeşmeler, sanlylaşdyrmak, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, hünärmenleri
taýýarlamak meseleleri, işgärleriň zähmet we durmuş goraglylygy kärdeşler
arkalaşyklaryndan täzeçil çemeleşmeleri we ýakyn hyzmatdaşlygy talap edýär.
Şunuň bilen baglylykda, sebitara forumyň diňe bir özara pikir alyşmak üçin däl,
eýsem, geljekki hyzmatdaşlyk üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýändigi
bellenildi. Şunda ýurtlaryň ugurdaş düzümleriniň toplan tejribesi uly ähmiýete
eýedir.
Forumda durmuş ugurly syýasaty üstünlikli amala aşyrýan
ýurdumyzda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň alyp barýan
işi barada-da aýdyldy. Türkmenistanda zähmeti ylmy esasda guramak arkaly,
zähmete bolan konstitusion hukuklaryň üpjün edilişini kämilleşdirmek babatda
giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu ugurdaky kanunçylyk namalary halkara
hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine laýyklykda yzygiderli
döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzda milli maksatnamalarda iş bilen üpjünçilik
ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, durmuş goraglylygyny giňeltmäge we durmuş
hyzmatdaşlygyna ýardam etmäge möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanda raýatlaryň
durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar, işgärlere
berilýän ýeňillikler zähmet gatnaşyklaryny ösdürmäge, döredijilikli zähmetiň
netijeliligini artdyrmaga oňyn täsirini ýetirýär. Giň gerimli özgertmeleriň
çäklerinde täze iş orunlary döredilip, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna sanly
tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde,
işgärleriň mynasyp zähmet çekmegi üçin şertler döredilýär.
Duşuşykda ýurdumyzyň Halkara Zähmet Guramasy bilen
yzygiderli ösdürýän hyzmatdaşlygyna hem aýratyn üns çekildi. HZG-niň
konwensiýalaryndan gelip çykýan borçnamalara ygrarly bolan ýurdumyz halkara
hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça
netijeli işleri alyp barýar. Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksde,
Zähmet kodeksinde, «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň
Kanunynda we beýleki kanunçylyk namalarynda HZG-niň konwensiýalaryndan gelip
çykýan kadalar öz beýanyny tapýar. Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi işgärleriň hukuklaryny
we bähbitlerini goramak, durmuş adalatlylygyny goldamak, zähmet şertlerini
gowulandyrmak işinde möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Bu ugurda degişli
jemgyýetçilik guramalary we döwlet edaralary tarapyndan alnyp barylýan işler
ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan has-da ösmeginde, halkymyzyň abadan durmuşyny
üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.
Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Zähmetkeşleriň işleri
boýunça edarasynyň hem-de Halkara kärdeşler arkalaşyklarynyň konfederasiýasynyň
wekilleri sebit we sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýurdumyzyň tagallalaryna
ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda
hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi ýurtlaryň halklarynyň ýaşaýyş-durmuş
derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy üçin meseleleriň oňyn çözülmegine ýardam
edýär.
Kärdeşler arkalaşyklarynyň işiniň esasy wezipesi iş
berijileriň we döwlet edaralarynyň öňünde işgärleriň bähbitlerine wekilçilik
etmekden, zähmet kanunçylygynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmekden hem-de
zähmet şertlerini gowulandyrmakdan ybaratdyr. Adamyň hukuklaryna hormat goýmak,
amatly zähmet şertlerini döretmek, iş bilen üpjünçiligi gowulandyrmak, ykdysady
durnuklylygyň berkidilmegi durmuş adalatlylygynyň esasyny düzýän
gymmatlyklardyr.
Maslahatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan
Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň degişli ugurda ýeten sepgitleri
barada-da giňişleýin durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, olaryň işini
ösdürmekde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça gazanylan
üstünlikler, işgärleriň zähmet hukugy babatda bilimlerini artdyrmak boýunça
görülýän çäreler duşuşyga gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem
sebit ýurtlarynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda özara hyzmatdaşlygyň
ösdürilmegi üçin şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigi
bellenildi.
Goňşy ýurtlaryň wekilleri sebitiň döwletleriniň ilatynyň
hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmeginde kärdeşler
arkalaşyklarynyň utgaşykly işiniň mümkinçiliklerini bellediler. Şunda
hünärmenleriň hünär derejesini artdyrmakda, özara okuwlary guramakda sebit
ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly gyzyklanma bildirilýär. Iş
üpjünçilik, zähmetkeşleriň hukuklaryny we bähbitlerini goramak ulgamynyň kämilleşdirilmegi
babatda özara hyzmatdaşlyk Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam edýär.
Çykyş edenler ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri, innowasion
tehnologiýalary we ykdysady taýdan netijeli çözgütleri kabul etmekde dünýä
döwletlerinde ileri tutulýan ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny yzygiderli
öwrenmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň
kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleri türkmen topragynda bildirilen
myhmansöýerlik, ak mermerli Aşgabatda meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede
guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Sebitara forumyň çäklerinde Jemgyýetçilik guramalarynyň
merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň
başlygynyň ýolbaşçylygynda Kärdeşler arkalaşyklarynyň pudaklaýyn geňeşleriniň
başlyklarynyň we bölüm müdirleriniň Azerbaýjan Respublikasynyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Konfederasiýasynyň başlygy we wekilleri bilen iş duşuşygy
geçirildi. Duşuşygyň dowamynda kärdeşler arkalaşyklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy
ösdürmek, özara tejribe alyşmak we bilelikdäki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary
boýunça pikir alşyldy.