22.04.2024 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi
Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi
23.02.2024 267 Habarlar

Düýn – 22-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler mejlisiň esasy meselesi boldy. Şeýle hem onuň gün tertibine Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi.

Mejlise Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň we Hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, beýleki çagyrylanlar gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyş etdi. Milli Liderimiz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň beren tabşyryklaryny, öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek, kanunçylygyň dürli ugurlaryna degişli teklipleri öwrenmek maksady bilen, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň jogapkär wekilleriniň, jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagynda Halk Maslahatynyň we Mejlisiň komitetleriniň göçme maslahatlaryny geçirmek zerurdyr diýip nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy.