milli goshun logo
Iň kämil göçme dolandyryş enjam
Iň kämil göçme dolandyryş enjam
26.10.2023 627 Tehnologiýa

Geljekde Northrop Grumman— NGHTS kompaniýasy täze nesil göçme dolandyryş ulgamyny dolanşyga hödürlär. Bu ösen «akylly» enjam indi dört aýry enjam tarapyndan ýerine ýetirilen funksiýalary bir özi ýerine ýetirýär. Enjamyň umumy agramy 4,5 kg deňdir. Enjam günüň islendik wagtynda, islendik ýagtylykda, garaňkylykda, dumanda, aşa temperaturada, güýçli yrgyldylarda we dürli beýiklikdäki üýtgeşmelerde hem täsirli işläp bilýär. NGHTS enjamy bilen deňiz güýçlerine, artilleriýa we raketa zarbalaryna ýolbaşçylyk etmek, harby gämileriň işleýşini goldamak we uzak aralyklarda lazer bilen nyşanalary ýagtylandyrmak üçin koordinatlar bellemek ýaly wezipeleri ýerine ýetirilip bilner.