Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, raýatlaryň
saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak,
adamyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, bu ugurda netijeli we toplumlaýyn
çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol
çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni
almak boýunça 2025 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» hem-de şu
Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy
tassyklanyldy.
Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine meýilnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.