Şu
gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat,
himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat öz işine
başlady. Halkara forum ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan kuwwatly döwlete
öwrülmeginde möhüm orun eýeleýän pudaklaryň mümkinçilikleri bilen giňişleýin
tanyşdyrýar.
Ýurdumyzda
giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe
gabatlanyp geçirilýän bu giň gerimli forum gurluşyk, senagat önümçiligi,
energetika we himiýa senagaty, ýol gurluşygy ulgamynda ýurdumyzyň gazananlary,
dünýä belli kompaniýalaryň hödürleýän ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy
tehnologiýalary bilen tanyşdyrýar hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek
üçin täze mümkinçilikleri hödürleýär. Halkara sergä we maslahata 60-a golaý
döwletden 800-den gowrak wekiliň gatnaşmagy durnukly ösýän ýurt hökmünde
dünýäde giňden tanalýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge
gyzyklanmanyň uludygyny görkezýär.
...Ir
bilen halkara sergä we maslahata gatnaşýan köp sanly myhmanlar Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň öňünde baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdança
ýygnandylar. Bu ýerde sungat ussatlarynyň aýdym-saz, tans çykyşlary
ýaýbaňlandyryldy. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Hökümet
agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky
diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň
işewürleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bar.
Foruma
gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns
bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýylynda ata Watanymyzyň ýüregi bolan Aşgabat şäherinde
geçirilýän «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň
ösüşi» atly halkara serginiň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs
ýürekden gutlady. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan gurýan ýurtdur, kuwwatly
döwletdir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli gurluşyklar Garaşsyz
Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygynyň we ähli ugurlar boýunça
yzygiderli ösýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Soňra
foruma gatnaşyjylar milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk, senagat pudaklaryny
döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak babatda alnyp barylýan giň
gerimli işler bilen tanyşdyrýan sergini synladylar. Täze taryhy döwürde türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň
we hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary bilen bu pudaklaryň ösüşi
okgunly häsiýete eýe boldy. Bu ugurdaky öňdengörüjilikli syýasat we işjeň
halkara hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň durnukly ösüşi, ykdysady taýdan has-da
kuwwatlanmagy üçin amatly şertleri döredýär.
Sergide
gurluşyk we senagat toplumynyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň diwarlyklaryna möhüm orun berildi. Olarda ýurdumyzyň gurluşyk,
elektroenergetika, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, himiýa senagatynda
gazanylan sepgitler täsirli beýan edilýär. Bu ugurda degişli döwlet
strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda öňdebaryjy
tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň
ornuny tutýan, eksport ugurly harytlaryň giň görnüşlerini öndürmäge ýöriteleşen
döwrebap senagat kärhanalary gurlup, ösen önümçilik düzümi kemala getirilýär
hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy depginli alnyp barylýar.
Dünýäde ýaşamak üçin iň amatly şäherleriň biri hökmünde ykrar edilen ak
mermerli Aşgabat Garaşsyz Watanymyzdaky giň gerimli özgertmeleriň nyşanyna
öwrüldi. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň birnäçe gözel desgalarynyň Ginnesiň
rekordlar kitabyna girizilmegi şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünliklere
beslenýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Şeýle-de
ýurdumyzda dürli gurluşyk serişdeleriniň öndürilmegine, olaryň bäsdeşlige
ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna we görnüşleriniň artdyrylmagyna, gurluşyk
senagatynyň önümçilik, ylmy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagyna, hojalygy
ýöretmegiň netijeli gurallarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Giň
gerimli işleriň netijesinde ýerli çig mal serişdelerinden ýokary hilli gurluşyk
önümlerini öndürýän iri önümçilik toplumlary guruldy.
Sergä
Türkiýe, Fransiýa, Şweýsariýa, Russiýa, Hytaý, Eýran, Özbegistan ýaly
döwletleriň köp sanly öňdebaryjy kompaniýalary işjeň gatnaşýarlar. Şolaryň
hatarynda ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary bolan «Çalyk Enerji», «Gap
Inşaat», «Rönesans», «Bouygues» ýaly kompaniýalar bar. Olar ýurdumyzy, şol sanda
paýtagtymyzy özgertmek boýunça birnäçe taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar.
«Interbudmontaž» kompaniýasynyň Aşgabat şäherinde «akylly» ýerasty ýol-ulag
düzümini döretmek boýunça taslamasy hem aýratyn gyzyklanma döredýär.
Häzirki wagtda türkmen telekeçileri daşary ýurt
kompaniýalary bilen mynasyp bäsleşip, alyp barýan işlerinde üstünlikleri
gazanýarlar. Olar iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak arkaly baý
tejribe toplaýarlar. Hususy gurluşyk kärhanalarynyň sergi diwarlyklarynda
Aşgabatda amala aşyrylan taslamalar bilen bir hatarda, Arkadag şäherinde gurlan
we gurulýan desgalaryň şekilleriniň öz beýanyny tapmagy bu döwrebap şäheriň
türkmen kärhanalarynyň ösmegi, tejribe toplamagy üçin uly mümkinçilikleri
hödürleýän meýdança öwrülendigini görkezýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly»
şäheriň ilkinji iri önümçilik toplumy bolan «Arkadag Medisina Klasteri
Menejment» kärhanasynyň lukmançylyk serişdeleriniň görnüşleri hem sergä
gelenlere hödürlenilýär. Köpetdagyň eteginde ýerleşýän şäheriň durmuş ulgamy
öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan «akylly»
şäher konsepsiýasynyň nusgasydyr. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň we onuň sanly
gurşawynyň işlenip taýýarlanylmagynyň ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw
mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary üçin öz nazary bilimlerini,
täzeçil tekliplerini we pikirlerini iş ýüzünde ulanmak babatda özboluşly mekdep
bolandygy bellärliklidir.
Awtomobil
ýollarynyň gurluşygy, ýük daşamak, söwda, elektroenergetika ýaly beýleki möhüm
ugurlarda telekeçiligiň paýy ýylsaýyn artýar. Türkmen telekeçileri döwletiň uly
goldawyndan ruhlanyp, işiň täze ugurlaryny, şol sanda elektron senagatyny hem
özleşdirýärler. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde
döredilen «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň önümleri ýurdumyzda giňden
meşhurdyr. Bu hojalyk jemgyýeti öňdebaryjy kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy
ýola goýup, elektron enjamlary öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy tejribesini
özleşdirip, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň,
şol sanda kompýuterleriň, monobloklaryň, smartfonlaryň, routerleriň, «akylly»
telewizorlaryň, sowadyjylaryň we beýlekileriň önümçiligini ýola goýdy. Sergä
önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň elektrik üpjünçiliginde, ýangyn howpsuzlygynda
ulanylýan enjamlary öndürýän hususy telekeçiler hem işjeň gatnaşýarlar. Umuman,
ekologiýa taýdan arassa, ýokary tehnologiýaly, şol bir wagtyň özünde ýokary
hilli önümleriň önümçiligi, olaryň halkara ülňülere doly laýyk gelmegi
ýurdumyzyň gurluşyk we senagat ulgamynyň kuwwatyny äşgär edýär.
Sergä
gatnaşýan daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilçilikli düzümi iň gowy
dünýä tejribelerini we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge uly ähmiýet berýän
Türkmenistanyň okgunly ösýän bazaryna gyzyklanmalaryň barha artýandygyna
şaýatlyk edýär. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary,
önümlerini görkezmäge we köpugurly serginiň myhmanlaryny dürli ugurlarda
hödürleýän hyzmatlary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik alan, işe ýaňy başlan täze
kärhanalar hem bar. Gurluşyk işi we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, iri
senagat desgalarynda tehniki enjamlary gurnamak bilen meşgullanýan
kompaniýalaryň diwarlyklary aýratyn üns merkezinde boldy. Şeýle hem sergi
meýdançasynda ýurdumyzyň elektroenergetika, awtomobil ýollarynyň gurluşygy,
himiýa senagaty pudaklarynda gazanan üstünlikleri görkezildi. Awtomobil ýollary
ministrliginiň sergi bölümindäki ekranlarda sebit we yklym ähmiýetli ýol-ulag
düzüminiň taslamalary görkezilýär. Ýol gurluşygynyň meýilnamalary üstaşyr ulag
geçelgelerini giňeltmek, geografik taýdan amatly ýerleşýän ýurdumyzyň
multimodal ulag geçelgeleriniň sebit we halkara ulgamyna işjeň goşulyşmagy
boýunça öňde goýlan wezipeleriň çözülmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Türkmenistanyň
uglewodorod, mineral we gidromineral çig mallarynyň gorlary boýunça dünýäde
öňdebaryjy ýurtlaryň hataryndadygyny nazara almak bilen, ýurdumyzda himiýa
senagatynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň meselelerine-de uly üns berilýär.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynda içerki we daşarky bazarlarda
uly islegden peýdalanýan ýokary hilli himiki serişdeleriň, şol sanda mineral
dökünleriň önümçiligi ýola goýuldy. Şol bir wagtda iň köp isleg bildirilýän
önümleriň görnüşlerini yzygiderli artdyrmak üçin işjeň çäreler görülýär.
Milli
ykdysadyýetiň çalt depginde senagatlaşdyrylmagynda elektroenergetika pudagyna
hem möhüm orun degişlidir. Bu ugurda durmuşa geçirilen giň möçberli
özgertmeleriň netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap
elektrik stansiýalary guruldy, olaryň öndüriji kuwwatlyklary birnäçe esse
artdyryldy, elektrik geçiriji ulgamlar täzelenildi. Munuň özi diňe bir
Türkmenistanyň energetika garaşsyzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem,
elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport etmek mümkinçiligini hem ep-esli
ýokarlandyrdy. Şunuň bilen birlikde, iri halkara taslamalaryň durmuşa
geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry
boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyny çekmegiň taslamasy şolaryň iň
möhümleriniň biridir. Onuň amala aşyrylmagy diňe bir goňşy döwletde
durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna däl, eýsem, tutuş sebitiň
durmuş-ykdysady ösüşine goşant goşar. Halkara sergä gaýtadan dikeldilýän
energiýa serişdeleriniň enjamlaryny öndürýän, atom energetikasyna ýöriteleşen
dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň hem gatnaşýandygyny bellemek gerek.
Serginiň
çäklerinde guralan şäher gurşawynda we gündelik durmuşda ulanylýan
awtoulaglaryň hem-de ýöriteleşdirilen tehnikalaryň görkezilişi hem aýratyn ünsi
çekýär.
«Türkmenistanyň
gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we
maslahat ikitaraplaýyn duşuşyklara baý boldy. Iri halkara kompaniýalaryň we
ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen gepleşikler
geljekki ylalaşyklar üçin berk binýady döredýär. Duşuşyga gatnaşyjylar
bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň anyk şertlerini we maýa goýum
mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara forumyň çäklerinde ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň
we daşary döwletleriň iri kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk
resminamalaryna gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Gurluşyk we
binagärlik ministrligi bilen «ZHA Architects Limited» kompaniýasynyň (Beýik
Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygy) arasynda
şähergurluşyk we binagärlik ulgamynda innowasion tehnologiýalar babatda
hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň
Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen «FALTEC» jogapkärçiligi çäklendirilen
jemgyýetiniň (Gazagystan Respublikasy) arasynda seýsmiki ýagdaýa durnukly
gurluşygyň tehnologiýalaryny hem-de gurluşyk obýektleriniň monitoringine
degişli ulgamlary bilelikde ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen «Leica Geosystems AG»
kompaniýasynyň (Şweýsariýa Konfederasiýasy) arasynda özara düşünişmek hakynda
Ähtnama; Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «VEM
Sachsenwerk GmbH» kompaniýasynyň (Germaniýa Federatiw Respublikasy) arasynda
Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara
düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi
ministrligi bilen «NTS Service GmbH» kompaniýasynyň (Germaniýa Federatiw Respublikasy)
arasynda Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada
özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi
ministrligi bilen «Refratechnik Cement GmbH» kompaniýasynyň (Germaniýa
Federatiw Respublikasy) arasynda Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda
hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «Grenzebach BSH GmbH»
kompaniýasynyň (Germaniýa Federatiw Respublikasy) arasynda Senagat we gurluşyk
önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda
Ähtnama; Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «Sany
International Development Limited» kompaniýasynyň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda
Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara
düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «TBEA
Shenyang Transformer Group Co., LTD» kompaniýasynyň (Hytaý Halk Respublikasy)
arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Energetika
ministrligi bilen «Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) arasynda
özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet
ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk
ministrligi bilen «Bitdeer Supply Chain SDN. BHD.» kompaniýasynyň (Malaýziýa)
arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Awtomobil ýollary
ministrligi bilen «Betamont s.r.o» kompaniýasynyň (Slowakiýa Respublikasy)
arasynda hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň
Awtomobil ýollary ministrligi bilen «Leica Geosystems AG» kompaniýasynyň
(Şweýsariýa Konfederasiýasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Topsoe A/S» kompaniýasynyň (Daniýa
Patyşalygy) arasynda Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodynyň hem-de
«Garabogazkarbamid» zawodynyň ygtybarlygyny gazanmak maksady bilen özara
düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Samsung
E&A Co., LTD» kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda Türkmenistanyň
himiýa pudagyny ösdürmek ugrundaky hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda
Ähtnama bar.
Halkara
forum ýurdumyzyň bedew batly ösüşiniň aýdyň nyşany bolan giň gerimli
gurluşyklary durmuşa geçirmek, tejribe alyşmak, özara bähbitli işewürlik
gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri özünde jemleýär. Halkara
serginiň we maslahatyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň «Şäherleriň we
ilatly nokatlaryň açyklygy, howpsuzlygy, durmuşa ukyplylygy we ekologik
durnuklylygy» atly ýokary derejeli halkara «tegelek stol» maslahaty geçirildi.
Onda durnukly ösýän we «ýaşyl» şäher gurşawyny döretmekde dünýäniň öňdebaryjy
kompaniýalarynyň durmuşa geçirýän taslamalary giňişleýin tanyşdyryldy. Şunuň
bilen baglylykda, Garaşsyzlygyň 35 ýylynda ýurdumyzda durmuşa geçirilen,
şähergurluşygyň gaýtalanmajak nusgasy hökmünde dünýäde ykrar edilýän taslamalar
barada aýdyldy. Şolaryň hatarynda gözelligi bilen haýrana galdyrýan Arkadag
şäheri Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik taglymaty esasynda sanlyja ýylyň
içinde kemala geldi. Döwrebap şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy hem ýokary
depginde dowam etdirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygyna
aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk
keşbi barha özgerýär. Paýtagtymyzy ýaşamak, işlemek we dynç almak üçin iň
amatly şäherleriň birine öwürmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzda
amala aşyrylýan gurluşyklar Garaşsyz Watanymyzyň dünýäde kuwwatly hem-de ähli
ugurlar boýunça ösýän döwletdigini aýdyň görkezýär. Diýarymyzyň sebitlerinde
häzirki zamanyň ösen isleglerine laýyk gelýän kämil durmuş düzümleri kemala
gelýär. Binagärlik keşbinde döwrümiziň döredijilik ruhuny jemleýän täze
nusgalyk şäherleriň, şäherçeleriň, döwrebap obalaryň ençemesi döredildi,
häzirki zaman bilim edaralary, sport desgalary, ýaşaýyş jaýlary, seýilgähler,
kaşaň myhmanhanalar, sport-sagaldyş, lukmançylyk merkezleri, şypahanalar,
ýokary tizlikli awtomobil ýollary, iri senagat-önümçilik toplumlary hem-de
beýleki binalardyr desgalar guruldy we gurulýar. Şunda gurluşyk-senagat toplumy
ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde çykyş edip, milli
ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagyny üpjün edýär. Halkara guramalaryň wekilleri
ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri şähergurluşyk taslamalaryna ýokary baha
berdiler.
Günüň
ikinji ýarymynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika
pudaklarynyň ösüşi» atly halkara maslahatyň «Innowasion ösüş we halkara
hyzmatdaşlygy, Türkmenistanyň gurluşyk, senagat toplumynyň ösüşiniň geljegi»
atly plenar mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň
geljegi uly ugurlary barada giňişleýin pikir alşyldy. Plenar mejlise ýurdumyzyň
ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary,
türkmen telekeçileri, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň gurluşyk, senagat we energetika pudaklarynda täze ösüş
meýilleri, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň geljegi plenar mejlisiň
esasy mowzugy boldy.
Bellenilişi
ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen başy başlanan giň gerimli
maksatnamalaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa
geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň özygtyýarly ösüş ýyllarynda gurluşyk we
senagat toplumyny döwrebap ösdürmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň
kuwwatly infrastrukturasyny kemala getirmek boýunça uly işler ýerine
ýetirilýär. Hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga, tehniki taýdan
gaýtadan enjamlaşdyrmaga, pudagyň ylmy-tehniki binýadyny berkitmäge, oňa
netijeli dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Çykyşlarda
Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe bolmak bilen, «Açyk
gapylar» syýasatyny işjeň durmuşa geçirmegiň çäklerinde ykdysady gatnaşyklaryň
gerimini ynamly giňeldýändigi, özara bähbitlilik ýörelgesi esasynda netijeli
dialogy ýola goýmaga hemmetaraplaýyn taýýardygy bellenildi.
Daşary
ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary döredilen amatly işewürlik şertleriniň
netijesinde Türkmenistanda amala aşyrylan iri taslamalar, olaryň
aýratynlyklary, şeýle hem geljekde hyzmatdaşlyk üçin açylýan mümkinçilikler
barada giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem olar durnukly ösýän, parahatçylyk
söýüji ýurtda iri taslamalary durmuşa geçirmäge döredilen amatly mümkinçilikler
üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk
bildirdiler. Daşary ýurtly işewürler Türkmenistanda giňden bellenilýän Gurluşyk
we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler.
Gurluşyk
pudagyna ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi öňdebaryjy daşary
ýurt kompaniýalarynyň, şol sanda gurluşyk serişdelerini, ýörite tehnikalary we
enjamlary öndürijileriň işjeň çekilmegine ýardam berýän amatly maýa goýum
ýagdaýynyň döredilmegi, ýurdumyzyň işewürlerine döwlet tarapyndan netijeli
goldaw berilmegi bilen bir hatarda, ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşini hem
şertlendirýär. Bu pudagyň ulgamlaýyn esasda ösdürilmegi ajaýyp sazlaşygy emele
getirýän binagärlik toplumlaryny, edara binalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny,
önümçilik kärhanalaryny, halkara ähmiýetli awtomobil ýollaryny öz içine alýan,
häzirki döwre mahsus taslamalaryň geriminiň giňdigini görkezýär.
Häzirki
wagtda gurluşyk-senagat toplumynyň kuwwaty ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, sebitleri
özgertmek, senagatlaşdyrmak, senagat we ulag düzümini ösdürmek boýunça kabul
edilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Soňky
ýyllarda köp sanly taslamalaryň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalar tarapyndan amala aşyrylýandygyny
bellemelidiris. Ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri toplumlaýyn
maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşyp, Watanymyzyň ykdysady
kuwwatynyň pugtalanmagyna mynasyp goşant goşýarlar.
Gurluşyk
serişdelerini öndürýän pudak döwlet tarapyndan giňden goldanylyp, oňa
ýurdumyzyň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, ilatyň iş bilen
üpjünçilik meselelerini çözmekde esasy pudaklaryň biri hökmünde garalýar.
Häzirki döwürde pudagyň kärhanalary importyň ornuny tutýan, halkara hil
standartlaryna laýyk gelýän önümleriň dürli görnüşlerini, şol sanda sement,
diwarlyk panelleri, armirlenen bloklary, keramzit, gurnama demirbeton
önümlerini, bişen kerpiçleri, örtük plitalaryny we beýlekileri öndürýärler
hem-de ýurdumyzyň barha giňeýän gurluşyk bazaryny bu önümler bilen üpjün
edýärler. Sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen
tassyklanylan «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar
üçin Milli strategiýasynda» ileri tutulýan wezipeler barada hem aýdyldy.
Maslahatda howanyň üýtgeýän şertlerine durnukly häzirki zaman önümçilik
kuwwatlyklaryny döretmekde we şäherleri gurmakda toplanan tejribeler hem uly
gyzyklanma eýe boldy.
Halkara
maslahatyň ikinji gününde «Energetika we himiýa senagatynyň häzirki wagtda
ýokary hilli önümleri hem-de halkara maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçilikleri»
we «Ýol infrastrukturasyny ösdürmek, döwrebap tehnologiýalar, innowasion
gurluşyk materiallary we geljege gönükdirilen binagärlik çözgütleri», «Infrastruktura,
senagat we ulag baglanyşygyny ösdürmekde maýa goýumlary we döwlet-hususy
hyzmatdaşlygy», «Döwlet we hususy pudagyň ykdysady ösüş ugrunda hyzmatdaşlygy»
atly mejlisleri geçiriler. Forumyň üçünji gününde sanly gurluşyk we «akylly»
şäherleri ösdürmekde öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasion çözgütler we
geljekki hünärmenleriň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek boýunça meseleler
ýörite mejlisde giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar.
Şeýlelikde,
halkara serginiň we maslahatyň birinji güni ýurdumyzda giňden bellenilýän
Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi diňe bir hünär baýramy
hökmünde dabaralandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, degişli pudaklary ösdürmek
üçin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşinde täze tapgyry açdy.
*
* *
Şu
gün Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk
dabaralary Diýarymyzyň ähli künjeginde ýaýbaňlandyryldy. Agşam Gurluşyk we
senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde
baýramçylyk konserti geçirildi. Onda ýerine ýetirilen joşgunly çykyşlar
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli
üns-aladasy we döredip berýän şertleri bilen, Garaşsyz, baky Bitarap
Watanymyzyň özgerişli keşbini döredýän ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň we
senagatçylarynyň asylly zähmetiniň waspnamasy bolup ýaňlandy.