milli goshun logo
Ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklar işjeňleşdirilýär
Ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklar işjeňleşdirilýär
01.03.2025 191 Habarlar

Düýn – 28-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti hanym Antonella Bassanini kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmekde halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda ykdysady ösüşi goldamak maksady bilen, Türkmenistanyň we Bütindünýä bankynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak, maliýe ulgamyny kämilleşdirmek, hususy pudagy ösdürmek, ekologik durnuklylygy üpjün etmek bilelikdäki işiň esasy ugurlary bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Bütindünýä banky bilen birnäçe möhüm taslamalary durmuşa geçirýändigi bellenildi. Ýurdumyzyň üpjünçilik ulgamlaryny kämilleşdirmek, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bu taslamalaryň esasy maksadydyr.