Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan
Halkara pediatriýa merkeziniň desgalar toplumynda alnyp barylýan işler bilen
tanyşdy. Munuň özi ýurdumyzda ynsan saglygynyň berkidilmegi, aýratyn-da,
çagalaryň saglygy we olaryň sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň
döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegi,
ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleriniň artdyrylmagy we hiliniň
ýokarlandyrylmagy, şunda ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdynlygynyň üpjün
edilmegi möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu bolsa lukman Arkadagymyzyň
saglygy goraýyş ulgamynda ýaýbaňlandyran giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini
görkezýär.
...Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda Gahryman
Arkadagymyzyň gatnaşmagynda gurluşygyna badalga berlen Halkara pediatriýa
merkeziniň binalar toplumynyň ýanyna geldi. Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministri M.Gaýypow Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzümine girýän
Halkara pediatriýa merkezinde alnyp barylýan işler, merkeziň bölümleriniň
enjamlaşdyrylyş derejesi, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy barada
hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35
ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty
işgärleriniň hünär baýramçylygynda açylmagy meýilleşdirilýän Halkara pediatriýa
merkeziniň binalar toplumynyň gurluşyk işlerini synlap, bu ýerde görkezilen
taslamalar, binanyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hem-de merkeziň otaglarynyň
enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Taslamalaryň hatarynda pediatriýa merkeziniň
baş meýilnamasy, umumy görnüşi, merkeziň otaglarynda oturdylan enjamlaryň
görnüşleri, kliniki barlaghanalar, operasiýa we ýatymlaýyn otaglaryň
görnüşleri, mejlisler zaly, çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançasy, ugurdaş
desgalar bar. Aýratyn-da, bölümlerde oturdylýan enjamlaryň görnüşleri şekil
taslamalarynda möhüm orny eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiz merkeziň çagalar üçin
niýetlenendigini nazara alyp, onuň binalarynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň
dünýäsine mahsus şertleriň döredilmelidigini belledi we taslamalar babatda
birnäçe belliklerini aýdyp, degişli düzedişleri girizdi. Häzirki döwürde
halkara ülňülere doly laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň gurulmagyna we
olaryň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini
nygtap, döwlet Baştutanymyz bu işlerde halkara tejribä, häzirki zaman ylmynyň
gazananlaryna esaslanmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Halkara pediatriýa
merkeziniň desgalarynyň gurluşygy, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy,
binalaryň bezeg aýratynlyklary, enjamlaşdyrylyşy barada maglumat berýän
taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, merkeziň otaglarynyň
sanlylaşdyrylmagyna zerur üns berilmelidigini belledi. Merkez 5 gatdan ybarat
bolup, ol 3 ýaşdan ýokary bolan çagalara lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge
niýetlenendir. Onda ýola goýuljak lukmançylyk hyzmatlaryny dünýäniň öňdebaryjy
klinikalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda
hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli
ulgamlarynda, şol sanda saglygy goraýyşda uly üstünlikler gazanylýar.
Taslamalar bilen tanyşlygyň barşynda döwlet
Baştutanymyz täze gurulýan merkeziň işiniň maslahat beriş, anyklaýyş-bejeriş
derejesiniň ýokary bolmalydygyny belläp, bu ýerde işlejek lukmanlaryň hünär
derejesini kämilleşdirmek, lukmançylyk hyzmatlarynda emeli aňyň
mümkinçiliklerini we sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak meselelerine möhüm
ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş
ulgamynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulandygyny
nygtap, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli
çemeleşilmelidigini aýtdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Halkara pediatriýa
merkeziniň şekil taslamalary we çyzgylary bilen tanyşlykdan soňra, onuň
maslahat beriş, anyklaýyş, bejeriş, ýatymlaýyn otaglary bilen içgin tanyşdy.
Merkeziň maslahat beriş otagynda çagalaryň dünýäsini baýlaşdyrjak dürli
bezegler bolup, olaryň körpelerde uly gyzyklanma döretjekdigi bellenildi.
Anyklaýyş bölüminde birnäçe ugurlar bolup, olar funksional hem-de şöhle bilen
anyklaýyş ýaly ugurlary öz içine alýar. Şeýle-de bu ýerde endoskopiýa
barlaglaryny geçirmek üçin dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman
enjamlary ornaşdyryldy. Munuň özi emeli aňyň üsti bilen maglumatlary tiz we
anyk kabul etmäge şert döreder. Döwlet Baştutanymyz ähli ugurlarda bolşy ýaly,
saglygy goraýyş ulgamynda, şol sanda çagalaryň saglygyny dikeltmekde emeli aňyň
mümkinçiliklerinden we sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanylmalydygyna
ünsi çekip, merkeziň otaglarynda gurnalan enjamlaryň netijeli, uzak möhletleýin
esasda ulanylmagy babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz bejeriş bölüminiň özboluşly
aýratynlyklary bilen hem tanyşdy. Bu ýerde çagalaryň saglygyny dikeltmek,
degişli bejeriş işlerini ýerine ýetirmek, operasiýalary geçirmek üçin ähli
zerur şertler bar. Bölümde sanly rentgen, intensiw bejeriş otaglary bolup, olar
häzirki zamanyň ösen tejribelerine laýyklykda enjamlaşdyrylypdyr. Şeýle hem bu
ýerde sanly ulgamyň kömegi bilen dürli şekiller görkezilýär. Bu bolsa çagalaryň
saglygyny dikeldýän pursatlarynda olaryň ünsüni sowmaga, bejergi işlerini rahat
hem-de amatly ýagdaýda geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu bölümde ulanyljak
enjamlar emeli aň tehnologiýasy arkaly maglumatlary takyk we tiz almaga, anyk
çözgüdi dessin kabul etmäge şert döredýär. Şeýle-de bu enjamlaryň bejerijilik
häsiýetiniň ýokarydygyny aýratyn bellemeli. Sebitde iň täze hasaplanýan
enjamlaryň netijeli ulanylmagy üçin bölümde işlejek öz işine ussat lukmanlaryň
seçilip alynmagy möhümdir. Bejeriş bölüminde oturdylan monitorlarda otagyň howa
derejesiniň kadaly saklanmagyny üpjün edýän maglumatlar görkezilip, ol
otaglarda islendik wagtda kada laýyk howanyň saklanmagynda wajyp ähmiýete
eýedir.
Operasiýa bölüminde gurnalan monitorda ähli bölümler
bilen onlaýn aragatnaşyk ýola goýulýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman
senagaty ministri bu bölümde wideoaragatnaşyk arkaly beýleki degişli
bölümlerden zerur maglumatlary almak mümkinçiliginiň döredilendigini belläp,
onlaýn aragatnaşygyň zerur maglumatlary dessin we ýokary hilli almaga
mümkinçilik berýändigini, munuň bolsa operasiýalary şowly geçirmekde
ähmiýetlidigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz merkeziň bölümlerinde ýerine
ýetiriljek bejeriş işleriniň elektron maglumatlaryny saklamak meselelerine
aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Munuň özi geçirilen bejergileriň taryhy bilen
islendik döwürde sanly ulgam arkaly tanyşmak mümkinçiligini üpjün eder. Bu
bolsa lukmanlaryň degişli ugurlar boýunça tejribe toplamaklarynda ähmiýetlidir.
Merkeziň operasiýadan soňky dikeldiş işlerini
geçirmäge niýetlenen bölüminde-de ähli zerur şertler döredilipdir. Onda
aýratynlykda gözegçilik etmek hem-de ýokanç keselleriň ýaýramazlygy üçin
talabalaýyk şertler göz öňünde tutulan.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz merkeziň bölümlerinde
alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesinde we anyk netijäni nazarlaýan
görnüşde geçirilmegi bilen bir hatarda, arassaçylyk ýagdaýyna-da möhüm üns
bermegi tabşyrdy. Bölümleriň arassaçylygy, olarda howa çalşygynyň üpjün
edilmegi saglygy goraýyş işgärlerine bildirilýän esasy talaplaryň biri bolup
durýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz merkeziň ýatymlaýyn
otaglary bilen tanyşdy. Bölümiň otaglarynda ýatymlaýyn bejergi alýan çagalar
üçin ýokary derejeli mümkinçilikler üpjün edilipdir. Otaglaryň arassalygy,
olarda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy çagalar üçin ähli amatlyklaryň
elýeterli bolmagyny şertlendirýär. Mundan başga-da, çagalara niýetlenen oýun
meýdançasy bolup, ol ýerde körpeleriň dürli oýunlary oýnap bilmekleri babatda
degişli şertler bar.
Hormatly Prezidentimiz Halkara pediatriýa merkeziniň
bölümleriniň enjamlaryny uzak möhletleýin esasda ulanmak maksady bilen, olary
rejeli peýdalanmak işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini ýene-de
bir gezek belledi. Şol bir wagtyň özünde, lukmanlaryň dünýäniň ösen
tejribesini, ylmyň soňky gazananlaryny işjeň özleşdirmekleri ugrunda ähli zerur
işler ýerine ýetirilmelidir. Bu barada anyk tabşyryklary berip, Arkadagly
Gahryman Serdarymyz binanyň daşyna çykdy we gurluşyk işlerini ýokary hilli
hem-de öz wagtynda tamamlamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz merkeziň açylyş dabarasyna ýokary
derejede taýýarlyk görmekde we kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine
ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.