Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar
Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar
toplumlary açylyp ulanmaga berildi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we
talyp ýaşlar gününe gabat gelen bu şanly wakalar milli bilim ulgamyny dünýäniň
öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny
berkitmek ugrunda giň gerimli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň
nobatdaky beýany boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek
boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
mynasyp dowam etdirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
milli tejribeleriň dünýäniň öňdebaryjy gazananlary bilen utgaşdyrylmagy
esasynda bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalary
üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň özi bilim ulgamyny halkara derejede
kämilleşdirmäge, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmaga, ösüp gelýän ýaş nesli milli
hem-de umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemäge, olara döwrebap bilim
bermäge itergi berýär.
Bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ýurdumyzyň
yzygiderli ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýar geljegini kesgitleýän möhüm
şertleriň biridir. Türkmenistanda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň
mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek
boýunça çäreler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary bilim ulgamynyň
kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň
dürli pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleriň kemala getirilmegine
gönükdirilendir. Häzirki wagtda Diýarymyzyň ýokary okuw mekdepleri diňe bir
döwrebap bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary we hünärmenleri taýýarlamak üçin
talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw merkezleri bolmak bilen çäklenmän, olar
jemgyýetimiziň aň-bilim, medeni-ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň durmuş-ykdysady
abadançylygynyň hem ygtybarly binýady bolup durýar.
...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar
toplumynyň öňündäki meýdança geldi. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly
ruhubelentlik bilen garşyladylar. Bu ýerde talyp ýaşlaryň aýdym-sazly çykyşlary
ýaýbaňlandyryldy. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýörite taýýarlanylan
münbere barýar.
Hormatly Prezidentimiz hemmeleri mähirli mübärekläp,
Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda
ýurdumyzyň her bir gününiň täze taryhy wakalara beslenýändigini, şu günem
Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň binalar toplumlarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga
berilýändigini aýtdy we dabara gatnaşyjylary, mähriban halkymyzy Bilimler we
talyp ýaşlar güni, döwrebap bilim ojaklarynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen
tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, ylym we bilim ulgamyny toplumlaýyn
ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak biziň durmuşa geçirýän döwlet
syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de
ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça maksatnamalaýyn
işler amala aşyrylýar. Garaşsyz ýurdumyzda ylmyň iň soňky gazananlaryny bilim ulgamyna
ornaşdyrmaga, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, bu ugurda halkara
hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär.
“Ýurdumyzda döwrebap bilim edaralarynyň binalaryny
gurmak boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Şu gün paýtagtymyz Aşgabat şäherinde,
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde institutlaryň täze binalar toplumynyň
açylyp ulanmaga berilmegi Diýarymyzda bilim özgertmeleriniň giňden
rowaçlanýandygyny görkezýär” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şu
gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde häzirki zaman orta mekdepleriniň we çagalar
baglarynyň birnäçesi açylyp ulanmaga berilýär. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek
gadam basýan körpelerimize bolsa ýadygärlik sowgat — «Bilimli» atly
kompýuterler gowşurylýar. Bularyň ählisi bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp
barylýan işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň gurluşyk we senagat
toplumy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk institutyna uly ornuň degişlidigini belläp, Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan bina edilen 5 müň
orunlyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň
häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýändigini aýtdy.
“Bu bilim ojagy 13 gatdan ybarat bolan baş binany, 8
fakulteti we 28 sany kafedrany, kitaphanany, mejlisler zalyny özünde jemleýär.
Institutyň okuw binalary döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, onda
professor-mugallymlaryň netijeli işlemegi, talyp ýaşlaryň bilim almagy üçin
ähli şertler döredilendir. Şeýle hem häzirki zaman bilim şäherçesinde talyplar
üçin 2 müň 600 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, mugallymlar üçin 2 sany, her biri 40
öýli ýaşaýyş jaýy göz öňünde tutuldy” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz
nygtady hem-de bu döwrebap bilim ojagynda ýokary derejeli binagärleriň,
gurluşykçy inženerleriň, senagatçylaryň kemala geljekdigine berk ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, şu gün açylyp ulanmaga berilýän
bilim ojaklarynyň ýene-de biri Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar
toplumydyr. 5 müň orunlyk bu döwrebap bilim toplumy Türkmenistanyň Senagatçylar
we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan bina edildi. Bu bilim ojagy 5
gatdan ybarat bolan baş binany, 8 fakulteti we 22 sany kafedrany, mejlisler
zalyny, kitaphana binasyny özünde jemleýär. Täze institutyň binalary häzirki zaman
enjamlary bilen üpjün edildi. Ol ýerde professor-mugallymlaryň bilim işini
has-da döwrebap guramagy, talyp ýaşlarymyzyň ýokary hilli bilim almagy üçin
ähli amatly şertler döredildi. Bu ýerde talyplar üçin 2 müň orunlyk umumy
ýaşaýyş jaýy göz öňünde tutuldy. Şeýle-de sport bilen meşgullanmak we medeni
çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Meşhur türkmen şahyry Seýitnazar
Seýdiniň adyny buýsanç bilen göterýän bilim ojagynyň täze binalar toplumy
geljekde hem kämil mugallymlaryň, bilim işgärleriniň täze neslini kemala
getirmäge hyzmat eder.
“Häzirki döwürde watansöýüji, ruhubelent ýaşlarymyz
kemala gelýär. Bu ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik
geljegidir” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de ýaşlarymyzyň okamak,
öwrenmek we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Diýarymyzyň şan-şöhratyny has-da
belende göterjekdiklerine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz hemmeleri «Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenýän
Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň binalar toplumlarynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs
ýürekden gutlap, berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, işlerinde we okuwlarynda uly
üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy ýörite gurnalan monitorda
sanly ulgam arkaly Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi
adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň
açylyş dabarasyna gatnaşyjylara hem görkezildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
çykyşy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.
Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly
Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
täze binalar toplumynyň açylyş toý bagyny kesdi. Şol pursatda dürli reňkdäki
şarlar asmana uçuryldy. Soňra döwlet Baştutanymyz institutyň täze binalar
toplumynda döredilen şertler bilen tanyşdy.
Institutyň eýwanynda ýörite gurnalan monitoryň üsti
bilen täze binalar toplumy barada maglumat berildi. Institutyň umumy meýdany
32,2 gektara barabar bolup, döwrebaplygyň we milli äheňleriň sazlaşygyny özünde
jemleýär. Bu ýokary okuw mekdebiniň dolandyryş bölümleri üçin niýetlenen baş
binasynyň depesinde binagärlik hem-de inženerçilik senediniň baş nyşany bolan
sirkulyň we ölçeg guralynyň şekili ýerleşdirilipdir. Munuň özi hormatly
Prezidentimiziň başda durmagynda üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk
maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen döwrebap sazlaşygy
emele getirýär. Täze binalar toplumynda institutyň professor-mugallymlarynyň
okuw işini has-da döwrebap alyp barmaklary, talyplaryň bolsa dünýä
standartlaryna laýyklykda ýokary hilli bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin ähli
amatly şertler döredilipdir.
Talyplar ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy,
ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler,
şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar
toplumynyň gurlup ulanmaga berlendigi üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman
Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiz aýdym-sazly çykyşlara
tomaşa etdi. Soňra döwlet Baştutanymyz institutyň mejlisler zalyna bardy we bu
ýerde sanly ulgam arkaly Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda Hormatly il ýaşulusy
E.Talipow Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan institutyň täze binalar toplumynyň
açylyş dabarasyna ak pata bermegini haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz institutyň
täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna ak pata berdi.
Dabara gatnaşýan hormatly ýaşulular toý bagyny
kesdiler. Soňra Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynda döredilen şertler bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi.
Täze binalar toplumynyň meýdany 26 gektara golaý
bolup, bu ýerde talyp ýaşlar, professor-mugallymlar, hünärmenler üçin zerur
bolan ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Institutyň täze binalar toplumy baş
binany, mejlisler zalyny, okuw binalaryny, müň orunlyk naharhanany,
kitaphanany, ähli amatlyklary bolan 2 müň orunlyk 6 sany umumy ýaşaýyş jaýyny,
sport meýdançalaryny hem-de beýleki tehniki desgalary öz içine alýar. Bilim
ojagynyň täze binalar toplumynyň okuw otaglaryna kämil sanly tehnologiýalar
ornaşdyrylypdyr. Okuw binalarynda talyplaryň ylmy-barlag işlerini alyp
barmaklary üçin onlarça tejribehana otagy hereket edýär. Olar himiýa,
biologiýa, fizika, zähmet we tehnologiýalaryň esaslary, defektologiýa ýaly
beýleki ugurlara degişli tejribehanalar bolup, döwrebap tehnologiýalar bilen
üpjün edilendir.
Bu ýerde taryh, arheologiýa we etnografiýa, ösümlik,
haýwanat dünýäsi muzeýleri hereket edýär. Muzeýlerde ýurdumyzyň baý medeni
mirasy, taryhy-medeni ýadygärlikleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi, sanly bilim
ulgamy, ýokary okuw mekdebiniň taryhy barada maglumat berýän eksponatlar
ýerleşdirilipdir. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň täze binalar toplumynda 1 milliona çenli kitaby saklamaga
niýetlenen döwrebap kitaphana binasy bolup, ol 700 orunlyk okalga zalyndan, 100
orunlyk elektron kitaphanadan ybarat. Institutyň kitaphanasynda okuw
kitaplarynyň, ylmy, ylmy-köpçülikleýin we çeper edebiýatlaryň baý gorunyň, täze
okuw neşirleriniň, olaryň elektron göterijilerdäki nusgalarynyň bolmagy
talyplaryň ähli zerur okuw-usuly, ylmy maglumatlar bilen üpjün edilmeginde
hem-de berilýän bilimiň has içgin özleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
Institutyň täze binalar toplumyndaky sport binasy,
sport meýdançalary dünýä standartyna laýyk gelmek bilen, bu ýerde futbol
meýdançasy, woleýbol, basketbol üçin ýörite sport zallary hem-de beýleki sport
desgalary ýerleşýär.
Soňra Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
täze binalar toplumyna halkara güwänamalary gowşurmak dabarasy boldy. lki
bilen, «Cert International» halkara guramasynyň wekili Marat Habibuline söz
berildi.
Ol hormatly Prezidentimizi we dabara gatnaşyjylary
mübärekläp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň
açylyş dabarasyna gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy we «Cert
International» guramasynyň adyndan instituta ISO-nyň 5 sany halkara standartyna
laýyklyk güwänamalaryň gowşurylýandygyny aýtdy. Munuň özi institutyň ýokary
derejesini tassyklap, täze binalar toplumy bilim, ylym, sanly tehnologiýalar,
halkara hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar. Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk instituty Türkmenistanda we GDA ýurtlarynda bir wagtda şu
bäş halkara standart boýunça sertifikatlaşdyrylan ilkinji ýokary okuw
mekdebidir.
Soňra M.Habibulin döwrebap bilim ojagynyň täze binalar
toplumynyň hil dolandyryş ulgamyna degişli ISO 9001:2015 halkara standartyna;
daşky gurşawy dolandyrmak ulgamyna degişli ISO 14001:2015 halkara standartyna;
zähmet howpsuzlygy we saglygy goramak dolandyryş ulgamyna degişli ISO
45001:2018 halkara standartyna; bilim guramalary üçin dolandyryş ulgamyna
degişli ISO 21001:2018 halkara standartyna; maglumat howpsuzlygyny dolandyrmak
ulgamyna degişli ISO 27001:2022 halkara standartyna laýyk gelýändigini
tassyklaýan halkara güwänamalary gowşurdy.
Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş
maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýana söz berildi.
Ol hemmeleri bu şanly waka bilen gutlap, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň
Türkmenistanyň köpýyllyk ygtybarly hyzmatdaşydygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, Ösüş maksatnamasynyň hünärmenleri
institutyň alymlary we hünärmenleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edip, innowasion
hem-de ekologik taýdan netijeli tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ýardam
berdiler. Institutyň täze binalar toplumyna döwrebap ekologik standartlara
hem-de durnukly ösüş ýörelgelerine laýyk gelýändigini tassyklaýan abraýly
halkara güwänamalaryň gowşurylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Bu toplum diňe bir
döwrebap okuw meýdançasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, geljekki binagärleri,
inženerleri we gurluşykçylary taýýarlaýan ylmy-tejribe binýadydyr.
Hanym Narine Saakýan pursatdan peýdalanyp, durnukly
ösüş ýörelgelerine ygrarlylygy, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy
üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallygyny beýan etdi hem-de energiýa
netijeliligi boýunça “ýaşyl” güwänamany; suw tygşytlaýjy tehnologiýalar boýunça
“ýaşyl” güwänamany; talyp ýaşlary durnukly energetikany ösdürmäge çekmek
boýunça “ýaşyl” güwänamany; suw serişdelerini tygşytlamak we dolandyrmak
boýunça güwänamany; energiýa netijeliligi we monitoring boýunça güwänamany;
şeýle hem bilim we hünär başarnyklaryny artdyrmak boýunça güwänamany gowşurdy.
Soňra «Pearson VUE» kompaniýasynyň «Certiport» bölüminiň
dolandyryjy direktory Kenworti Taý Jozefe söz berildi. Ol bu dabara gatnaşmagyň
özi üçin uly hormatdygyny belläp, wekilçilik edýän düzüminiň adyndan döwrebap
bilimi, sanly tehnologiýalary hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän uly
ünsi üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan etdi.
“Şu gün biz Türkmenistanda bilim mümkinçiliklerini
giňeltmekde möhüm ädimiň şaýady bolýarys. Ýokary okuw mekdebine «Certiport»
tarapyndan ygtyýarlandyrylan halkara synag merkeziniň derejesi berilýär. Bu bolsa
instituta «Certiport» halkara güwänamasyna laýyklykda synaglary geçirmäge we
talyplardyr hünärmenlere öz hünär hem-de sanly başarnyklaryny halkara ykrar
edilen standartlar boýunça tassyklamaga mümkinçilik döreder” diýip, myhman
belledi hem-de institutda «Certiport» tarapyndan ygtyýarlandyrylan halkara
synag merkeziniň (Certiport Authorized Testing Center) döredilendigi baradaky
güwänamany gowşurdy.
Halkara güwänamalary gowşurmak dabarasy tamamlanandan
soňra, hormatly Prezidentimiz institutyň okuw binasynyň ýokary hilli, döwrebap
enjamlar bilen üpjün edilen okuw otaglary bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, binagärlik we
seýsmika durnukly gurluşyk-barlag tejribehanasyna geldi. Bu ýerde institutyň
mugallymy hem-de talyplary hormatly Prezidentimizi döwrebap enjamlar bilen
tanyşdyrdylar. Bellenilişi ýaly, tejribehanada Italiýanyň «Moho», «Sara
Electronic Instruments» kompaniýalarynyň ýertitremeler we seýsmiki gözlegler
üçin enjamlary, Şweýsariýanyň «Leica» kompaniýasynyň ýokary takyklykdaky geodezik
ölçegleri geçirmek üçin enjamlary, Türkiýäniň «UTEST» kompaniýasynyň gurluşyk
serişdeleriniň, boýaglaryň, betonlaryň galyňlygyny ölçemek üçin niýetlenen
enjamlary ýerleşdirilipdir.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyz «Motion Systems
PS-6TM-550» enjamynyň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy.
Nygtalyşy ýaly, bu enjam binagärlik, gurluşyk
inženerçiligi, seýsmiki barlaglar üçin niýetlenen ýokary takyklykly döwrebap
synag meýdançasydyr. Ol tejribehanalarda hakyky ýertitremeleriň yrgyldylarynyň
täsirini döretmekde, binalaryň durnuklylygyny barlamakda ulanylýar. Enjamyň
üstünde iki sany dürli gurluşyk usuly we binagärligi taýdan tapawutlanýan jaýyň
kiçeldilen nusgalary ýerleşdirilip, hakyky ýertitremeleriň yrgyldylary emeli
usulda döredilip, olaryň durnuklylygy synagdan geçirilýär. Synag pursadynda
jaýlaryň göteriji sütünlerindäki ýörite duýujy gurallar arkaly alynýan yrgyldy
hem-de beýleki maglumatlar sanly ulgama geçirilýär we ýörite programma
üpjünçiligi arkaly 3D görnüşde göni ekrana çykarylýar. Netijede, ýertitremeleriň
täsirleri tejribäniň üsti bilen anyklanylýar.
Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz tejribehanada
ornaşdyrylan «Sara Electronic Instruments» kompaniýasynyň önümi bilen tanyşdy.
Bellenilişi ýaly, bu enjamlar toplumy ýertitremeleri hasaba almak, möhüm desgalaryň
yrgyldy ýagdaýyny uzak möhletleýin gözegçilikde saklamak, seýsmiki monitoringi
alyp barmak üçin niýetlenendir. Bu toplumyň ýokary duýgur sensorlary ýeriň,
desgalaryň has ujypsyz yrgyldylaryny hem ýazga alyp, olary sanly görnüşde
seljermäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, bu enjam binalaryň, köprüleriň,
önümçilik desgalarynyň, beýleki wajyp gurluşlaryň ýagdaýyny yzygiderli
gözegçilikde saklaýar.
Institutyň mugallymy we talyplary Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumyny gurduryp berendigi üçin
Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz talyplary institutyň täze
binalar toplumynyň açylmagy bilen gutlady hem-de elektromehanika
tejribehanasyna bardy.
Bu ýerde talyplar maşyn gurluşygy, elektroenergetika,
önümçiligi awtomatlaşdyrmak ýaly ugurlar boýunça tejribe işlerini alyp
bararlar. Tejribehanada ýerleşdirilen döwrebap enjamlar arkaly elektrik
ulgamlaryň, hereketlendirijileriň, dolandyryş enjamlarynyň işleýşi öwrenilýär,
dürli synaglar geçirilýär. Bu ýerde Kanadanyň «CM LABS» kompaniýasynyň agyr
tehnikalary, gurluşyk mehanizmlerini dolandyrmagy öwretmek üçin niýetlenen
döwrebap interaktiw okuw türgenleşik enjamy ornaşdyrylypdyr. Bu enjamda 10-a
golaý dürli gurluşyk tehnikasynyň işleýiş maksatnamalary ýerleşdirilýär. Enjam
agyr gurluşyk tehnikalaryny ýa-da ulaglary sanly gurşawda howpsuz dolandyrmagy
öwretmekde ulanylýar. Bu türgenleşik enjamyň kömegi bilen talyplar gurluşykda
ulanylýan tehnikalaryň dolandyryş panellerini dogry we takyk peýdalanmagy, ýer
tekizlemek, ýer gazmak, ýük götermek ýaly işleri has takyk, ýokary hilli ýerine
ýetirmegi öwrenerler. Tejribehanada kebşirleýji hünärmenleri taýýarlamak üçin
Ispaniýanyň «Seabery» kompaniýasynyň «Soldamatic» wirtual simulýator enjamy
ulanylýar. Bu enjam “AR” tehnologiýasyna esaslanýan kebşirleme işlerini
okatmaga niýetlenen häzirki zaman ulgamydyr. Ol wirtual ulgamda dürli
kebşirleme seplerini emele getirip, işiň gidişini wirtual esasda bahalandyrmaga
mümkinçilik berýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz Germaniýanyň «Lucas Nülle»
kompaniýasynyň synagdan geçirmek üçin taslama enjamlarynyň toplumy bilen
tanyşdyryldy. Bu enjamlar toplumy «CRK 11 Kuka» senagat roboty bilen üpjün
edilendir. Toplum mehatronik synag stansiýasy arkaly giňişleýin barlag işlerini
ýerine ýetirýär. Dürli sensorlar enjamda ýerleşdirilen taýynçanyň düzümini
barlaýar ýa-da synagdan geçirýär. Synagyň netijeleri ýörite işlenip düzülen
«Profinet» ulgamy arkaly robota iberilýär. Synagyň netijelerine baglylykda,
robot degişli hereketleri etmäge ukyplydyr.
Talyplar ähli mümkinçilikler döredilen täze ýokary
okuw mekdebini gurduryp berendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs
ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz mugallymlary we talyplary
täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de umumy himiýa
tehnologiýasy tejribehanasyna baryp, bu ýerde döredilen mümkinçilikler bilen
tanyşdy.
Tejribehanada Germaniýanyň öňdebaryjy «Spectro»
kompaniýasy tarapyndan öndürilen, rentgen flýurosent derňewi üçin niýetlenen
«Spectrocube» enjamy ornaşdyrylypdyr. Bu enjam rentgen şöhleleriniň kömegi
bilen barlanylýan nusganyň düzümindäki himiki elementleriň mukdaryny ýokary
takyklykda kesgitleýär. Barlaga başlamazdan ozal, barlanylýan sement nusgasy
100 mikrondan kiçi bolan bölejiklere çenli owradylýar. Taýýar bolan nusga
ýörite gapjagazda enjama ýerleşdirilýär we barlanylýar. Barlagyň netijesinde
sement nusganyň düzümindäki Ca, Si, Fe, Al ýaly elementleriň mukdary ýokary
takyklykda kesgitlenilýär. Netijeler kompýuteriň ekranynda görkezilýär.
Tejribehanada hormatly Prezidentimiz Ýewropanyň öňdebaryjy
kompaniýalarynyň enjamlary arkaly geçirilýän derňewler bilen hem tanyşdyryldy.
Bu ýerde ýokary hilli gaz hromatogram enjamy, ştangenserkul enjamy, HPLC suw
hromotograf enjamlary ýerleşdirilipdir. Bu enjamlar talyplara himiki
garyndylary, olaryň düzümini iň kiçi mikrolitr ölçeginde kesgitlemäge
mümkinçilik berýär. Bu bolsa talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini
önümçilikde özleşdirmeklerine şert döredýär.
Talyp ýaşlar ähli mümkinçilikler döredilen täze ýokary
okuw mekdebini gurduryp berendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden
hoşallyklaryny beýan etdiler.
Döwlet Baştutanymyz talyplara okuwlarynda uly
üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimize Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň adyndan
ajaýyp türkmen halylary sowgat berildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz
institutlaryň Hormatly myhmanlarynyň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk institutyna täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Institutyň rektory Şa serpaýy üçin hormatly
Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyza berk
jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara
beslenmegini arzuw etdi.
Ministrler Kabinetiniň agzalary Arkadagly Gahryman
Serdarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni, Türkmen
döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen
döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyp ulanmaga
berilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, halkymyzyň abadançylygynyň
bähbidine alyp barýan işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz ýokary okuw mekdepleriniň täze
binalar toplumlarynyň açylmagy bilen hemmeleri ýene-de bir gezek gutlady we
olara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata
bermegi bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi
adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň
açylmagy ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe ajaýyp
toý sowgady bolup, bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça
durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky
aýdyň beýanyna öwrüldi.
* * *
Şu gün hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen
açylyp ulanmaga berlen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutyna halkara güwänamalary gowşurmak dabarasy boldy.
Şolaryň hatarynda innowasion pedagogikany durmuşa
ornaşdyrýandygy üçin Russiýa Federasiýasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet
mugallymçylyk uniwersitetiniň güwänamasy; Türkmenistanda mugallymçylyk ugrundan
hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmaga hem-de bilim ulgamynda
innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga goşan uly goşandy üçin “Geljege goşant”
atly howandarlyk gaznasynyň güwänamasy; Türkmenistanda durmuş ulgamynda bilimi
ýokarlandyrmaga we inklýuziw bilimi ösdürmäge goşan aýratyn goşandy hem-de
hyzmatdaşlygy üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň
güwänamasy; täze, döwrebap binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berlendigi üçin
ÝUNESKO-nyň Bilimde maglumat tehnologiýalary institutynyň Minnetdarlyk haty;
ÝUNESKO-nyň Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň agzalyk güwänamasy bar.
Güwänamalary gowşurmak dabarasyndan soňra, instituta
hormatly Prezidentimiziň adyndan awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy.
* * *
Şu gün Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli toý sadakalary berildi.