Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!
Sizi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly taryhy ähmiýetli
wakasy — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli
tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Mizemez
berkararlygymyzyň we agzybirligimiziň nyşany bolan mukaddes Garaşsyzlygymyz
biziň baş buýsanjymyzdyr. Garaşsyzlyk milli döwletliligimiziň sarsmaz
binýadydyr, şöhratly geljegimiziň öçmez nurudyr. Garaşsyzlyk düşünjesinde
merdana pederlerimiziň azat, garaşsyz, bagtly durmuş baradaky iň süýji
arzuwlary, Watanymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-de röwşen geljegi baradaky
beýik pelsepeleri jemlenendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe biz täze şäherlerdir obalary, ajaýyp binalary gurmak, belent
sepgitleri gazanmak, geljegiň uly maksatnamalaryna badalga bermek bilen,
ata-babalarymyzyň arzuwlaryny hakykata öwürýäris hem-de Garaşsyzlygymyzyň
binýadyny has-da pugtalandyrýarys. Garaşsyzlygyň bagtyna hem-de ruhlandyryjy
güýjüne daýanyp, baş baýramymyzy agzybirlikde, jebislikde giňden belläp
geçýäris. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň gadyr-gymmatyny, bagtyýar
durmuşymyzy we agzybirligimizi, gazanýan üstünliklerimizi hem-de ösüşlerimizi
dabaralandyrýan edebiýat, şekillendiriş, heýkeltaraşlyk, binagärlik,
amaly-haşam, aýdym-saz, sahna we kino sungatynyň ajaýyp nusgalaryny döredýäris.
Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda ýokary zähmet görkezijilerini
gazanyp, ýurdumyzyň ykdysady garaşsyzlygyny we durnuklylygyny has-da
berkidýäris, mähriban halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşyny üpjün edýäris.
«Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Aşgabat we
Arkadag şäherlerinde, welaýatlarymyzda döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlaryny,
innowasion tehnologiýaly senagat kärhanalaryny, häzirki zaman lukmançylyk we
bilim merkezlerini, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny dabaraly açyp ulanmaga
berdik. Keremli topragymyzdan bol hasyl ýygnamak we ajaýyp zähmet
üstünliklerini gazanmak bilen, Garaşsyzlygymyza bolan hormatymyzyň beýikdigini,
söýgimiziň çäksizdigini we wepalylygymyzyň bakydygyny görkezdik. Bu işleri
ýokary watansöýüjiligimiz, agzybirligimiz hem-de jebisligimiz, gurujylyk we
döredijilik güýjümiz bilen subut etdik. Bularyň ählisi biziň her birimizi
Garaşsyzlygymyzyň nurly ýoly bilen has-da ägirt uly üstünlikleri gazanmaga,
geljekki ýeňişlere we belent maksatlara tarap ynamly gadam basmaga hem-de täze
sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar.
Eziz watandaşlar!
Garaşsyzlygyň
35 ýyllyk şöhratly taryhynda müňýyllyklardan gözbaş alýan agzybirlik we
jebislik, dostluk we ylalaşyk, gurmak we döretmek ýoluna berk eýerilip,
döwletimiziň demokratik, hukuk, dünýewi binýady yzygiderli pugtalandyryldy.
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan tebigy baýlyklarymyz milli we ählumumy
bähbitlere gönükdirilip, ykdysady galkynyşyň netijesinde senagat taýdan ösen,
kuwwatly we berk binýatly Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz kemala geldi.
Adam döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilip, halk
häkimiýetliliginiň nusgawy ýörelgelerini özünde jemleýän kämil döwlet
dolandyryş edaralary we täze demokratik esaslar döredildi.
«Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň maksatnamasy», Oba milli maksatnamasy esasynda häzirki wagtda
ykdysadyýetimiziň pudaklaryny yzygiderli döwrebaplaşdyrýarys, innowasion
tehnologiýalara esaslanýan täze senagaty döredýäris. Sebitleri senagatlaşdyrmak
hem-de sanly ykdysadyýete geçmek arkaly durnukly ösüşiň ygtybarly binýadyny
has-da berkidýäris.
«Watan
diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämiz
esasynda amala aşyrylýan nusgalyk işler halkymyzyň bagtyýarlygyny hem-de
agzybirligini has-da pugtalandyrýar, täze üstünlikleri, ykdysady galkynyşlary
hem-de bütindünýä ykrarnamalaryny gazanmaga ruhlandyrýar.
Eziz watandaşlar!
Türkmenistan
Garaşsyzlygy ykrar edilen ilkinji günlerden müňýyllyklardan gözbaş alýan
bitaraplyk we ynanyşmak taglymatlaryna, parahatçylyk we dostluk ýörelgelerine
esaslanýan daşary syýasat ugruny we halkara gatnaşyklar ulgamyna goşulmagyň
milli ýoluny saýlap aldy. Geçen 35 ýylyň dowamynda biziň ýurdumyzyň Birleşen
Milletler Guramasynyň belent münberinden, ýokary derejeli sammitlerde,
forumlarda, maslahatlarda bitaraplyk, öňüni alyş, energetika, ulag, ekologiýa,
ylmy-lukmançylyk, medeni diplomatiýa boýunça öňe süren başlangyçlary bütin
adamzat üçin örän bähbitli ählumumy tekliplere öwrüldi. Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplygy hakyndaky
Kararnamanyň üç gezek kabul edilmegi parahatçylyk söýüji daşary syýasatymyzda
gazanan ägirt uly ýeňişlerimizdir. Geljekde hem biz biri-biri bilen aýrylmaz
baglanyşykly bolan Garaşsyzlyk we Bitaraplyk düşünjelerimize hem-de
taglymatlarymyza eýerip, ähli tagallalarymyzy halklaryň arasynda parahatçylygy,
ynanyşmagy hem-de ylalaşygy pugtalandyrmaga, ählumumy ösüşi we abadançylygy
gazanmaga gönükdireris.
Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!
Sizi
Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy
mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan
saglygyny, asuda we abadan durmuşy, egsilmez bagty, eziz Watanymyzyň mundan
beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw
edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.