Türkmenistanly mekdep okuwçylary Birleşen
Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen 57-nji Halkara himiýa
olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler. 5 — 14-nji iýul aralygynda geçirilen
olimpiadada Türkmenistana wekilçilik eden mekdep okuwçylarynyň üçüsi baýrakly
orna düşmegi başardy.
Olimpiadanyň guramaçylyk komitetiniň saýtynda
berilýän habara görä, türkmenistanly mekdep okuwçylary 2 sany kümüş we 1 sany
bürünç medala mynasyp boldular. Has takygy, Diýar Döwletow we Rüstem Jumaýew
kümüş, Pälwan Ilmämmedow bolsa bürünç medal bilen sylaglanyldy.
Ýeri gelende bellesek, 57-nji Halkara
himiýa olimpiadasyna dünýäniň 90 ýurdundan 350-den gowrak mekdep okuwçysy
gatnaşdy.