Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna
saparynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp
gördi.
Gahryman Arkadagymyz Baku şäheriniň Geýdar Aliýew
adyndaky Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri
bilen Azerbaýjanyň resmi wekiliniň arasynda söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşlikde
dostlukly ýurduň resmi wekili Milli Liderimiziň saparynyň dowamynda geçiren
duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň ähmiýetini belledi hem-de şu gezekki saparyň
däp bolan dostlukly döwletara dialogy hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi
berjekdigine ynam bildirdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy uçarda
Fizuli şäherine ugrady. Gahryman Arkadagymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary
ugratdylar. Biraz wagtdan Milli Liderimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary
bilen bezelen Fizuli Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň
iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Howa menzilinde
belent mertebeli myhmany Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew
mähirli garşylady.
Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz şekil
taslamalarynyň üsti bilen Azerbaýjanyň Fizuli, Laçyn we Zangilan Halkara howa
menzilleri bilen tanyşdyryldy. Agzalan howa menzilleri ýurduň ulag
infrastrukturasyny ösdürmäge goşant goşýan döwrebap desgalardyr. Fizuli howa
menzili 2021-nji ýylda, Laçyn howa menzili 2022-nji ýylda, Zangilan howa
menzili bolsa 2023-nji ýylda açylyp ulanmaga berildi. Howa menzilleriniň
üçüsinde hem ýolagçylar üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulan döwrebap
terminallar, beýleki ugurdaş desgalar bar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary,
hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde Türkmenistanda hem
howa ulagy pudagynda halkara ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini
bellemek gerek. Ýurdumyzda döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze howa
menzilleri guruldy. Şolaryň hatarynda sagatda 1 müň 600-e golaý ýolagçy
geçirijilik kuwwaty bolan Aşgabat Halkara howa menzilini, şeýle-de Türkmenabat,
Kerki we Balkanabat Halkara howa menzillerini görkezmek bolar. Milli awiasiýa
parkynyň üsti “Boeing”, “Airbus” kompaniýalarynyň döwrebap uçarlary bilen
yzygiderli ýetirilýär. Munuň özi milli awiakompaniýamyzyň bäsdeşlige
ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ýük daşamalaryň, ýolagçy gatnawlarynyň gerimini
giňeltmäge şertleri döredýär. Paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň düzümleýin
desgalary hem yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Munuň özi ýük we ýolagçy uçarlarynyň
tehniki ýagdaýyny halkara talaplara laýyklykda yzygiderli gözegçilikde
saklamaga mümkinçilik berýär.
...Howa menzili bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman
Arkadagymyz we Prezident Ilham Aliýew bilelikde awtoulagda Şuşa şäherine
ugradylar. Ýol ugruna ýörite gurnalan ýerde Azerbaýjan Respublikasynyň
Prezidentiniň Agdam, Fizuli we Hojawend etraplary boýunça ýörite wekili Milli
Liderimizi Fizuli şäherinde amala aşyrylýan gurluşyk taslamalary bilen
tanyşdyrdy.
Häzirki wagtda Fizuli şäherinde döwrebap ýaşaýyş
toplumlarynyň, saglygy goraýyş we bilim edaralarynyň, infrastruktura
desgalarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Içerki awtomobil ýollarynyň gurluşygyna
aýratyn üns berilýär. Tanyşlygyň dowamynda Türkmenistanyň at gazanan
arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow Fizuli şäherindäki gurluşyk işleri
babatda öz gymmatly maslahatlaryny berdi. Prezident Ilham Aliýew Gahryman
Arkadagymyzyň beren maslahatlarynyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen birlikde,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýörite wekili gymmatly maslahatlary
üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň
başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bina edilen, sebitde
deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň gazanýan
üstünlikleriniň aýdyň mysallarynyň biridir. Halkymyzyň şöhratly taryhynyň
gözbaş alýan gadymy topragynda gurlan bu şäher durmuş ulgamyna öňdebaryjy
sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylan «akylly»
şäher taslamasynyň ajaýyp nusgasydyr. Täze şäherde milli binagärligiň iň gowy
däpleri şäher gurluşygynyň we dizaýnyň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly
utgaşýar.
...Şuşa şäheriniň golaýyndaky Daşalty düzlüginde
Gahryman Arkadagymyz we dostlukly ýurduň döwlet Baştutany bilelikde ýadygärlik
surata düşdüler.
Daşaltynyň we onuň töwerekleriniň tebigaty
köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerler gezelenç etmek, dynç almak, tebigat
gözelliklerini synlamak üçin amatly künjekler hasaplanýar. Deňiz derejesinden 1
müň 368 metr belentlikde ýerleşýän Şuşa şäheri Azerbaýjanyň medeni paýtagtydyr.
XIX asyryň ahyrynda, XX asyryň başlarynda Şuşa Kawkazyň sazçylyk merkezine
öwrülýär. Gözel tebigaty, arassa howasy üçin ol şypahana şäheri-de hasaplanýar.
Şäheriň taryhy merkezinde gadymy binalar, çeşmeler, metjitler, kerwensaraýlar,
aramgähler, medreselerdir galalar bar.
Şuşa şäherine gelenlerinden soňra, Gahryman
Arkadagymyz we Prezident Ilham Aliýew şäherde gurulýan täze ýaşaýyş toplumyna
baryp gördüler.
Häzirki wagtda Şuşa şäheriniň baş meýilnamasynyň
çäklerinde täze ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. 2024-nji ýylyň
maýynda ilkinji, 2025-nji ýylyň maýynda bolsa ikinji ýaşaýyş toplumy gurlup
ulanmaga berildi. Häzirki wagtda-da olaryň gurluşyklary dowam edýär.
Türkmenistanda hem iri şähergurluşyk taslamalaryna
ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilýändigini nygtamak gerek. Diýarymyzda täze,
döwrebap şäherler, şäherçeler, obalar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet
edaralary, önümçilik kärhanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Ilatyň
ýokary durmuş derejesini, döredijilikli zähmet çekmegi, döwrebap dynç almagy,
ýaşamagy üçin amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilen Oba milli
maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Maksatnamada göz
öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap
obalar gurlup ulanmaga berilýär. Täze ýaşaýyş jaý toplumlary paýtagtymyzda
şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň netijesidir.
Ýaşaýjylary döwrebap, elýeterli ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek bu
maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň çözgüdine
laýyklykda, ýaşaýyş jaý goruny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, diňe bir
ýaşamaga oňaýly bolan köp gatly ýaşaýyş jaýlary däl, eýsem, ýokary amatlykly, durmuş
şertleri doly üpjün edilen kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlary hem gurulýar. Bu
bolsa ýaşaýjylara şahsy isleglerine laýyk gelýän jaýlary saýlamaga mümkinçilik
berýär.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde bina edilýän metjidiň
gurluşygyny synlady. Täze metjidiň düýbi 2021-nji ýylda tutulypdyr. Onuň
taslamasy italýan kompaniýasy we azerbaýjan arhitektorlary tarapyndan ýerine
ýetirilýär. Metjidiň daşky bezeginde Şuşa şäherindäki gadymy metjitleriň
bezeginde duş gelýän geometrik nagyşlar agdyklyk eder.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dürli künjeklerinde,
paýtagtymyzda hem häzirki zaman binagärlik talaplaryna doly laýyk gelýän
metjitler gurlup ulanmaga berilýär. Metjitleriň binalar toplumynyň çäginde
sadaka bermek we beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin ugurdaş binalar
gurulýar. Türkmençilikde “Allanyň öýi” hasaplanýan metjitleriň bina edilmegi
ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan ynsanperwer işleriň
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändigini
görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň tagallalary esasynda
Arkadag şäherinde hem täze metjidiň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny bellemek
gerek.
Metjidiň gurluşygy bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman
Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti Geýdar Aliýew baradaky surat
sergisi bilen tanyşdylar. Merkeziň binasy milli derejedäki binagärlik
ýadygärlikleriniň sanawyna girýär. Sergide Azerbaýjanyň umumymilli Lideriniň
ýurduň durmuş, ykdysady, syýasy, medeni ösüşinde bitiren hyzmatlaryny
şöhlelendirýän fotosuratlar, resminamalar, wideofilmler görkezilýär. Geýdar
Aliýew Şuşa şäheriniň ösdürilmegine hem uly ähmiýet beripdir we bu ugurda
yzygiderli çäreleri durmuşa geçiripdir.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Azerbaýjan
Respublikasynyň Prezidenti Şuşa galasyna bardylar.
Döwlet ähmiýetli binagärlik ýadygärligi bolan Şuşa
galasy 1752-nji ýylda belent baýryň üstünde gurlupdyr. Gala dürli
medeniýetlerdir halklar üçin möhüm merkez bolupdyr. Şuşa galasyny gurşap alýan
tebigy gözellikler jahankeşdelerde, suratkeşlerde uly täsir galdyrýar. Şuşa
Kawkazyň taryhyny we medeniýetini öwrenmek isleýän taryhçy alymlary,
syýahatçylary özüne çekýär. Iki doganlyk ýurduň taryhyna nazar aýlanyňda,
umumylygyň köpdügini görmek bolýar. Türkmen we azerbaýjan halklary ençeme
asyrlaryň dowamynda özboluşly baý medeniýeti döredipdirler. Türkmenistanda hem
halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek, ony aýawly saklamak, wagyz
etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Gahryman Arkadagymyz hem-de Prezident Ilham Aliýew
Şuşa galasynyň öňünde ýadygärlik surata düşdüler.
Soňra Milli Liderimiz we dostlukly ýurduň döwlet
Baştutany Azerbaýjanyň meşhur opera aýdymçysy Bülbüliň Şuşadaky öý-muzeýine
bardylar.
Bu ýerde meşhur artistiň çagalyk ýyllary geçipdir.
Muzeýde azerbaýjan wokal sungatynyň düýbüni tutujy, professor Bülbüliň çagalyk
döwründäki we maşgala fotosuratlary, şahsy zatlary, aýdymçynyň döredijilik,
ylmy, pedagogik, jemgyýetçilik işini beýan edýän resminamalar bar. Bülbüliň
ogly, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halk artisti Polat Bülbül ogly belent
mertebeli myhmanlary muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň we Azerbaýjan
Respublikasynyň halklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk
gatnaşyklaryny berkitmekde, iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam
edip gelýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn
hyzmatlary üçin, şeýle hem joşgunly zehinini, aýdym-saz sungatyny ösdürmekde
gazanan ajaýyp üstünliklerini göz öňünde tutup, Polat Bülbül ogluna “Türkmenistanyň
halk artisti” diýen hormatly at dakyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri täsirli
we gyzykly maglumatlar üçin minnetdarlyk bildirip, medeni mirasy aýawly
saklamakda, geljek nesillere ýetirmekde şeýle muzeýleriň möhüm ähmiýetini
belledi. Öz nobatynda, Polat Bülbül ogly belent mertebeli myhmana muzeýe gelip
görendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Prezident Ilham
Aliýew Şuşa şäherinde ýerleşýän Göwher Aga metjidine geldiler. Şäheriň taryhy
künjeginde ýerleşýän ýokarky Göwher Aga metjidi Azerbaýjanyň meşhur binagärlik
we medeni ýadygärlikleriniň biridir. Ol ybadat ýeri bolmak bilen birlikde, Şuşa
şäheriniň medeni merkezi hem bolupdyr. Metjitde türkmen we azerbaýjan
halklarynyň hemişe parahat, abadan durmuşda ýaşamaklary üçin doga-dilegler
edildi.
Metjit bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz
we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilelikde Mehmandarowlaryň öý-muzeýine
bardylar. Mehmandarowlaryň öýi köşk görnüşli ýaşaýyş toplumy bolup,
Azerbaýjanyň XVIII asyr binagärliginiň özboluşly nusgalarynyň biridir. Toplum
daşdan örülen haýat bilen gurşalypdyr. Metjit howlynyň gyrasynda bina
edilipdir, girelgesi bolsa hem köçä, hem howla bakypdyr. Şoňa görä-de, metjidiň
gapylary jemagat üçin hemişe açyk bolupdyr.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de
dostlukly ýurduň Prezidenti Jydyr düzüne bardylar.
Jydyr düzi Şuşa şäheriniň ýaşaýjylarynyň we
myhmanlarynyň dynç almak üçin iň meşhur künjekleriniň biri bolupdyr. Geçmişde
bu ýerde at çapyşyklary geçirilipdir. Çapyşyklara tomaşa etmek üçin Jydyr
düzüne Azerbaýjanyň dürli künjeklerinden, daşary ýurtlardan bedewleriň
muşdaklary jemlenipdir. Mundan başga-da, bu ýerde Nowruz baýramy we beýleki
halk baýramçylyklary geçirilipdir.
Bu ýerde dostlukly ýurduň atly ýigitleriniň görkezme
çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi garabag atlarynyň özboluşly
tanyşdyrylyşyna öwrüldi.
Ýeri gelende bellesek, türkmen halky hem
müňýyllyklaryň dowamynda edermen ýigitleriň ýoldaşy bolan bedewlere aýratyn
sarpa goýup gelýär. Behişdi bedewleriň muşdagy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz
tagallalary esasynda täze taryhy döwürde ahalteke bedewleri okgunly ösýän
Türkmenistanyň nyşanyna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri birnäçe ajaýyp
kitaplaryny, şol sanda “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”,
“Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly eserlerini ýelden ýyndam
behişdi bedewlere bagyşlady. Bu kitaplar daşary ýurt dilleriniň ençemesine
terjime edilip, giň dünýä jemgyýetçiligine ýetirildi hem-de Ýer ýüzünde ahalteke
bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda möhüm orny eýeleýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda atçylyk sungatyny ösdürmek boýunça yzygiderli
işler alnyp barylýar. Zähmetsöýer seýisler beýik ata-babalarymyzyň iň gowy
däplerini dowam etdirip, deňsiz-taýsyz tohumyň arassalygyny saklamak we
ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak babatda giň gerimli işleri amala
aşyrýarlar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen
2007-nji ýylda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary döredildi. Häzirki
wagtda bu topar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäginden daşarda hem
meşhurdyr. Toparyň agzalary dünýäniň dürli künjeklerinde çykyş edip, abraýly
halkara sylaglaryň ençemesine mynasyp boldular.
...Jydyr düzünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa belent hormat-sarpanyň nyşany hökmünde
garabag tohumyndan bolan Dostluk atly bedew sowgat berildi. Gahryman
Arkadagymyz minnetdarlyk bildirip, bu sowgady mizemez türkmen-azerbaýjan
dostlugynyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Prezident Ilham
Aliýew atşynaslar bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Hormatly Arkadagymyz azerbaýjan halkynyň baý
taryhy-medeni mirasyny açyp görkezýän gezelenjiň ýokary guramaçylyk derejesi
üçin Prezident Ilham Aliýewe hem-de azerbaýjan tarapynyň wekillerine
minnetdarlyk bildirdi.
Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň maksatnamasy
tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fizuli Halkara howa menziline
bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady. Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli
Liderini dostlukly ýurduň resmi adamlary ugratdylar.
Gahryman Arkadagymyzyň uçary biraz wagtdan
paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy.
Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan
Respublikasyna amala aşyran sapary we onuň dowamynda geçirilen gepleşikler iki
ýurduň hem däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary, özara bähbitli
hyzmatdaşlygy iki doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de
ösdürmäge ygrarlydygyny görkezdi.