Şu gün paýtagtymyzda «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka öz işine
başlady. Bagtyýar çagalygyň ýurdunda — eziz Watanymyzda her täze okuw ýylynyň
öňüsyrasynda şeýle sergini guramak asylly däbe öwrüldi. Sergi şeýle hem çagalar
we ýetginjekler üçin harytlary öndürýän, bilim-terbiýeçilik ulgamynda
hyzmatlary hödürleýän ýurdumyzyň we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryny bir
ýere jemleýän meýdança bolup hyzmat edýär.
Irden Söwda-senagat edarasynyň
öňündäki baýramçylyk ruhunda bezelen meýdança köp sanly myhmanlar ýygnandylar.
Olaryň hatarynda Hökümet agzalary, ýurdumyzyň Mejlisiniň, ministrlikleriniň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary
döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň
ýolbaşçylary bar.
Çagalar döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren
şowhunly aýdym-sazlary we tansly çykyşlary halkara sergi-ýarmarkanyň açylyş
dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy. «Jahan»
döredijilik merkeziniň sungat gurnaklaryna gatnaýan çagalaryň çykyşlary aýratyn
täsirli boldy. Mälim bolşy ýaly, döredijilik merkeziniň çagalary ýurdumyzda we
daşary döwletlerde geçirilýän festiwallara, medeni çärelere işjeň gatnaşyp,
milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmak işine goşant goşýarlar.
Dabara gatnaşyjylar hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly
halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»
ýylynda ak mermerli Aşgabatda geçirilýän halkara sergi-ýarmarkanyň öz işine
başlamagy bilen oňa gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady. Bu iri möçberli
sergi-ýarmarka ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň çagalar üçin harytlar we
hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan kompaniýalaryna, bilim edaralaryna, halkara
guramalara öz döwrebap önümlerini we hyzmatlaryny, häzirki zaman gazananlaryny
hem-de geljekki ösüş ugurlaryny görkezmäge mümkinçilik döreder.
Hormatly Prezidentimiz halkara gözden geçirilişiň
ýaşlaryň ylmy we döredijilik mümkinçiliklerini baýlaşdyrmakdaky ähmiýetini
aýratyn nygtap, häzirki döwrüň bilim ulgamynyň sanly dünýäni paýhas bilen
birleşdirýän çäksiz mümkinçilikler ummanyna öwürmek bilen, ýaşlaryň her birine
öz geljeginiň açarynyň eýesi bolmagyna ýol açýandygyny belledi. Ol diňe bir
bilim bermegi däl, eýsem, ýaşlaryň dünýägaraýşynyň, ahlak ýörelgeleriniň we
döredijilik ukyplarynyň kemala gelmegini höweslendirmegi hem öz içine alýar.
Soňra ýygnananlar halkara
sergi-ýarmarkanyň gyzykly we özüne çekiji diwarlyklary bilen tanyşdylar. Bu
ýerde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öňdebaryjy bilim merkezleriniň, çagalar
üçin mebelleri, oýnawaçlary, serişdeleri, okuw esbaplaryny we öwrediji
gollanmalary taýýarlaýan, şeýle-de ýokumly iýmit garyndylaryny öndürýän kärhanalarynyň
100-den gowragynyň diwarlyklary gurnaldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
durmuşa geçirýän ynsanperwer işlerine hem-de «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň öndürýän saglygy
goraýyş maksatly önümlerine bagyşlanan sergi diwarlyklary uly gyzyklanma
döredýär. Mälim bolşy ýaly, geçen gysga döwrüň içinde haýyr-sahawat gaznasynyň
hasabyna howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň
lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmäge, çagalar öýlerinde,
ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaşajyk
ildeşlerimiziň bejergileri, lukmançylyk maksatly serişdeleriniň satyn alynmagy
üçin pul serişdeleriniň bölünip berilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadagymyz körpe nesli atalyk aladalary bilen gurşap, durmuş
ýagdaýlary sebäpli hossarsyz galan çagalaryň halkyň Arkadagynyň beýik adyny
götermekleri üçin hem ähli mümkinçilikleri döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň
parasatly belleýşi ýaly, ýurdumyzda çagalaryň hiç biri hossarsyz däldir. Olaryň
arkasynda dag ýaly döwletimiz durandyr. Şu maksatlar bilen, gaznanyň ýanynda
döredilen Ýaşulular geňeşi ata-babalarymyzdan gelýän asylly däp-dessurlar
arkaly nesilleri terbiýelemek wezipesine aýratyn ähmiýet berýär.
«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy häzirki wagtda çagalar
üçin zerur witaminler bilen baýlaşdyrylan çaga iýmitiniň dürli görnüşlerini
hem-de gündelik sarp edilýän lukmançylyk serişdelerini öndürýär. Kärhana
Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk
güwänamasy berlendir. Munuň özi kärhananyň öndürýän önümleriniň lukmançylyk
ulgamyna degişli hil görkezijileri babatda ýokary talaplara laýyk gelýändigine
şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda öndürilýän, görnüş babatda yzygiderli baýlaşdyrylýan
ýokary hilli çaga iýmiti hem-de lukmançylyk serişdeleri Gahryman Arkadagymyzyň
ýolbaşçylyk etmeginde işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň wezipeleriniň
häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa
geçirilýändiginiň güwäsidir.
Halkara sergi-ýarmarka golaýlap
gelýän täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän ata-enelere dürli okuw esbaplaryny we
lybaslaryny satyn almak üçin amatly teklipleri hödürleýär. Şunuň bilen
baglylykda, Dokma senagaty ministrliginiň diwarlygynda dokma we tikinçilik
kärhanalary tarapyndan taýýarlanylan, mekdep okuwçylarynyň okuw, bedenterbiýe
sapaklarynda, öý şertlerinde geýmekleri üçin lybaslaryň uly toplumy
görkezilýär. Gözden geçirilişiň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary
ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan okuwçylar üçin esbaplaryň köp
görnüşleri jemlenen özboluşly mekdep bazary döredilipdir. Hödürlenilýän
harytlaryň köpüsiniň ýerli hususy önüm öndürijiler tarapyndan öndürilendigini
bellemek gerek.
Bilim, Medeniýet ministrlikleriniň
hem-de sport federasiýalarynyň diwarlyklarynda ýaş nesilleriň beden we ruhy
taýdan sagdyn ösmegi, döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin
döredilýän mümkinçilikler öz beýanyny tapýar. Şeýle döwrebap şertleriň
döredilmegi netijesinde mekdep okuwçylary halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş
edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýaş nesliň kadaly dynç almagy hem
hemişe üns merkezinde saklanylýan ugurdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň
çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerine degişli sergi diwarlyklarynda tomusky
dynç alyş möwsüminden şadyýan pursatlar şöhlelendirilipdir. Şu möwsümde
çagalaryň müňlerçesi Gökderede, Awazada we Diýarymyzyň sebitlerinde ýerleşýän
merkezlerde dynç alyp, saglygyny berkitdi. Munuň özi olaryň okuw ýylyna täze
güýç, uly ruhubelentlik bilen başlamaklaryny şertlendirýär.
Türkmenistanyň Telewideniýe,
radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat
müdirliginiň diwarlygynda çagalar üçin hödürlenilýän multfilmler we dürli
suratlar bilen milli öwüşginde bezelen kitaplar tanyşdyrylýar.
Türkmenistan Birleşen Milletler
Guramasynyň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli we yzygiderli
durmuşa geçirýär hem-de beýleki döwletler, abraýly halkara düzümler bilen işjeň
hyzmatdaşlyk edýär. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda ozaldan gelýän
hyzmatdaşymyz — eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi,
maşgalalaryň maddy-durmuş ýagdaýynyň ýokarlanmagy, bilim, saglygy goraýyş
ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegi
babatda ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalara işjeň gatnaşýan BMG-niň
Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) hem bar.
Dört günläp dowam etjek forumda
paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary tematiki ugurly dürli görnüşli
önümleriň köp sanlysyny özünde jemleýän diwarlyklar bilen tanşyp bilerler.
Şunda sergä gelýänleri diňe bir bu ýerde görkezilýän ýokary hilli harytlaryň
giň görnüşi däl-de, eýsem, olaryň täze doglandan başlap, dürli ýaşdaky çagalara
niýetlenendigi hem özüne çekýär. Täze doglan çagalar üçin harytlaryň uly
toplumy — geýimler, gap-gaçlar, bäbejikleri iýmitlendirmek üçin ýokumly iýmit
garyndylary, arassaçylyk serişdeleri we beýleki önümler, ilkinji nobatda, ýaş
ene-atalarda uly gyzyklanma döretdi. Olar ýurdumyzyň, dünýäniň belli önüm
öndürijileriniň iň gowy, iň täze harytlary bilen gyzyklanma bildirip
tanyşdylar. Halkara sergi-ýarmarkanyň daşary ýurtly gatnaşyjylarynyň hatarynda
Eýran Yslam Respublikasy, Ýaponiýa, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Hytaý
Halk Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Amerikanyň
Birleşen Ştatlary ýaly döwletlerden iri kompaniýalar bar.
Halkymyzyň köp çagalylyga, köp çagaly
maşgalalara hemişe aýratyn hormat bilen garaýandygyny nazara alyp, sergini
guraýjylar pawilýonlaryň bezeginde bu ugra aýratyn üns beripdirler. Sergi diňe
bir işewürleriň mümkinçiliklerini görkezmekleri üçin ajaýyp meýdança bolmak
bilen çäklenmän, eýsem, ene-atalar we çagalar üçin özboluşly baýramçylyk
çäreleriniň toplumyny özünde jemleýär. Ýaýbaňlandyrylan diwarlyklar ýaşajyk raýatlarda
uly şatlyk döretdi. Her dürli oýunjakly, stoluň üstünde oýnalýan oýun görnüşli
we pikirlenişi ösdürýän okuw gollanmaly diwarlyklaryň öňi has köp adamly boldy.
Ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde
uly islegden peýdalanýan ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek
boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna möhüm orun degişlidir. Döwletimiz soňky
ýyllarda import harytlarynyň ornuny tutýan, «Türkmenistanda öndürildi» haryt nyşanly önümleri daşarky
bazarlarda işjeň ýerlemek boýunça yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýär. Milli
azyk senagatynyň önümleri — ajaýyp tagamy we hili bilen tapawutlanýan çaga
iýmitleri, miwe içgileri, gazlandyrylan suwlar, süýji-köke önümleri alyjylaryň
uly islegine eýe bolup, giňden tanalýar. Ýerli önüm öndürijileriň bu ýerde
görkezilýän harytlarynyň kabul edilen halkara ölçegleriň ekologik, gözellik
talaplaryna laýyklykda gaplanandygyny we bezelendigini bellemek gerek. Sergä
gatnaşýanlaryň hatarynda çagalar üçin dürli önümleriň satuwyny amala aşyrmaga
ýöriteleşen iri söwda torlary hem bar.
Bilim merkezleriniň diwarlyklarynyň
ýanynyň köp adamly bolmagy halkymyzyň ylym-bilime, ýaş nesliň terbiýesine uly
ähmiýet berýändigini görkezýär. Çünki ösen aň-düşünjeli, ýokary ahlakly ýaş
nesiller Watanymyzyň geljegidir. Bu ýerde geljekki hünärleri ele almak, daşary
ýurtlaryň belli ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin maslahatlary almak
bolýar. Ýurdumyzda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini öwrenmegi, takyk bilimleri
özleşdirmegi üçin uly şertler bar. Telekeçiler okatmagyň öňdebaryjy we netijeli
usullaryna esaslanýan bilim merkezlerini esaslandyryp, kämil bilimli, ösen
aň-düşünjeli ýaş nesliň kemala getirilmegine mynasyp goşant goşýarlar.
Gahryman Arkadagymyzyň
öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp
dowam etdirilmegi netijesinde, soňky ýyllarda ýurdumyzda ýaş nesliň bagtyýar
ýaşamagy, doly derejede dynç we bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy,
bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, terbiýeli adamlar bolup
ýetişmekleri üçin giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu
maksatlar bilen, maşgala goldaw bermegiň, eneligi we çagalygy goramagyň, ýaş
nesilleri terbiýelemegiň, olara bilim bermegiň kanunçylyk taýdan üpjün
edilmeginden başlap, bu ulgamda iň gowy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagyna
çenli ygtybarly döwlet ulgamy kemala getirildi.
Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda mekdep
harytlaryny özünde jemleýän pawilýonlaryň aýratyn gyzyklanma döretjekdigi düşnüklidir.
Bu ýerde okuw üçin ähli zerurlyklary — okuw esbaplaryny we gollanmalary,
çagalar üçin niýetlenen mebelleri amatly bahadan satyn alyp bolýar. Däbe görä,
tomsuň soňky aýynda ýurdumyzyň ähli künjeginde her ýyl ýaýbaňlandyrylýan mekdep
bazarlarynda bolşy ýaly, bu ýerde hem islegiňe görä mekdep lybaslaryny,
aýakgaplary, okuw torbalaryny, ýazuw depderlerini we beýlekileri saýlamaga
mümkinçilik bar.
Sergä gatnaşýan döwlet we hususy
düzümlere, daşary ýurt kompaniýalaryna öz alyp barýan işleri, önümleri, hödürleýän
hyzmatlary bilen giň halk köpçüligini tanyşdyrmaga amatly şertler döredildi. Şu
gezekki sergä ýaşajyk raýatlaryň işjeň gatnaşmagy onuň esasy aýratynlygydyr. Bu
ýerde çagalar üçin interaktiw oýun zolaklary döredilipdir. Gözden geçirilişiň
çäklerinde çagalar üçin güýmenje tehnologiýalara uly ähmiýet berildi. Ýörite
gurnalan zolaklarda tebigat, tehnika, anatomiýa ýaly ugurlarda oýunlar arkaly
çagalarda geljekki hünärlere höwes döredilýär. Ýaşajyk türkmenistanlylar
serginiň işiniň dowam edýän ähli günlerinde tejribeli tälimçileriň
ýolbaşçylygynda döredijilik, aşpezlik we başga-da birnäçe gyzykly ugurlar bilen
meşgullanyp, wirtual we sanly dünýä, ylmyň dürli ugurlary baradaky
düşünjelerini artdyryp bilerler.
Halkara sergi-ýarmarka çagalar üçin
köp sanly güýmenjelere baýlygy bilen tapawutlanýar. Ertekileriň, multfilmleriň
gahrymanlarynyň hem-de täsin tilsimleri görkezýän artistleriň şowhunly
çykyşlary körpeleriň şatlykly gülkülerine beslendi. Çagalar üçin täze
neşirleriň tanyşdyrylyş dabaralary ýaş nesliň kitaba, bilim almaga we öwrenmäge
höwesini artdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň
animator-multiplikatorlary tarapyndan döredilen ilkinji 3D ölçegli multserialyň
görkezilişi hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky
döwlet komitetiniň Mahabat müdirliginiň çagalar üçin ýöriteleşdirilen güýmenje
mazmunly «Nowça TV» sanly platformasynyň tanyşdyrylyş
dabarasy geçirildi. Sanly platformada çagalar üçin suratlar bilen bezelen
elektron kitaplara, türkmen we daşary ýurt multfilmlerine we beýleki
wideoşekilli eserlere möhüm orun berilýär. Sanly platformada ata-eneleriň
çagalarynyň wagtyny nähili geçirişine gözegçilik edip bilmek mümkinçiligi onuň
esasy aýratynlygydyr.
Serginiň çäklerinde mekdep
okuwçylarynyň arasynda geçirilýän küşt ýaryşy sportuň bu görnüşi boýunça iň
zehinli ýaşajyk wekilleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu ýaryşa dünýäniň
10-a golaý ýurdundan ýaşajyk küştçüleriň gatnaşmagy onuň geriminiň giňdigini
görkezýär. Şeýle hem sergide çagalar Halkara mekdep küşt federasiýasynyň
tälimçileriniň we ussat grossmeýsterleriň küşt boýunça tälim beriji sapaklaryny
alyp bilerler.
Halkara sergi-ýarmarka ata-eneler,
bilim-terbiýeçilik işine gatnaşýan hünärmenler üçin-de peýdaly çärelere baýdyr.
Çagany geljekki hünärlere ugrukdyrmak, ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň peýdasy
barada maslahat beriş geňeşmeleri gyzyklylygy bilen tapawutlandy.
Halkara sergi-ýarmarkanyň geçirilýän
günlerinde robot boýunça taslamalaryň, mental arifmetika ugrundan
bäsleşikleriň, çaga lybaslarynyň görkezilişiniň guralmagy göz öňünde tutulýar.
Geçiriljek çäreler ýurdumyzyň geljegi hasaplanylýan çagalara diňe bir ýatdan
çykmajak täsirleri we şatlykly duýgulary bagyşlamak bilen çäklenmän, eýsem,
olary çäksiz alada bilen gurşap alýan, ýaş nesliň sagdyn bedenli, bilimli,
hemmetaraplaýyn sazlaşykly kemala gelmegi we terbiýelenmegi üçin ähli şertleri
döredýän Watanymyza bolan söýgini hem artdyrýar.
Sergi-ýarmarkanyň şygary «Ähli zat çagalar üçin» bolsa-da, onuň çäklerinde geçirilýän
çäreler dürli ýaşdakylary özüne çekýär. Sergi meýdançasy hemmeleri çagalygyň
täsin we jadyly dünýäsine aralaşdyrýar. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň we
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ösüşiň täze belentliklerine
bedew bady bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyzdaky bagtyýar çagalyk aýdyň
şöhlelenmesini tapýar.
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka öz işini
22-nji awgustda tamamlar. Onuň ahyrynda gatnaşyjylara degişli diplomlar
gowşurylar.