Şu
gün paýtagtymyzda GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça
geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu iri halkara çäre Arkalaşyga agza döwletleriň
arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha bermek,
geljekki bilelikdäki meýilnamalary kesgitlemek hem-de dostluk köprülerini
has-da berkitmek ugrunda möhüm ädim boldy. Mejlisde GDA giňişliginde medeni
gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary we hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek
bilen bagly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga
GDA agza döwletleriň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň wekilleri
gatnaşdylar. Mejlisiň esasy maksady Arkalaşyga agza ýurtlaryň arasyndaky
taryhy-medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, dowam edip gelýän
ruhy-döredijilik baglanyşyklaryny täze derejelere çykarmakdan we özara bähbitli
hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybaratdyr.
Mejlisiň
gün tertibine laýyklykda, taraplar häzirki zaman şertlerinde medeniýet
ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna baha berip, geljekki
bilelikdäki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýurdumyz
medeni mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin köptaraplaýyn platformalary
işjeň ulanyp, iri halkara we sebit guramalary bilen gatnaşyklaryny
pugtalandyrýar. Bu işde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna aýratyn orun
degişlidir. Şu günki çäre hem muny aýdyňlygy bilen subut edýär.
Bellenilişi
ýaly, medeniýet Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde milli
özboluşlylygy saklamagyň, halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi
pugtalandyrmagyň we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň iň möhüm şerti bolup
durýar. Türkmenistan milli medeni mirasymyzy gorap saklamaga, öwrenmäge we
wagyz etmäge, sungaty, edebiýaty hem-de döredijilik kuwwatyny ösdürmäge, şeýle
hem halkara medeni hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny
yzygiderli durmuşa geçirýär.
2026-njy
ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän döwründe Arkalaşykda Türkmenistanyň
başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ynsanperwer gün tertibini amala
aşyrmaga aýratyn üns berilýär. Geçirilýän çäreler GDA gatnaşyjy döwletleriň
arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmäge, hünärmen alyşmalaryny
işjeňleşdirmäge we bilelikdäki başlangyçlary mundan beýläk-de ösdürmäge
gönükdirilendir. Bu babatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýylynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 35
ýyllygyna we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreler
aýratyn ähmiýete eýedir.
Türkmenistan
GDA halklarynyň umumy medeni baýlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan
taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga we wagyz etmäge, GDA gatnaşyjy döwletleriň
arasynda medeni hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge, bilelikdäki medeni
taslamalary durmuşa geçirmäge uly üns berýär. Şu günki mejlis hem ynsanperwer
ulgamdaky netijeli özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine we
döwletlerimiziň halklarynyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmaga möhüm goşant
goşar.
Mejlisiň
dowamynda 2026-njy ýylda geçirilen möhüm medeni çäreler, şol sanda GDA
gatnaşyjy döwletleriň medeniýet ulgamyndaky 2026 — 2028-nji ýyllar üçin esasy
hyzmatdaşlyk çäreleri we 2027-nji ýylda meýilleşdirilýän giň möçberli çäreler
ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan Meýilnamanyň durmuşa geçirilişi boýunça
Geňeşiň agzalarynyň maglumatlary diňlenildi.
Mundan
başga-da, «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Medeniýet günleri»
Konsepsiýasynyň taslamasy we GDA gatnaşyjy döwletleriň «Arkalaşyk» atly halkara
kinofestiwaly hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp
barylýan işler barada maglumat berildi hem-de «GDA-nyň medeni paýtagtlary»
döwletara maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere garaldy.
Şeýle
hem mejlisiň dowamynda medeni mirasy gorap saklamak, dikeltmek we bütin dünýäde
wagyz etmek boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak meselesine üns
çekildi. Şunda Arkalaşygyň çäklerinde geçirilýän halkara festiwallaryň, medeniýet
günleriniň we döredijilik duşuşyklarynyň uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Ara
alyp maslahatlaşylan ugurlaryň hatarynda GDA giňişliginde yzygiderli ýagdaýda
geçirilýän ýaşlaryň döredijilik oýunlaryny, halkara bäsleşikleri we ylmy-amaly
maslahatlary guramak meselesi hem beýan edildi.
Mejlisiň
ahyrynda geňeşiň başlyklygy, nobatdaky mejlisiň geçiriljek ýeri bilen bagly
guramaçylyk meselelerine seredildi.
Duşuşyga
gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda hem-de hormatly
Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň medeniýet ulgamynda
öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini belläp, şu günki mejlisiň
guramaçylyk derejesine ýokary baha berdiler hem-de Arkalaşyga agza döwletleriň
arasyndaky dostluk, parahatçylyk we ynsanperwerlik köprüleriniň mundan beýläk
hem berkäp, täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.