2025-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Daşkent şäherinde
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň
üçünji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar
berilýär.
Duşuşyga Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň
Senatynyň başlygy Tanzila Narbaýewa, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň
Kanun çykaryjy Palatasynyň spikeri Nuriddin Ismoilow, Koreýa Respublikasynyň
Milli Assambleýasynyň başlygy U Won Sik, Gazagystan Respublikasynyň
Parlamentiniň Majilisiniň başlygy Ýerlan Koşanow, Täjigistan Respublikasynyň
Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň başlygynyň orunbasary Aziz Giýozoda,
Gyrgyz Respublikasynyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly Ilçisi Duýşankul Çotonow we Türkmenistanyň Özbegistan
Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda parlamentara dialogy ösdürmek we
Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda köptaraplaýyn
hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.
Plenar we mowzuklaýyn mejlislerde jemgyýetçilik
adalatlylygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginiň öňüni
almak, tebigy serişdeleri tygşytly peýdalanmak we daşky gurşaw boýunça
kanunçylygy kämilleşdirmek ugurlarynda parlamentara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak
meselelerine garaldy.
Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar 2023-nji ýylyň
sentýabr aýynda Seul şäherinde we 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat
şäherinde geçirilen duşuşyklaryň parlamentara gatnaşyklaryň bu formatynyň
netijeliligini we zerurlygyny aýdyň görkezendigini bellediler.
Duşuşygyň jemleri boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň we
Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygynyň Bilelikdäki
Jarnamasy kabul edildi.