milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiziň adyndan harby we hukuk goraýjy edaralara döwrebap awtoulaglar sowgat berildi
Hormatly Prezidentimiziň adyndan harby we hukuk goraýjy edaralara döwrebap awtoulaglar sowgat berildi
2 gün öň 159 Habarlar

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tarapyndan ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna merdana ýurt goragçylarynyň hünär baýramy mynasybetli köp sanly döwrebap awtoulaglar gowşuryldy. Ýokary ruhubelentlige beslenen bu dabara harby gullukçylaryň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi.

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Döwlet baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen, täze tehnikalary hem-de tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, döwrebap awtoulaglary satyn almagyň hasabyna ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Bu işler harby gullukçylarda eziz Watanymyza söýgini we harby hünäre höwesi artdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Täze awtoulaglary özboluşly baýramçylyk sowgady hökmünde kabul eden harby gullukçylar döredip berýän şeýle giň mümkinçilikleri, Watan goragçylary babatda edýän çäksiz aladalary üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza köp sagbolsun aýtdylar.