milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyz «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
15 sagat öň 22 Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan sport we syýahatçylyk ulgamlaryna durnukly ösüşiň strategik ugurlary hökmünde garaýar. Ýurdumyz halkara hil standartlaryna, ekologik meselelere, innowasion çözgütleriň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns bermek bilen, döwrebap sport we syýahatçylyk infrastrukturasyny işjeň ösdürmegini dowam etdirýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň «Nicklaus Сompanies» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda oňyn tejribe toplandygyny aýdyp, Aşgabat şäherinde gurlan we halkara standartlara laýyk gelýän, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň, myhmanlarynyň arasynda meşhur bolan döwrebap golf klubunyň taslamasyny munuň aýdyň mysaly hökmünde görkezdi. Bu taslama Türkmenistanda golf sportuny ösdürmekde möhüm ädim boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sport infrastrukturasyny ösdürmekde Türkmenistan bilen «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, kompaniýanyň golf meýdançalarynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça alyp barýan işleriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda öz beýanyny tapjakdygyna hem-de ony ösdürmekde wajyp ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Munuň özi Awazany ýurdumyzyň öňdebaryjy dynç alyş we sport merkezine öwürmekde nobatdaky ädim bolar.

Işewür Türkmenistanda sport ulgamyny, hususan-da, golf sportuny ösdürmäge uly üns berilýändigini aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge hemişe taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.