...Gahryman
Arkadagymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gelende, dostlukly ýurduň Halkara
howa menzilinde mähirli garşylanyldy.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow dostlukly ýurda amala aşyran saparynyň çäklerinde «Nicklaus
Companies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz we kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň
wekilleri bilen duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Jon Riz
türkmen halkynyň Milli Liderini ABŞ-da görýändigine örän şatdygyny nygtap,
özüniň Türkmenistana amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen
ýatlaýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna
düşen Aşgabadyň binagärlik keşbiniň özünde oňyn täsirleri galdyrandygyny
nygtady.
Gahryman
Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda ýokary
netijeli sportuň, dynç alyş ulgamynyň we syýahatçylygyň ösdürilmegine möhüm
ähmiýet berilýändigini aýtdy. Munuň özi ýurdumyzda ählumumy durnukly ösüşiň
strategik ugry hasaplanýar. Şunda Türkmenistanda sportuň hem-de syýahatçylygyň
häzirki zaman düzüminiň döredilendigi bellenildi.
Duşuşygyň
dowamynda “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurlan golf
meýdançalarynyň görnüşleri görkezildi. Nygtalyşy ýaly, sporty we dynç alşy
özünde jemleýän golf meýdançalary ekologik ýagdaýyň durnukly saklanmagynda, bu
ugur boýunça täzeçil çözgütleriň kabul edilmeginde wajyp şert hökmünde ykrar
edilendir.
Milli
Liderimiz dünýäde öňdebaryjy hasaplanýan “Nicklaus Companies” kompaniýasy bilen
hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny, Arkadag şäherinde we “Awaza”
milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap golf meýdançalarynyň gurulmagynyň
meýilleşdirilýändigini aýtdy. Aşgabatda gurlan golf meýdançasynyň şäher
ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolandygyny aýdyp,
hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň şeýle merkezleriň gurulmagy bilen bagly
meseleler babatda hyzmatdaş kompaniýanyň tekliplerini öwrenmäge taýýardygyna
ünsi çekdi.
Saglygy
goraýyş, sport ulgamlarynda ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan
kompaniýanyň ýolbaşçysy dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hem-de halkara gatnaşyklary
ösdürmek üçin degişli kanunçylyk binýady üpjün edilen Türkmenistan bilen
hyzmatdaşlyk etmegiň, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň özleri üçin uly
hormatdygyny nygtady. Şeýle-de Jon Riz Milli Liderimizi “Awaza” milli
syýahatçylyk zolagynda, Arkadag şäherinde gurulmagy möhüm hasaplanýan birnäçe
taslamalar bilen tanyşmaga çagyrdy.
Gahryman
Arkadagymyz taslamalar bilen içgin tanşyp, Arkadag şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk
zolagynda golf meýdançalarynyň gurulmagynyň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde
köpçülikleýin bina edilýän durmuş maksatly desgalaryň üstüni ýetirjekdigini
belledi hem-de “Nicklaus Companies” kompaniýasy bilen netijeli gatnaşyklaryň
mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Jon Riz Türkmenistanda golf
sportunyň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilmeginiň örän
guwandyryjy ýagdaýdygyny nygtap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ykdysady
taýdan kuwwatly ýurduň dürli künjeklerinde golf meýdançalaryny gurmak baradaky
teklipleri hödürlemäge we desgalaryň gurluşygyna girişmek üçin zerur taýýarlyk
işini alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy taslamalar bilen tanyşlykdan soňra, “Türkmenistan —
ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy.
Erik
Stýuart Gahryman Arkadagymyzy ABŞ-da görýändigine şatdygyny aýdyp, amerikan
işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan bilen özara
bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini belledi.
Milli
Liderimiz häzirki döwürde Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň
arasynda dürli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ösdürilýändigini, şunda iki ýurduň
işewür düzümleriniň bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň
gatnaşýandyklaryny belledi we birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda
ýola goýulýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly
mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekdi.
Duşuşygyň
dowamynda iki ýurduň arasynda maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm
ugurlaryň hatarynda kesgitlenendigi bellenildi. Hormatly Arkadagymyz
Türkmenistanyň we ABŞ-nyň işewür düzümleriniň arasynda geljegi uly ugurlar
boýunça gatnaşyklary ilerletmekde wajyp ähmiýeti bolan duşuşyklary yzygiderli
guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň
mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Nygtalyşy ýaly, köp
ýyllaryň dowamynda “Boeing”, “General Electric”, “John Deere”, “Case” “Nicklaus
Companies” ýaly iri amerikan kompaniýalary Türkmenistanda möhüm taslamalary
durmuşa geçirýärler. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz birnäçe
ýyllaryň dowamynda iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň
yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy. “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň
Ýerine ýetiriji direktory iki ýurduň ykdysady düzümleriniň arasyndaky
gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini
tassyklady.
Duşuşygyň
ahyrynda Milli Liderimiz hem-de Erik Stýuart birek-birege iň gowy arzuwlaryny
beýan edip, özara bähbitli, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de
ilerlediljekdigine ynam bildirdiler.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow “Panther” milli golf klubuna bardy. Bu ýerde Gahryman
Arkadagymyz mähirli garşylanyldy hem-de golf klubunyň wekilleri meýdançalaryň
gurluş aýratynlyklary, onuň özboluşly şertleri barada gürrüň berdiler.
Bellenilişi ýaly, dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, Amerikanyň Birleşen
Ştatlarynda-da golf bilen köpçülikleýin meşgullanmak üçin ägirt uly
mümkinçilikler döredilýär.
Milli
Liderimiz meýdançalaryň abadanlaşdyrylyşy, hil derejesi bilen tanşyp, Aşgabatda
hereket edýän golf meýdançasynyň ýaşlaryň söýgüli künjegine öwrülendigini
aýtdy. Ýurdumyzda golf meýdançalarynyň sanyny artdyrmagyň
meýilleşdirilýändigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda oňyn tejribe
toplan amerikan hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma
bildirilýändigini belledi.
Golf
klubunyň wekilleri türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşmagyň we bilelikdäki
golf ýaryşlaryny geçirmegiň özleri üçin hormat boljakdygyny nygtadylar.
Gahryman
Arkadagymyz “Sandhill Crane Golf Club” okuw-türgenleşik merkezi bilen tanyşdy.
1992-nji ýylda açylan bu merkez häzirki wagtda gelim-gidimli ýerleriň biri
bolup durýar. Bu ýerde dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän dokma senagatyna
degişli önümleriň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda arassa nah ýüplüklerden
taýýarlanan sport lybaslarynyň dürli görnüşleri görkezildi. Şeýle hem bu ýerde
ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda öndürilen, “Türkmenistanda öndürildi” nyşanly
harytlara möhüm orun berildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň
arassalygy, ekologik derejesi bilen ýokary halkara görkezijilere doly laýyk
gelýän önümleri dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän harytlar hökmünde
ykrar edilýär.
Soňra
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu toplumyň mümkinçilikleri bilen
tanyşdy.
Merkezde
türgenleşik işleri sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly geçirilýär.
Şeýle-de ol tebigy aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyz
merkeziň mümkinçiliklerine ýokary baha berdi we bu ugurda hyzmatdaşlygyň
netijeli häsiýete eýe boljakdygyny belledi. “Golf sporty häzirki wagtda dünýäde
meşhur sport görnüşleriniň biri bolup durýar. Bu sporta ýaşlaryň arasynda
gyzyklanmalar barha artýar. Ýurdumyzda golf sportuny ösdürmek meselelerine
aýratyn ähmiýet berilýär” diýip, Milli Liderimiz nygtady. Şeýle hem bu ugur
boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemegiň wajypdygyny aýdyp,
hormatly Arkadagymyz ekologik abadançylygyň möhüm şertleriniň biri bolan golf
meýdançalarynyň köpçülikleýin gurulmagynyň adamlaryň, şol sanda ýaşlaryň
saglygynyň berkidilmeginde aýratyn orun eýeleýändigine ünsi çekdi. Şunuň bilen
baglylykda, iki ýurduň arasynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, golf sporty
boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin wagtyň synagyndan geçen netijeli gural
hökmünde golf meýdançalarynyň ähmiýetine üns berildi.
Gahryman
Arkadagymyz golf klubunyň wekillerine üstünlikleri arzuw etdi we olara netijeli
duşuşyk üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugrady.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideri “La Victoria” atçylyk toplumyna bardy. Bu toplum
atşynaslar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryndan, athanalardan, türgenleşik
meýdançasyndan, suw çüwdürimli kölden we beýleki ugurdaş desgalardan ybarat.
Onda athanada saklanýan atlar üçin ýataklar, atlaryň seýislenilýän ýerleri,
ýapyk manež, at eýerlerini we beýleki esbaplaryny saklamaga niýetlenen otaglar
bar. Şeýle hem açyk meýdanda atlary suwa ýakmak üçin ýer döredilipdir.
Hormatly
Arkadagymyz atçylyk toplumynyň bedewleri, olaryň saklanyş şertleri bilen
tanşyp, bu ýerde atlary bäsleşiklere taýýarlamaga niýetlenen mümkinçilikler,
seýisleriň iş tertibi bilen gyzyklandy. Bu iri toplumda atçylyk sporty boýunça
bäsleşikleri guramak, atçylyk sportunyň konkur görnüşi boýunça halkara
ýaryşlary geçirmek üçin ähli zerur şertler bar. Bu ýerde konkur boýunça halkara
bäsleşikler birnäçe aýlap dowam edýär. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň arasynda
atçylyk sporty boýunça ýygjam gatnaşyklary ösdürmek babatda ägirt uly
mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunda türkmenistanly we ABŞ-ly
atşynaslaryň, atçylyk sporty bilen meşgullanýanlaryň arasynda hyzmatdaşlygy
has-da giňeltmek ähmiýetli bolar.
Gahryman
Arkadagymyz atçylyk toplumynyň wekilleriniň özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek
boýunça teklipleriniň öwreniljekdigini aýtdy.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen
Ştatlaryna saparynyň çäklerinde ýurduň tanymal syýasatşynaslary, işewürleri
bilen duşuşdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy işewürler Stiw Winn, Aýzek
Perlmutter, “Oxbow Group” kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy
Wilýam Koh mähirli garşyladylar.
Milli
Liderimiz häzirki döwürde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň
hil taýdan täze derejä çykýandygyny, köp sanly amerikan kompaniýalarynyň
türkmen bazarynda netijeli iş alyp barýandyklaryny, ikitaraplaýyn gatnaşyklary
mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda ozaldan gelýän özara hereketleri pugtalandyrmagyň
möhümdigine aýratyn üns berildi.
Işewürler
işjeň ýagdaýda geçen duşuşyk üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan
edip, geljekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy alyp barmaga taýýardyklaryny
tassykladylar.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideriniň “John Deere Walldorf International GmbH”
kompaniýasynyň Baş direktory, GDA we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oba hojalygy
ugry boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýko bilen duşuşygy boldy.
Çaba
Leýko bu duşuşygyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Şeýle hem ol Gahryman
Arkadagymyza Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň üstünlikli geçmegini
arzuw etdi hem-de bu saparyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlar
boýunça ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Milli
Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlykda oba hojalygy boýunça
gatnaşyklara möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şeýle hem oba hojalygynyň milli
ykdysadyýetimiziň wajyp pudaklarynyň biridigi, azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň
bolsa halkymyzyň abadançylygy bilen gönüden-göni baglydygy aýdylyp, bu ugurdaky
hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygy nygtaldy. Häzirki döwürde hormatly
Prezidentimiziň yzygiderli goldaw bermegi esasynda ýurdumyzda obasenagat
toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn
çäreler görülýär. Bu toplumyň işine öňdebaryjy tehnologiýalar, dünýäniň iň gowy
tejribesi ornaşdyrylýar. Daýhanlara döwrebap tehnikalar satyn alnyp berilýär.
Duşuşygyň
dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary kesgitlenildi. Şunuň
bilen baglylykda, “John Deere” kompaniýasy bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň uzak
möhletli häsiýete eýedigine üns berildi. Bu kompaniýa obasenagat ulgamynda
Türkmenistanyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Işjeň
gatnaşyklaryň 30 ýyldan gowrak döwrüniň içinde kompaniýanyň Türkmenistana
iberýän dürli görnüşli oba hojalyk tehnikalarynyň sanynyň artmagy
hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Obasenagat toplumy
üçin niýetlenen “John Deere” kysymly ýöriteleşdirilen tehnikalar ýurdumyzyň
toprak-howa şertlerinde netijeli işledilýär.
Türkmenistan
üçin ýokary bilimli ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlarynyň biridir. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň
üstünlikli dowam etdirilmegi üçin uly mümkinçilikler bar. Häzirki döwürde
ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda bu kompaniýanyň kuwwatly tehnikalarynyň
müňlerçesi ulanylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we “John Deere”
kompaniýasynyň netijeli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy.
Bellenilişi ýaly, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň
mekany” ýylynda hyzmatdaşlyk has-da işjeň häsiýete eýe bolar.
Duşuşygyň
ahyrynda Çaba Leýko Gahryman Arkadagymyza netijeli söhbetdeşlik hem-de
kompaniýa bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “John Deere”
kompaniýasynyň öz hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli
çemeleşjekdigine ynandyrdy.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň çäklerinde
“Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşyp,
gepleşikleriň dowamynda maslahatlaşylan meseleler, gazanylan ylalaşyklar we
kesgitlenen wezipeler barada pikir alyşdy.
Jon Riz
Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň ýokary derejede
geçendigini hem-de onuň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň netijeli häsiýete eýe
bolandygyny aýratyn nygtady. Bellenilişi ýaly, ABŞ-nyň işewür düzümleriniň
wekilleri bu saparyň netijelerine ýokary baha berdiler.
Milli
Liderimiz amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalarynyň ähmiýetlidigine ünsi çekip,
ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine daýanýan daşary syýasaty alyp
barýandygyny, şunda Türkmenistanyň özara bähbitli, birek-birege hormat goýmak
we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi.
Pikir alyşmalaryň dowamynda geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça gazanylan
ylalaşyklary ýokary derejede ýerine ýetirmegiň meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda we
Arkadag şäherinde golf meýdançalarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini
aýdyp, bu babatda özara tejribe alyşmagyň meselelerine ünsi çekdi.
Jon Riz
Milli Liderimiz bilen bolan duşuşykdan soňra, Türkmenistanda golf meýdançasyny
gurmagyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilendigini
habar berdi. Bellenilişi ýaly, Hazar deňziniň kenarynda guruljak golf toplumy
sportuň bu görnüşine höwes edýän ýaşlar üçin niýetlenen iki sany meýdançany öz
içine alar. Olaryň birinde özara bäsleşikleri guramak mümkinçiligi üpjün
ediler. Bu meýdançada golf klubunyň agzalary dürli türgenleşikleri geçirip
bilerler we onda halkara ýaryşlary guramak babatda mümkinçilikler dörediler.
Kaşaň myhmanhanalary, şypahanany, ajaýyp akwoparky özünde jemleýän gözel
Awazanyň çäginde golf meýdançalarynyň gurulmagy bu künjegiň Merkezi Aziýada
ähmiýetli şypahana zolagy hökmündäki derejesini has-da pugtalandyrar.
Duşuşygyň
dowamynda Arkadag şäheriniň tebigy aýratynlyklarynyň golf meýdançasyny gurmak
üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýändigi bellenildi. Munuň özi bu ugur
boýunça gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejesine çykmagyny üpjün eder. Mälim
bolşy ýaly, “Nicklaus Companies” kompaniýasy 50 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda
dünýä derejeli golf meýdançalarynyň 450-den gowragyny gurdy. Olar ABŞ-nyň
ştatlarynyň 40-synda, ýurtlaryň 50-sinde işjeň hereket edýär. Munuň özi dünýäde
golf sportunyň ösdürilmegine goşulan mynasyp goşantdyr. Türkmenistanda bu
görnüşiň işjeň ösdürilmegi ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan
ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki sport abraýyny has-da belende göterer.
Gahryman
Arkadagymyz Türkmenistanda ýokary netijeli sportuň, dynç alyş ulgamynyň we
syýahatçylygyň ösdürilmeginiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini
belledi. Duşuşygyň ahyrynda Milli Liderimiz we Jon Riz geçirilen duşuşyklaryň
netijeli häsiýete eýe bolandygyny aýdyp, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan
etdiler hem-de bu duşuşygyň täze başlangyçlara badalga bolandygyny nygtadylar.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen
Ştatlaryna saparyny tamamlap, dostlukly ýurduň Halkara howa menziline geldi we
bu ýerden ugrady. Birnäçe sagatdan Gahryman Arkadagymyz Germaniýa Federatiw
Respublikasyna bardy we bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi.
Iş
maslahaty hormatly Prezidentimiziň 13-nji fewralda geçirilen Ministrler
Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi
mynasybetli, şeýle hem behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da
belende götermek maksady bilen gol çeken Karary esasynda geçirildi. Onda
2026-njy ýylda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçiriljek çäreleriň ýokary
guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar 2026-njy
ýyl üçin möhüm maksatlary özünde jemleýär. Çünki ýelden ýüwrük ahalteke
bedewleri Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň, ösüşiň täze belentliklerine tarap
ynamly gadamlarynyň, halkymyzyň tutanýerli zähmetiniň nyşanydyr. Gündogar
müçenamasynda ýylky ýyly güýç-kuwwaty, asyllylygy, öňde goýlan maksatlara
ýetmek üçin tutanýerli erki aňladýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
toý-baýramlaryň bezegine öwrülen bedewleriň halkymyzyň durmuşynda möhüm orun
eýeleýändigini aýdyp, pederlerimiziň, ussat seýisleriň tagallasy bilen dünýäde
deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň ösdürilip ýetişdirilýändigini belledi.
Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň döredijilik zehininiň we tebigat bilen
sazlaşygynyň ýokary nusgasydyr. Halkymyzyň milli buýsanjydyr. Şoňa görä-de,
halkymyz «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar», «Aty baryň ganaty bar»
diýmek bilen, öz behişdi bedewlerine uly sarpa goýýar.
Iş
maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejepow türkmen-german
gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk dürli ugurlar boýunça
yzygiderli ösdürilýär. Germaniýa Türkmenistanyň Ýewropa sebitinde esasy
söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýewropa ýurtlary bilen özara
gatnaşyklaryň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biridir.
Şeýle hem
ilçi behişdi bedewlerimizi wagyz etmek, ahalteke atlarymyzyň geçiriljek halkara
ýaryşlara gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat
berdi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz 2026-njy ýylyň 11 — 23-nji
awgusty aralygynda Germaniýanyň Aahen şäherinde geçiriljek «FEI World
Championship 2026» çempionatyna, sentýabrda Niderlandlar Patyşalygynda boljak
ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigine, Fransiýada, Beýik Britaniýada
geçiriljek at bilen bagly çärelere gatnaşmagy gazanmagyň we olara ýokary
derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, degişli ýolbaşçylara
maslahatlaryny berdi. “Häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup
ulanmaga berlen atçylyk toplumlary, aýlawlar, ahalteke bedewleriniň arassa
ganlylygyny gorap saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak, bedewleri çapyşyklara
taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan işler ýokary halkara görkezijilere laýyk
gelýär” diýip, Milli Liderimiz nygtady.
Iş
maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öňde boljak
çäreleriň ýokary guramaçylykda geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny aýtdy.
Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny belleýän Türkmenistanyň
dünýäniň syýasy giňişligindäki abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagyny,
ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň has-da artmagyny üpjün eder. Şu maksat
bilen, ähli meýilleşdirilen çäreleriň anyk maksatnamalarynyň
taýýarlanylmalydygyny, her bir çäräniň döwrebap derejede geçirilmelidigini
aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu babatda degişli düzümleriň bilelikdäki
tagallalarynyň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.
Gahryman
Arkadagymyz iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden Watanymyza ugrady. Birnäçe sagatdan soňra,
türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline
geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy.
Umuman,
Milli Liderimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran sapary netijeli
we işjeň geçen duşuşyklara, gepleşiklere baý boldy. Munuň özi Türkmenistanyň
dünýäniň dürli ýurtlary bilen birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda
ýola goýulýan gatnaşyklar üçin açykdygynyň aýdyň güwäsidir. Bu saparyň jemleri
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda täze möhüm
sahypany açar.