09.12.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Behişdi bedewleriň watany Türkmenistanyň atçylyk düzümi ösdürilýär
Behişdi bedewleriň watany Türkmenistanyň atçylyk düzümi ösdürilýär
14.10.2021 109 Habarlar

13-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji oktýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, bu desgany gurmak we ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasyna ynanyldy. «Türkmen atlary» döwlet birleşigi ony buýrujy bolup çykyş edýär. Taslama laýyklykda, athanany gurmaga 15,4 gektar meýdan bölünip berildi. Giň çäklerde desgalaryň birnäçesi, şol sanda dolandyryş binasy ýerleşdiriler. Täze toplumyň wezipesi atçylygy mundan beýläk-de ösdürmekden, arassa ganly bedewleriň sanyny artdyrmakdan, tohum häsiýetlerini gowulandyrmakdan ybaratdyr.

...Döwrebap athananyň düýbüni tutmak dabarasy uly baýramçylyga öwrüldi. Dabara welaýat we etrap häkimlikleriniň, obasenagat toplumynyň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary, ahalteke bedewlerine sarpa goýýan köp sanly adamlar, ýaşlar gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler soňky ýyllarda ýurdumyzda atçylyk sportunyň işjeň ösdürilýändigini, milli atşynaslygyň dünýädäki abraýyny hem-de behişdi bedewlerimiziň şöhratyny has-da artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini nygtadylar. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine bedew bady bilen barýandygyny buýsançly belläp, arassa ganly ahalteke bedewlerini gorap saklamak we baş sanyny köpeltmek, ady rowaýata öwrülen tohum atlaryň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmak baradaky aladalary üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdiler.