Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Azerbaýjan
Respublikasyna ugrady. Gahryman Arkadagymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa
menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady
goýlan, parahatçylyk söýüjilige esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasaty Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda goňşy
ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi
ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenendir.
Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky
hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Soňky ýyllarda bilelikdäki
tagallalaryň netijesinde bu gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy.
Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda amala aşyrýan şu gezekki sapary hem
munuň aýdyň beýanydyr. Ýurtlarymyz syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer
ulgamlardaky döwletara gatnaşyklary giňeltmäge möhüm ähmiýet berýärler.
Türkmenistan hem-de Azerbaýjan Respublikasy ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly,
köptaraplaýyn esasda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Türki Döwletleriň
Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk
Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly düzümleriň çäklerinde netijeli
hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýärler. Şunda parlamentara gatnaşyklara-da
aýratyn ähmiýet berilýär.
Söwda-ykdysady ulgam türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň
ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ony ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk
boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň alyp barýan işine uly orun
degişlidir. Ulag ulgamy-da möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň
Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmegi
ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge
mümkinçilik berýär. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdylanda, ol iki
dostlukly ýurduň halklarynyň köpasyrlyk taryhy, medeni-ruhy umumylygyna
esaslanýar.
...Biraz wagtdan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygynyň uçary Baku şäheriniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen
Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Belent mertebeli
myhmanyň hormatyna haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň
esgerleri nyzama düzüldiler. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy Azerbaýjan
Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary
mähirli garşyladylar.
Bu ýerde Milli Liderimiz bilen dostlukly ýurduň resmi
wekiliniň arasynda söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler häzirki wagtda Türkmenistan
bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine
esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, Gahryman
Arkadagymyzyň sapary iki goňşy döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki
ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil
taýdan täze derejä çykarmak üçin oňyn mümkinçilikleri açar.
Soňra hormatly Arkadagymyzyň awtoulag kerweni
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň “Zagulba” köşgüne tarap ugrady. Köşgüň
merkezi girelgesiniň öňünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň
Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady. Bilelikde Döwlet baýdaklarynyň
öňünde surata düşmek dabarasyndan soňra, Gahryman Arkadagymyz bilen Prezident
Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Prezident Ilham Aliýew Milli Liderimizi mähirli
mübärekläp, Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin
hoşallyk bildirdi hem-de iki halky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň
baglanyşdyrýandygyny, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli
hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýändiklerini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjana sapar bilen gelmäge
çakylyk hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs
ýürekden minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň Prezident Ilham Aliýewe
iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjana şu gezekki
saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakdan hem-de
ösdürmekden, ýetilen sepgitleri berkitmekden, täze ugurlarda taslamalary amala
aşyrmaga itergi bermekden ybaratdygyny aýtdy we döwletara gatnaşyklaryň häzirki
derejesiniň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk ruhuna laýyk
gelýändigini nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen we
azerbaýjan halklarynyň umumy taryhy kökleri bolup, iki halkyň aňyrsy hem
oguzlardan gaýdýar. Özara gatnaşyklar berk taryhy binýada, iki halkyň
ruhy-medeni gymmatlyklarynyň umumylygyna we garyndaşlygyna, hyzmatdaşlygyň
strategik mümkinçiliklerine, iki ýurduňdyr olaryň halklarynyň abadançylygynyň
hem-de gülläp ösmeginiň bähbidine syýasy, ykdysady mümkinçilikleri gönükdirmäge
taýýarlygyna esaslanýar.
Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki döwürde iki
dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, taraplaryň tagallalary
netijesinde türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň maksada okgunlylygy bilen
tapawutlanýandygyny, ýokary depginler bilen ösýändigini hem-de birek-birege
hormat goýmaga, açyklyga esaslanýandygyny aýtdy. “Biziň ýurtlarymyzyň arasynda
özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň örän ýokary derejesi munuň esasy şerti
bolup durýar. Bu bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli meseleleri boýunça
gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär» diýip,
Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri syýasy-diplomatik
gatnaşyklar barada aýdyp, dünýä we sebit meseleleri boýunça ýurtlarymyzyň
garaýyşlarynyň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini belledi. Türkmenistan
bilen Azerbaýjan daşary syýasatda Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna
hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna berk eýerýärler. Iki
dostlukly ýurt iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň, beýleki sebit
düzümleriniň çäklerinde üstünlikli we netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen
baglylykda, Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji
sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklibini ilkinji bolup goldandygy
üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ulag ulgamyndaky
hyzmatdaşlyga ünsi çekip, iki ýurduň üstaşyr ulag taslamalarynyň sebit üçin
möhüm ähmiýetini belledi. Özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy, bu
ugurdaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi söwda-ykdysady ulgamdaky
gatnaşyklaryň hem netijeli häsiýete eýedigini görkezýär. Şunuň bilen
baglylykda, söhbetdeşler ýurtlarymyzyň bu ugurdaky kuwwatyny doly derejede
durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Medeni-ynsanperwer
ulgam türkmen-azerbaýjan döwletara dialogynyň däp bolan möhüm ugry bolup
durýar. Bu gatnaşyklar iki halkyň diliniň we dininiň umumylygyna esaslanyp,
häzirki wagtda has-da giňeldilýär.
Gahryman Arkadagymyz iki halkyň hem gadymdan gelýän
halyçylyk sungatyny asyrlaryň dowamynda sünnäläp, şu günlere çenli ýetirip
gelendiklerini belledi. Şeýle-de türkmen we azerbaýjan halklarynyň bedewlere
uly sarpa goýýandyklaryna, özboluşly atşynaslyk, seçgiçilik däplerini dowam
etdirýändiklerine ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri iki halkyň
Magtymguly, Seýdi, Nyzamy, Fizuly ýaly taryhda uly yz goýan beýik
şahsyýetleriniň edebi mirasynyň häzirki we geljek nesiller üçin bahasyna ýetip
bolmajak gymmatlykdygyny nygtady.
Milli Liderimiz şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Geýdar Aliýew
gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň arasynda duşuşygyň hem
geçiriljekdigini aýtdy we onuň ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen
birlikde, Gahryman Arkadagymyz sport ulgamynda tejribe alyşmagyň maksadalaýyk
boljakdygyny aýtdy. Sportuň göreş görnüşi iki ýurtda-da meşhurdyr. Munuň özi bu
ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär.
Sözüniň ahyrynda Milli Liderimiz şu saparyň
Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň,
hyzmatdaşlygyň uzak möhletli strategiýasyny durmuşa geçirmek babatda ylalaşylan
çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň möhüm şertine öwrüljekdigine ynam bildirdi
hem-de doganlyk Azerbaýjan topragynda hemişe bolşy ýaly, mähirli kabul
edilendigi üçin azerbaýjan tarapyna ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, öz
adyndan, şeýle-de döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Prezident
Ilham Aliýewi özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge
çagyrdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy pursatdan peýdalanyp,
türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin,
Prezident Ilham Aliýewe türkmen halkynyň adyndan minnetdarlyk bildirdi hem-de
oňa azerbaýjan halkynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan
döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Prezident Ilham Aliýew çakylygy we hoşniýetli sözleri
üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, azerbaýjan tarapynyň däp bolan
dostlukly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge
hem-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.
Gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew,
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti
Oguljahan Atabaýewa we Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň wise-prezidenti Leýla
Aliýewa iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde ýadygärlik surata
düşýärler.
Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerden Azerbaýjan
Respublikasynyň Milli Mejlisine bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygyny dostlukly ýurduň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba
Gafarowa mähirli garşylady. Türkmen halkynyň Milli Lideri we Azerbaýjan
Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde
surata düşdüler. Surata düşmek dabarasyndan soňra, Sahiba Gafarowa Gahryman
Arkadagymyzy Azerbaýjanyň milli parlamentiniň agzalary bilen, öz nobatynda,
türkmen halkynyň Milli Lideri hem Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygyny
türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy.
Soňra Sahiba Gafarowa Gahryman Arkadagymyzy hem-de
türkmen wekiliýetiniň agzalaryny Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň
sessiýalarynyň geçýän ýeri bolan uly mejlisler zaly bilen tanyşdyrdy we degişli
maglumatlary berdi. Şeýle hem ol türkmen halkynyň Milli Liderini Milli Mejlisiň
muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdy. Muzeý bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman
Arkadagymyz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda
türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan
Respublikasynyň milli parlamentiniň ýolbaşçysynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Sahiba Gafarowa Gahryman Arkadagymyzy ýene bir gezek
mähirli mübärekläp, şu günki duşuşygyň döwletara gatnaşyklary, şol sanda
parlamentler derejesindäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga itergi berjekdigine
ynam bildirdi. Ol 2022-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran saparyny ýakymly
duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy we pursatdan peýdalanyp, saparynyň
dowamynda Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen
sylaglanandygy üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem
dostlukly ýurduň milli parlamentiniň ýolbaşçysy Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň
arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini belläp, iki ýurduň
halklaryny diliň, medeniýetiň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygynyň
baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, ýokary derejedäki özara
saparlaryň döwletara gatnaşyklary ösdürmekdäki möhüm ähmiýetine üns çekildi.
Sahiba Gafarowa Bitarap ýurt hökmünde amala aşyrýan
parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatynyň Türkmenistana halkara giňişlikde
uly abraý getirýändigini belledi we öz ýurdunyň doganlyk Türkmenistan bilen
gatnaşyklara ýokary baha berýändigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bildirilen
myhmansöýerlik we mähirli garşylanandyklary üçin türkmen wekiliýetiniň adyndan
tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Sahiba Gafarowanyň 2022-nji ýylyň
dekabrynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň barşynda Aşgabatda geçirilen
duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny nygtady. Şol saparyň dowamynda
ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyz şu günki duşuşygyň türkmen-azerbaýjan doganlyk
gatnaşyklaryny, şol sanda iki ýurduň parlamentleriniň arasynda hyzmatdaşlyk
boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama laýyklykda alnyp barylýan parlament
diplomatiýasy boýunça hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm itergi berjekdigine ynam
bildirdi.
Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Azerbaýjan
Respublikasynyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda ýola goýlan köpugurly
gatnaşyklaryň strategik häsiýetini belledi. Şunda parlamentara dialogy
ösdürmekde ýurtlarymyzyň Mejlislerinde döredilen dostluk toparlaryna möhüm
ornuň degişlidigi, olaryň yzygiderli duşuşyklaryny geçirmegiň zerurdygy
nygtaldy. Hormatly Arkadagymyz häzirki wagtda parahatçylygy goramakda,
howpsuzlygy üpjün etmekde, hormat goýmak dialogynyň medeniýetini dikeltmekde
parlamentleriň wajyp ornuny belläp, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň parlament
wekilleriniň bilelikde bu maksatlara ýetmäge, häzirki döwürde ählumumy gün
tertibinde duran meseleleriň üstünde işlemäge uly goşantlaryny goşjakdygyna
ynam bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri parlamentara dialogyň, gender
deňliginiň, zenanlar we ýaşlar diplomatiýasynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.
Gahryman Arkadagymyz azerbaýjan parlamentarilerine türkmen kärdeşleri bilen
bilelikde bu ugurlarda özara hyzmatdaşlyk etmegiň usullaryny işläp taýýarlamagy
teklip etdi hem-de taraplaryň üstünlikli tejribesiniň mundan beýläk-de
bilelikdäki işlerde peýdalanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn
medeni, ylym-bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň
bardygyna ynam bildirip, iki ýurduň parlamentleriniň howandarlygynda
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ýaşlarynyň ylym we bilim forumlaryny guramak
mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň we
Azerbaýjanyň doganlyk döwletlerdigini, halklarymyzy diňe bir geografiýanyň däl,
eýsem, umumy taryhyň, diliň, medeniýetleriň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň
ýakynlygynyň hem baglanyşdyrýandygyny, bu beýik mirasy peýdalanmagyň parlament
wekilleriniň gönüden-göni wezipesi bolup durýandygyny belläp, türkmen halkynyň
Milli Lideri hökmünde mundan beýläk-de döwletara gatnaşyklary ösdürmek, türkmen
we azerbaýjan halklaryny asyrlaryň dowamynda baglanyşdyryp gelýän gatnaşyklary
berkitmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.
Dostlukly ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysy Gahryman
Arkadagymyzyň beýan eden teklipleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, azerbaýjan
tarapynyň kanun çykaryjy edaralarynyň ugry boýunça Türkmenistan bilen
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini nygtady.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli
Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň
Başlygy Sahiba Gafarowa hem-de iki ýurduň wekiliýet agzalary bilelikde
ýadygärlik surata düşdüler.
Gahryman Arkadagymyz azerbaýjan halkynyň umumymilli
Lideri Geýdar Aliýewiň baky aram tapan ýeri bolan Hormat meýdançasyna bardy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň görnükli döwlet we syýasy
işgärini hatyralap, Geýdar Aliýewiň guburyna gül desselerini goýdy. Geýdar
Aliýewiň ýolbaşçylygynda Azerbaýjan Respublikasynyň okgunly ösüşi we halkara
abraýynyň belende galmagy üçin berk binýat goýuldy. Ol Türkmenistanda iki
doganlyk ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge hem-de
pugtalandyrmaga uly ähmiýet beren döwlet işgäri hökmünde tanalýar. Şeýle-de
Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň
käbesiniň guburyna gül dessesini goýdy.
Soňra Milli Liderimiz “Ýeňiş” ýadygärlikler toplumyna
bardy we öz Watany üçin janyny gurban eden Azerbaýjanyň milli gahrymanlaryny
hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy. Munuň özi geljek nesilleriň
abadan durmuşy üçin şirin janyny pida eden gahrymanlary hatyralamak ýaly
türkmen we azerbaýjan halklaryna mahsus däpleriň dowamata atarylýandygynyň
beýany boldy.
Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kawkaz
musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen
duşuşygy boldy.
Allahşukur Paşazade belent mertebeli myhmany mähirli
mübärekläp, Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny
aýtdy we ruhy-medeni gymmatlyklary ilerletmekde şeýle duşuşyklaryň möhüm
ähmiýetini belledi. Şeýle-de ol 2014-nji ýylda Aşgabatda bolanda, paýtagtymyzyň
gözel binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny, Milli Liderimiziň
başlangyjy bilen Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
uly işleriň amala aşyrylandygyny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň
görnükli syýasatçy hökmünde dünýäde giňden tanalýandygyny aýtdy.
Hormatly Arkadagymyz myhmansöýerligi we hoşniýetli
sözleri üçin Allahşukur Paşazadä minnetdarlyk bildirdi hem-de şu duşuşygyň
Azerbaýjana saparynyň möhüm we ähmiýetli bölegidigini, ikitaraplaýyn köpugurly
hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, aýratyn mana eýedigini belledi.
Nygtalyşy ýaly, iki doganlyk halkyň hoşniýetli
goňşuçylyk gatnaşyklarynyň taryhy asyrlaryň jümmüşine uzaýar. Taryhyň, diliň,
medeniýetiň, däp-dessurlaryň umumylygy iki halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň
mizemez binýadyny emele getirýär. “Biz diňe bir dil babatda däl, eýsem, beýleki
ugurlarda hem birek-birege örän gowy düşünýäris. Iki halkyň bir bitewi kökleri
bar. Biz umumy köklere, ýakyn garyndaşlyga esaslanýarys. Bir umumy
gymmatlyklara eýerýäris. Biz örän baý taryhy tejribäni häzirki döwre çenli
aýawly saklap geldik. Häzir biziň ýurtlarymyz, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň
ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň, uzak möhletli bähbitleriň
gabat gelmeginiň zerurdygyna anyk düşünmäge, hyzmatdaşlygyň ägirt uly
geljeginiň bardygyna esaslanýarlar” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Allahşukur Paşazade syýasy, ykdysady,
medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigine
ünsi çekip, ýurtlarymyzyň munuň üçin ähli zerur tagallalary edýändigini, bu
işde iki ýurduň din işgärleriniň, umuman, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň
halklaryny birleşdirýän yslam dininiň ornuny aýratyn nygtady. Yslam dini beýik
we ebedi gymmatlyklary bilen biziň gatnaşyklarymyzy baýlaşdyrýar. Şunuň bilen
baglylykda, söhbetdeşler yslam dininiň ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde,
olarda Watana, onuň taryhyna söýgi, ata-enä, maşgala ojagynyň mukaddesligine
hormat goýmak duýgularyny kemala getirmekde örän uly ähmiýetini bellediler.
Häzirki döwürde bu düşünjeler Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ruhy-ahlak
köklerini, olaryň jemgyýetçilik, durmuş-syýasy nusgasyny emele getirýär. Şunuň
bilen baglylykda, Milli Liderimiz ýurtlarymyzda bu wezipäni ýerine ýetirmekde
din işgärleriniň tutýan ornunyň uludygyny kanagatlanma bilen nygtady.
Din işgärleriniň at-abraýy, baý tejribesi
ýurtlarymyzda üstünlikli döwlet gurluşynyň, parahatçylygy goramagyň we
berkitmegiň, durmuş, milletara agzybirliginiň örän möhüm şertine öwrülýär.
Gahryman Arkadagymyz häzirki şertlerde dinara dialogyň aýratyn ähmiýete
eýedigini we derwaýysdygyny belläp, şeýle dialogyň hyzmatdaşlygyň, özara
düşünişmegiň köprüleriniň biri bolup biljekdigine ynam bildirdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy 2025-nji ýylyň
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan
edilendigine ünsi çekip, bu başlangyjyň syýasy-diplomatik çäklerden daşary
çykýandygyny, onuň diňe bir ählumumy geosyýasy häsiýete däl-de, eýsem, örän giň
dünýägaraýyş häsiýetine-de eýedigini aýtdy. Bu başlangyç özara hormat goýmak
esasyndaky dialogy ýola goýmaga, döwletleriň we halklaryň arasynda ynanyşmaga,
ýalňyş garaýyşlarydyr ideologik çäkleri ýeňip geçmäge ýardam bermäge
niýetlenendir. Bu başlangyjy öňe süren ýurt hökmünde Türkmenistanyň maksady
häzirki döwürdäki ýeňil bolmadyk şertlerde parahatçylyk, özara düşünişmek we
hyzmatdaşlyk ýollaryny gurmakdan ybaratdyr. Hormatly Arkadagymyz bu asylly
maksada ýetmekde yslam dinine we onuň wekillerine, uly abraýa eýe bolan
işgärlerine örän aýratyn ornuň degişlidigine ynam bildirip, Şeýh-ul-islam
Allahşukur Paşazadäni 2025-nji ýylyň dekabrynda Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, Aşgabatda geçiriljek halkara maslahata çagyrdy.
Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy
Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade çakylyk üçin hoşallyk bildirip,
Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatynyň sebitde
we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigini
nygtady.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň
halklarynyň arasyndaky doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk gatnaşyklaryny
berkitmäge goşýan uly goşandy üçin Allahşukur Paşazadä tüýs ýürekden
minnetdarlyk bildirip, ýurtlarymyzyň din wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary
mundan beýläk-de ösdürmäge ähli goldawyň we ýardamyň beriljekdigini, olaryň
arasynda berk, uzak möhletli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin hemme şertleriň
dörediljekdigini aýtdy. Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy belent
mertebeli myhmana hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasynda bu möhüm ugurdaky
dialogyň mundan beýläk-de dowam etdirilmeginiň azerbaýjan we türkmen
halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam
berjekdigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Şeýh-ul-islam
Allaşukur Paşazadä türkmen donuny we namazlyk sowgat berdi. Ol tüýs ýürekden
hoşallygyny beýan edip, bu sowgady iki doganlyk halkyň arasyndaky
hormat-sarpanyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň
hormatyna Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygynyň adyndan günortanlyk
nahary berildi. Nahardan soňra, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady.
Töwirde Beýik Biribardan türkmen we azerbaýjan halklarynyň arasyndaky
dost-doganlygyň dowamat-dowam bolmagy, olaryň hemişe abadan durmuşda
ýaşamaklary dileg edildi.
Soňra Milli Liderimiziň awtoulag kerweni “Sea Breeze”
dynç alyş toplumyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew
we “Sea Breeze” toplumynyň esaslandyryjysy Emin Agalarow mähirli garşyladylar.
Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza şekil taslamalarynyň üsti bilen agzalan dynç
alyş toplumy barada maglumat berildi.
Ýeri gelende bellesek, soňky ýyllarda türkmen
topragynyň ajaýyp künjegi bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem tanalmaz
derejede özgerdi. Hazar deňziniň türkmen kenarynda ak mermerli kaşaň
myhmanhanalar, kottej şäherçeleri, ýaht-klublar, çagalar sagaldyş merkezleri,
sport desgalary guruldy, dynç alyş seýilgähleri, ýaşyl zolaklar, emeli derýa
döredildi. Bularyň hemmesi, şol sanda ulag, inženerçilik-tehniki düzümleriň
desgalary öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de gurluşyk, binagärlik we bezeg
ulgamlaryndaky özboluşly çözgütleri peýdalanmak arkaly, täzeçil çemeleşmeleriň
esasynda bina edildi. Häzirki döwürde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy iri
işewürlik, medeni we sport merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyryp, ýokary
derejedäki duşuşyklaryň, dürli halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Amatly howa şertleri hem-de Hazar deňziniň türkmen kenarynyň baý şypahana
kuwwaty, iň döwrebap tehnologiýalardan, innowasiýalardan, öňdebaryjy binagärlik,
inženerçilik-tehniki gazanylanlardan ugur alynmagy, öňde goýlan maksatlara
ýetmek babatda oýlanyşykly çemeleşmeler, eziz Diýarymyzyň “deňiz merjeniniň”
halkara syýahatçylygyň, şypahana-dynç alşyň hem-de sportuň ykrar edilen
merkezine öwrülmegi üçin ähli şertleri döredýär.
Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna
sapary dowam edýär.