Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän «Arçman» şypahanasyna geldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu
ýerde goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumyny gurmak hem-de käbir
binalary has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Şypahanada ýaýbaňlandyrylan gurluşyk we döwrebaplaşdyryş işleri tamamlaýjy
tapgyrda dowam edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan
— melhemler mekany» atly kitabynda ýerli tebigy çeşmeleriň örän baý
bejeriş mümkinçilikleriniň esasynda şypahana ulgamyny ösdürmek we ýurdumyzyň
halkara derejeli şypahana merkezi hökmündäki ägirt uly kuwwaty beýan edilýär.
Türkmen topragy bejeriş häsiýetli mineral çeşmelere baýdyr. Olaryň ählisi
halkymyzyň hyzmatyna gönükdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz ir bilen türkmen tebigatynyň gözel
künjeginde ýerleşýän «Arçman» şypahanasyna geldi.
Halkymyzyň saglygy baradaky alada hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny
goramak we berkitmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek
häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Şunda şypahana
düzümlerine möhüm ornuň degişlidigini bellemeli.
Bu ýerde saglygy goraýyş we derman senagaty ministri
M.Gaýypow hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryndan we lukman
Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerinden ugur alnyp, şypahanada täze gurulýan binalar
toplumynyň we has-da döwrebaplaşdyrylýan binalaryň häzirki ýagdaýyna, olaryň
üpjünçilik hem-de enjamlaşdyrylyş derejesine degişli taslamalar, ugurdaş
desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.
Görkezilýän taslamalaryň hatarynda 400 orunlyk täze
şypahana binasynyň düýpli döwrebaplaşdyrylýan «A» hem-de «B»
binalarynyň, naharhananyň, fitobaryň we çaýhananyň, 300 orunlyk mejlisler
zalynyň, mineral suw içilýän binanyň, çagalar üçin oýun otaglarynyň, dürli
maşklary ýerine ýetirmäge niýetlenen türgenleşik zalynyň, şypaly suw bilen
bejeriş binasynyň, dört gatly awtoulag duralgasynyň şekilleri bar.
Hormatly Prezidentimiz bu ýerde görkezilýän taslamalar
we binanyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hem-de toplumyň otaglarynda
döredilýän mümkinçilikler bilen içgin gyzyklanyp, olara birnäçe belliklerini
aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde tamamlaýjy
tapgyrda ýaýbaňlandyrylan işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň,
meýilleşdirilen gurluşyklaryň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli berjaý
edilmeginiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini belläp, bu işleriň ýokary
depginde alnyp barylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda anyk
tabşyryklary berdi. Şol bir wagtyň özünde, Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk
toýunyň toýlanylýan ýylynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň
gününde binalar toplumynyň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmek
we ony guramaçylykly geçirmek meseleleri üns merkezinde saklanmalydyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz, beýleki ugurlarda bolşy
ýaly, saglygy goraýyş ulgamyna degişli binalaryň taslamalary taýýarlanylanda
ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Şunda
şypahananyň ähli çäkleriniň abadanlaşdyrylmagy, bu ýerde ýokary ekologiýa
ýagdaýynyň üpjün edilmegi möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan
giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly
baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň saglygy
baradaky alada döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň şypahana
ulgamynyň düzümleriniň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek, onuň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak
meseleleri döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar.
Hormatly Prezidentimiz «Arçman» şypahanasynyň
bejeriş mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, şypahananyň melhem suwly
çeşmesiniň suw gorlaryny mundan beýläk hem ylmy esasda öwrenmek we bu ýerde
işleýän lukmanlaryň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmek babatda birnäçe
tabşyryklary berdi. Şol bir wagtyň özünde, bejeriş ulgamyna sanly
tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.
Soňra hormatly Prezidentimiz gurluşygy tamamlaýjy
tapgyrda alnyp barylýan 400 orunlyk şypahana binasynyň otaglary, olaryň
enjamlaşdyrylyş derejesi we ýatymlaýyn otaglaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.
Binanyň anyklaýyş otaglarynyň hemmesi häzirki zaman
talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede enjamlaşdyrylypdyr.
Bu ýerde lukmanlaryň netijeli işlemegi, şeýle hem saglygyny berkidýän raýatlar
üçin hem ähli amatlyklar döredilýär. Bölümlerde ornaşdyrylan enjamlaryň
dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlarydygyny we olaryň sebitde iň
täzeleridigini bellemek gerek.
Döwlet Baştutanymyz otaglaryň ýokary derejede
enjamlaşdyrylmagynyň, olarda ilata hödürlenýän hyzmatlaryň hiline zerur üns
bermegiň wajypdygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzda ynsan saglygy baradaky
aladanyň, şypahana düzümlerinde saglygy berkitmek, keselleriň öňüni almak
boýunça alnyp barylýan işleriň aýratyn ähmiýetlidiginiň aýdyň beýanydyr.
Şypahana düzümine degişli täze binalary gurmak we
desgalary düýpli döwrebaplaşdyrmak işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen
häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagy wajypdyr. Şunda lukmançylyk
enjamlarynyň döwrebap bolmagy, ynsan saglygyny goramakda ýokary derejeli
anyklaýyş usullarynyň ulanylmagy möhümdir.
Binanyň SPA bölümine degişli otaglaryň
enjamlaşdyrylyşy bilen tanşyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu bölümde mineral
suwlar bilen bejeriş, gidro, gala we aromaterapiýa ýaly otaglara bardy we ilata
hödürlenýän hyzmatlaryň ýokary derejesiniň üpjün edilýändigini synlady. Şeýle
hem bu bölümde dürli görnüşli hammamlar bar. Döwlet Baştutanymyz bu binada
degişli sanly hyzmatlaryň mümkinçilikleriniň talabalaýyk ýola goýulmalydygyny,
munuň üçin otaglarda häzirki zaman ylmynyň gazananlaryndan ugur alnyp, ähli
zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. Bu ýerdäki sanlylaşdyrylan enjamlar
boýun we bil-oňurga synalarynyň saglygyny berkitmekde ähmiýetli hasaplanylýar.
Hormatly Prezidentimiz täze bina bilen tanyşlygyň
dowamynda onuň ýatymlaýyn otaglarynyň üpjünçiligi bilen gyzyklandy. Otaglarda
raýatlarymyz üçin ýokary derejeli mümkinçilikleriň döredilmeginiň wajypdygyny
belläp, döwlet Baştutanymyz gurluşyk işlerinde bolşy ýaly, otaglaryň
enjamlaşdyrylyşyna, olarda döredilýän mümkinçiliklere, içki bezeg
aýratynlyklaryna ähmiýet berilmelidigini aýtdy. Hususan-da, ýatymlaýyn
otaglarda döredilýän şertler häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidir. Bu
ýerde saglygyny berkidýän raýatlarymyzyň wagtyny peýdaly geçirmekleri, dürli
bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmekleri üçin ähli zerur mümkinçilikler
üpjün edilmelidir.
Bölümiň türgenleşik zalynyň enjamlaşdyrylyşy ýokary
halkara ülňülere laýyk gelýär. Onda gurnalan enjamlaryň her biri adam
synalaryna oňyn täsirini ýetirýär. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary
lukman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli berjaý
etmek adamlaryň ýürek urşuny, gan basyşyny kadalaşdyrýar we ruhuny göterýär.
Şeýle hem binada çagalar üçin niýetlenen oýun otagynyň enjamlaşdyrylandygyny
bellemek ýakymly. Şypahanada maşgala bolup dynç alýanlaryň çagalarynyň oýun
otagynda dürli güýmenjeleriň kömegi arkaly wagtyny şadyýan hem-de gyzykly
geçirmekleri üçin giň mümkinçilikler bar.
Soňra hormatly Prezidentimiz şypahananyň mineral suw
içilýän bölümine bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde mineral suwuň ýokumlylyk
derejesi, olaryň ýylylygy we mineral suwlary içmegiň kadasy barada lukmanlaryň
maslahatlarynyň yzygiderli guralmalydygyna ünsi çekdi. Munuň özi mineral
suwlary içmegiň saglygy goraýyş we şypahana ulgamynyň kesgitlenen kadalaryna
laýyk derejede ýerine ýetirilmegini üpjün eder.
Hormatly Prezidentimiz tomusky dynç alyş möwsüminiň
dowam edýän günlerinde ýurdumyzyň raýatlarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda we şypahanalarda bolup, dynç alşyň hözirini görýändiklerini we
saglyklaryny berkidýändiklerini nazara alanyňda, bu ýere gelýänleriň sanynyň
artýandygyny belledi we olara edilýän hyzmatlaryň derejesine üns bermegi
tabşyrdy.
Şypahananyň çäklerinde degişli ekologiýa ýagdaýynyň
saklanmalydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz gezelenç etmek, sport bilen
meşgullanmak üçin döredilýän şertleriň derejesini yzygiderli gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy. Dynç alýanlar şypahananyň mümkinçiliklerinden netijeli
peýdalanmalydyrlar, olar ulaglaryny awtoulag duralgalarynda goýup, arkaýyn dynç
alyp bilmelidirler.
Hormatly Prezidentimiz alnyp barylýan işleri we
kesgitlenen wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw edip,
bu ýerden ugrady.