milli goshun logo
Harby gullukçylarymyzyň halkara üstünligi
Harby gullukçylarymyzyň halkara üstünligi
5 sagat öň 26 Habarlar

Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde bu ýurduň «Bilim-orkenieti» Milli innowasiýalar ylmy-barlag merkezi tarapyndan yglan edilen GDA ýurtlarynyň «Iň ökde ýaş alymy» atly halkara bäsleşige ýurdumyzyň harby gullukçylary hem öz ylmy işleri bilen internet arkaly gatnaşdylar. Bäsleşige Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby lukmançylyk fakultetiniň mugallymy, lukmançylyk gullugynyň uly leýtenanty Mämmet Mämmedow «Aral deňzi sebitinde ýaşaýan ilatyň keselçiliginiň epidemiologiýa taýdan aýratynlyklaryny seljermek» atly ylmy işini hödürläp, Merkezi Aziýanyň iň gowy mugallymy we GDA-nyň iň gowy ýaş alymy bäsleşiginiň ýeňijisi boldy, şeýle-de ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň 4-nji ýyl harby talyby Nowruzgeldi Ýamadow «Öt-daş keselli näsaglarda gepatit bilen utgaşanda bejeriş aýratynlyklaryny seljermek» atly ylmy işini hödürläp, GDA-nyň iň gowy ýaş alymy bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi hem-de I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana, şahadatnama we kuboga mynasyp boldylar. Harby gullukçylarymyzyň bu halkara üstünlikleri ýurdumyzda Watan goragçylary hakyndaky çuňňur aladalaryň oňyn netije berýändiginiň subutnamasydyr.