1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda
2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň
kakyldy. Asylly däbe görä, täze okuw ýylynyň ilkinji güni Garaşsyzlyk binasyna
we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw
mekdebindäki, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde
ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärliklerine gül goýmak dabaralary bilen
başlandy. Bilimler we talyp ýaşlar gününde ähli orta, ýörite orta hem-de ýokary
hünär okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar geçirilip, Döwlet senasy belentden
ýaňlandy.
Geçirilen dabaralarda hormatly Prezidentimiziň
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp
ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda
bellenilişi ýaly, bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde eziz Diýarymyzyň ähli
künjeginde bilim edaralarynyň gapylary giňden açylyp, jaň sesi belentden
ýaňlanýar. Bu mukam täze okuw ýyly bilen birlikde, beýik geljegiň, uly
üstünlikleriň, açyşlaryň ýaňydyr. Ylym we bilim kuwwatly döwletimiziň hem-de
bagtyýar durmuşymyzyň berk binýadydyr. Hormatly Prezidentimiz mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň taryhy wakalar bilen şöhratlanýan
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda
bilimler baýramçylygynyň baý many-mazmunly dabaralarynyň mekdep okuwçylaryna,
talyp ýaşlara, mugallymlara hem-de ähli halkymyza ýatdan çykmajak ýakymly
duýgulary paýlap, eziz Watanymyza söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna ynam
bildirdi.
Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda täze okuw ýylynyň ilkinji
sapagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»
ýylyna, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna bagyşlandy.
Häzirki wagtda ýaş nesliň döredijilik taýdan
kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän
işler, ilkinji nobatda, köpugurly bilim bermäge, ýaşlary watançylyk ruhunda
terbiýelemek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Sanly bilim
ulgamyny ösdürmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy
kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işleri
yzygiderli ösdürilýär. Şu maksat bilen, tutuş ýurdumyzda her ýyl dünýä
ölçeglerine laýyk gelýän umumybilim berýän mekdepler, mekdebe çenli çagalar
edaralary gurlup ulanmaga berilýär. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli,
asylly däbe görä, Diýarymyzda täze bilim edaralarynyň açylyş dabaralary boldy.
Olara Mejlisiň deputatlary, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň
agzalary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik
guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar.
Bilimler we talyp ýaşlar gününde Ahal, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda täze,
döwrebap orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň açylyş dabaralary ýatdan
çykmajak pursatlara beslendi.
Gökdepe etrabynda bina edilen orta mekdep çagalaryň
bilim almagy üçin döwrebap mümkinçilikleri özünde jemleýär. Mekdebiň okuw
otaglary häzirki zaman multimedia enjamlary, kompýuter otaglary bilen üpjün
edilendir. Döwrebap mekdepde okuwçylaryň ähli dersleri, şol sanda zähmet
derslerini özleşdirmekleri babatda zerur şertler döredilipdir. Bu ýerde sportuň
dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin meýdançalaryň bolmagy ýaş nesliň diňe
bir aň-bilim babatda däl, eýsem, beden taýdan kämil kemala gelmekleri
babatda-da uly aladalaryň edilýändiginiň aýdyň görkezijisidir.
Tejen etrabynda döwrebap çagalar bagynyň açylyş
dabarasy Bilimler we talyp ýaşlar gününde etrabyň ýaşaýjylarynyň baýramçylyk
ruhuny has-da belende göterdi. Çagalar bagynda körpe nesilleriň oýun arkaly
başarnyklaryny kämilleşdirmekleri, terbiýelenmegi, dynç almaklary üçin ähli
amatlyklar döredilipdir. Oýun meýdançalarynyň töwereginde bolsa dürli saýaly
baglar oturdylypdyr.
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde täze çagalar
bagynyň açylyş dabarasy ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Dabara
gatnaşyjylar döwrebap binada ýaş toparlarynyň aýratynlyklary nazara alnyp,
çagalaryň sazlaşykly ösmegi, wagtyny şadyýan geçirmegi üçin döredilen şertler
bilen ýakyndan tanyşdylar.
Farap hem-de Çärjew etraplarynda 2 sany orta mekdebiň
açylyş dabaralary ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar
gününde Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy. Munuň özi
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek,
onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça alnyp
barylýan giň möçberli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň netijesidir.
Ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän ähli bilim edaralarynda bolşy ýaly, bu
mekdeplerde hem ýaş nesliň hemmetaraplaýyn bilim almagy we sport bilen
meşgullanmaklary üçin zerur şertler döredilendir.
Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli guralan
dabaraly çäreler türkmenistanlylaryň bilim almagy, hemmetaraplaýyn sazlaşykly
ösmegi ugrunda döwletimiz tarapyndan edilýän aladalaryň güwäsidir. Täze orta
mekdeplerde döwrebap mebeller, okuw enjamlary bilen üpjün edilen giň okuw
otaglary mugallymlaryň we okuwçylaryň ygtyýaryna berildi. Okuw otaglarynda
gurnalan interaktiw-multimedia enjamlary tebigy we takyk ugurly dersleri has
çuňňur öwrenmäge ýardam eder. Mekdeplerde okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny,
zehinini açmak üçin hem ähli şertler göz öňünde tutuldy. Olarda aýdym-saz
otaglary, sport, medeni çäreler üçin zallar, zähmet dersini özleşdirmek üçin
otaglar, okuw gollanmalaryny, çeper eserleri özünde jemleýän kitaphanalar bar.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň döwrebap
binalarynda körpeleriň sazlaşykly terbiýelenmegi, aň-paýhas taýdan
hemmetaraplaýyn ösmegi, göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertler döredilipdir. Dürli
ýaşdaky toparlar üçin amatly, owadan mebelleri bolan oýun we ýatylýan otaglar,
synp otaglary, şol sanda döwrebap ulgamlar üpjün edilen lingafon hem-de
kompýuter otaglary göz öňünde tutulypdyr.
Welaýatlaryň artistleriniň, döredijilik toparlarynyň
aýdym-sazly çykyşlary açylyş dabaralarynyň baýramçylyk şowhunyny has-da
artdyrdy. Welaýatlaryň ýaşaýjylary täze bilim edaralarynyň dabaraly ýagdaýda
açylmagynyň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda
ajaýyp sowgat bolandygyny nygtap, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan
durmuşda ýaşamagy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we
hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.