Şu
gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik
teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi. «Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň möhüm wakasyna
öwrülen çäreleriň dowamynda degişli ugur boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň
häzirki ýagdaýy we media ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň
geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Häzirki
döwürde ýurdumyzyň teleradioýaýlymlar ulgamynda we kino sungatynda sazlaşykly
ösüşler gazanylýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli
özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda
üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň netijesidir. Dünýäniň dürli
ýurtlarynyň teleýaýlymlary bilen maglumat alyşmak, bilelikdäki taslamalary
durmuşa geçirmek we žurnalistleriň hem-de teleradioýaýlymlaryň hünärmenleriniň
arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek meselelerine zerur üns berilýär.
«Awaza»
milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA agza ýurtlaryň döwlet we
jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de GDA gatnaşyjy
döwletleriň Döwletara maglumat pulunyň administratiw geňeşiniň mejlisinde şu
ugurda öňde durýan wezipeler we olary üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary
boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Bellenilişi ýaly,
telewideniýe, radiogepleşikler we kino sungaty ugurlary boýunça halkara
hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, bu ugurda dünýäniň ösen tejribesiniň özleşdirilmegine
möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen
gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde özara maglumat we telewizion gepleşikleri
alyşmak asylly ýörelgä öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, GDA agza döwletleriň
teleradioýaýlymlary bilen özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi wajyp ugurlaryň
hatarynda kesgitlenendir. Şol bir wagtyň özünde, Arkalaşygyň ýurtlarynyň
arasynda maglumat alyşmak işi barha ösdürilýär.
Halkara
çäräniň dowamynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň özboluşly aýratynlyklaryny, taryhyny,
milli däp-dessurlaryny we häzirki döwürde ýeten derejesini beýan edýän maglumat
we medeni kontentleri döretmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň ähmiýetine hem
üns berildi.
Mejlisiň
dowamynda çykyş edenler teleradioýaýlymlaryň işini ösdürmegiň möhüm
meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda, özara tejribe alyşmakda we
hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemekde şu günki halkara çäräniň möhüm
orun eýeleýändigini nygtadylar. Mundan başga-da, maglumat giňişliginde
bilelikdäki işleriň gerimini giňeltmek we bu ugur boýunça hyzmatdaşlygy
ösdürmek meseleleriniň ähmiýetine üns berildi.
Çärä
gatnaşyjylar sahawatly türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we
meýilleşdirilen ähli halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün
edilendigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk
sözlerini beýan etdiler. Şeýle hem olar umumy ösüşiň bähbidine gönükdirilen
halkara çärelerde kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda
ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Soňra
mejlisiň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Onda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky
döwlet komiteti bilen «TV — Nowosti» Awtonom täjirçilik bolmadyk guramasynyň, Russiýa
Federasiýasynyň «Raptly» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň, «Russiýanyň
habarlar telegraf agentligi (ITAR — TASS)» federal döwlet unitar kärhanasynyň
we «Interfaks paýdarlar jemgyýeti» habarlar agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk
etmek, özara ýardam bermek, düşünişmek, maglumat alyşmak hakyndaky degişli
resminamalara gol çekildi.