Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry»
atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň
arasynda yglan edilen «Çalsana,
bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
geçirildi.
Milli medeniýetiň ösdürilmegi, baý milli mirasymyzyň goralyp saklanylmagy,
öwrenilmegi, geljek nesillere ýetirilmegi hem-de dünýäde giňden wagyz edilmegi
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän medeni strategiýanyň esasy
ugurlarynyň biridir. Garaşsyz Watanymyzda aýdym-saz sungatynyň, şol sanda onuň
nusgawy ýolunyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu täsin sungatyň kemala
gelmegi hem-de ösüşi türkmen bagşy-sazandalarynyň atlary bilen aýrylmaz
baglanyşyklydyr. Gadymdan gelýän milli aýdym-saz sungatymyzy mynasyp dowam
etdirýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, döredijilik bäsleşikleri
yzygiderli geçirilýär. Ýaş nesilde milli medeniýetimize gyzyklanmany ösdürmek,
olaryň döredijilik ukybyny höweslendirmek, dutarda ýerine ýetirijilik,
bagşyçylyk sungatyny geljek nesillere ýetirmek, dünýä ýaýmak maksady bilen
geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi hem munuň aýdyň mysalydyr.
...Çärä gatnaşyjylar, ilki bilen, Mukamlar köşgüniň eýwanynda guralan
şekillendiriş, amaly-haşam sungaty eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, milli
saz gurallarynyň, ussat bagşy-sazandalaryň fotosuratlarynyň sergisini
synladylar. Mälim bolşy ýaly, medeniýet halkyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala
getiren gymmatlygy hasaplanýar. Türkmen halkynyň ýiti zehini hem-de paýhasy
bilen asyrlaryň dowamynda döreden maddy we maddy däl gymmatlyklary dünýä
medeniýetiniň genji-hazynasy hökmünde ykrar edildi. Häzirki döwürde milli
medeniýetimizi ajaýyp eserler bilen baýlaşdyrmaga goşant goşýan döredijilik
wekillerine uly sarpa goýulýar.
Ýaş bagşy-sazandalaryň bäsleşigine tomaşa etmäge medeniýet we sungat
ulgamynyň köp sanly işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary ýygnandylar. Olar
döwlet Baştutanymyzyň «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna
gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
Hormatly Prezidentimiz Gutlagynda türkmen bagşyçylyk sungatynyň ösmeginde
uly hyzmatlary bitiren halypa bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren
aýdym-sazlarynyň halkymyzyň kalbynda baky ýaşaýandygyny nygtaýar. «Çary Täçmämmedow, Jepbar Hansähedow, Çary Gurbanow, Ýagmyr Nurgeldiýew,
Hommat Jelilow, Dörtguly Durdyýew, Hojamyrat Öräýew, Bally Mätgeldiýew,
Patyşaguly Girmanow, Gaýgysyz Çaryýew, Döwletgeldi Ökdirow, Nurýagdy Baýramow,
Allaberdi Ataýew, Gurbandurdy Öwezow, Parahat Şyhymow ýaly ussatlardan miras
galan aýdym-sazlar bu gün ýaş dutarçy bagşy-sazandalar üçin nusgalyk mekdebe
öwrüldi. Siz juwan kalbyňyzda gaýnap duran tebigy zehiniňiz, yhlasyňyz we
sungata söýgiňiz bilen ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän
aýdym-sazlary döretmelisiňiz, türkmen bagşyçylyk sungatyny has-da
ösdürmelisiňiz!» diýip, Arkadagly Gahryman
Serdarymyz Gutlagynda belleýär.
Döredijilik bäsleşigine 18 — 35 ýaş aralygyndaky ýerine ýetirijileriň
gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm
ugurlarynyň biridigini nobatdaky gezek tassyklaýar. Onuň jemleýji tapgyryna
deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, ýurdumyzyň
welaýatlaryndan bagşylaryň 14-si, dutarçy sazandalaryň hem 14-si gatnaşdy. Ilki
bilen, dutarçy sazandalaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Ýokary ussatlyk bilen
çalnan halk sazlarynda halkymyzyň geçen taryhy ýoly öz beýanyny tapýar.
Bagşy-sazandalaryň milli sazlary, halk aýdymlaryny Diýarymyzyň dürli
sebitlerine mahsus ýol-ýörelgeler esasynda ýerine ýetirmekleri bäsleşige
köpöwüşginli äheň berdi.
Türkmen halk saz gurallary häzirki wagtda dürli orkestrleriň düzüminde
ýaňlanyp, şolaryň hatarynda dutar milli saz medeniýetimizde aýratyn orun
eýeleýär. Häzirki döwürde ýaşlar halypalary bilen dürli bäsleşiklere, döwlet
derejesinde geçirilýän konsertlere, baýramçylyk dabaralaryna işjeň
gatnaşýarlar. Munuň özi kalplarda baky ýaşajak sungaty döreden meşhur türkmen
bagşy-sazandalarynyň sungat ýolunyň mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär.
Soňra bäsleşigiň ikinji bölüminde türkmen halk aýdymlaryna orun berildi.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň
döredijiligine berýän üns-aladasyndan ruhlanyp, bäsleşige gatnaşyjylar
aýdym-sazlary aýratyn joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň
maksatnamasynda halkymyzyň saz medeniýetini, onuň parahatçylyk söýüjilikli
ýörelgelerini, Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşanyna öwrülen ahalteke
bedewlerini wasp edýän çykyşlar öz beýanyny tapdy.
Ýeňijileri sylaglamak dabarasy bäsleşigiň aýratyn tolgundyryjy
pursatlarynyň birine öwrüldi. Dabara gatnaşanlaryň şowhunly el çarpyşmalary
astynda ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de dutarçy sazandalaryň 14-siniň atlary
yglan edildi we olaryň her biri ýörite diplom, altyn zynjyr bilen sylaglanyldy.
Şeýle-de «Çalsana, bagşy!» bäsleşigine gatnaşanlaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan
ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşigiň ýeňijileri milli bagşyçylyk we
dutarda saz çalmak medeniýetini mundan beýläk-de ösdürmekde yhlasyny,
döredijilik zehinini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna
Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn goldanylmagy, milli
medeniýetimiziň ösdürilmegi ugrunda durmuşa geçirilýän asylly işler üçin tüýs
ýürekden hoşallyk beýan edildi.