Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna
degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar
agentligi habar berýär.
Hökümet mejlisinde, ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylyk binýadyny
mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada
maglumat berdi. Şunda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar
boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly geçirilen
maslahatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, şu ýylyň awgust aýynda Awazada
parlament forumyny ýokary derejede guramak boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp
barylýandygy barada hem aýdyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti
ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen kanunçylyk namalaryny işläp
taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Soňra wise-premýerler
gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol
sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda
durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, daşary
syýasat, halkara gatnaşyklar, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler,
olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Döwlet Baştutany hasabatlary
diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp
barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek
ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara
anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.