24.01.2022 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
«Hatyra» kitabynyň täze neşiri çapdan çykdy
«Hatyra» kitabynyň täze neşiri çapdan çykdy
07.12.2021 103 Habarlar

«Hatyra» kitabynyň täze neşiriniň ikinji tomy Balkan welaýatynda önüp-ösen, 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, ýaralanma zerarly hassahanalarda aradan çykan hem-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlandy.

Nesiller üçin gahrymançylykly geçmişi beýan edýän «Hatyra» kitabynyň ikinji neşiri giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan çapa taýýarlanylan kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edildi.