Milli aýdym-saz sungatymyzyň ýaş
zehinleri!
Mähriban çagalar!
Sizi Garaşsyzlyk güni mynasybetli zehinli çagalaryň
arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik
bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen tüýs
ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan beýik
işleri, şan-şöhratly taryhymyzy we milli medeniýetimizi, bagtyýar döwranymyzy
kalbyňyzdan joşup çykýan şirin owazly, çeper many-mazmunly aýdym-sazlaryňyz
bilen mynasyp beýan etmekde ýoluňyz hemişe ak bolsun!
Türkmen aýdym-saz hazynasy aňyrsyna göz ýetmez
ummandyr. Ylymlary, bilimleri we medeniýetleri dörediji millet hökmünde dünýä
taryhynyň sahnasyna çykan türkmen halky aýdym-saz sungatyna hem ägirt uly
goşant goşupdyr. Ynsany bendi edýän mahmal owazly aýdymlarymyz, jadyly
sazlarymyz, dutar, gyjak, gargy tüýdük, dilli tüýdük, gopuz, dep ýaly milli saz
gurallarymyz biziň köpasyrlyk milli aýdym-saz sungatymyzyň, medeniýetimiziň we
baý ruhy dünýämiziň öçmejek şöhratydyr. Biziň bu egsilmez medeni hazynamyz
göwünlerimizi galkyndyrýar, watansöýüjiligimizi, ynsanperwerligimizi,
parahatçylyk söýüjiligimizi, agzybirligimizi hem-de şahandazlygymyzy bütin
dünýä açyp görkezýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň
bagtyýar nesilleri bolan siziň Şükür bagşy, Amangeldi Gönübek, Kel bagşy, Mylly
Täçmyradow, Magtymguly Garlyýew, Mustak Aýmedow, Ödenyýaz Nobatow, Sahy
Jepbarow, Nurberdi Gulow ýaly nusgawy bagşy-sazandalarymyzyň milli aýdym-saz
sungatyndaky däplerini dowam etdirip, jana tenekar aýdym-sazlaryňyz bilen eziz
Watanymyza, Garaşsyzlygymyza we Bitaraplygymyza bolan milli buýsanjymyzy, beýik
döwrümiziň şanly ösüşlerini, watansöýüjiligimizi we ynsanperwerligimizi
dabaralandyrmagyňyz halkymyzy uly ösüşlere ruhlandyrýar, täze belent sepgitlere
atarýar. Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi bagtyýar
körpelerimizde sungat älemine söýgini döretmek, zehin-başarnyklaryny ýüze
çykarmak bilen birlikde, milli aýdym-saz sungatymyzyň nesilden-nesle geçip,
dowamat-dowam bolmagyny üpjün edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň
bagtly çagalygyň, iň arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdudygyny bütin dünýä
ýaýýar.
Berkarar Watanymyzyň saýrak bilbilleri!
Biz ýaş nesillerimiziň eşretli, bagtyýar durmuşda
ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, ylymda uly üstünlikleri gazanmagy,
zehin-başarnyklaryny döredijilikli işlere gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikleri
döredýäris. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatyna hem-de
«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş
ýörelgämize laýyklykda, Garaşsyz Diýarymyzda milli maksatnamalarymyzyň
çäklerinde häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap bilim
edaralaryny gurmakda nusgalyk işleri amala aşyrýarys. Bilim işini nazary we
amaly taýdan kämilleşdirmek arkaly milli bilim ulgamyny dünýä derejesine
çykarýarys. Halkara guramalar hem-de dünýä döwletleri bilen dostlukly, özara
bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmäge uly ähmiýet berýäris. Biziň toplumlaýyn
özgertmelerimiz ýurdumyzyň bilim binýadyny has-da kuwwatlandyrmak bilen birlikde,
ilkinji nobatda, Watanyň beýik geljegi, halkyň ykbaly ugrunda ýokary
jogapkärçilik duýgusyna eýe bolan päk ahlakly, bilimli, ylymly, watansöýüji
nesilleriň kemala gelmegine oňyn täsir edýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp bilimler
dünýäsine ilkinji gadamyny basan körpelerimize «Bilimli» atly noutbuk
kompýuterleriniň gowşurylmagy, täze orta mekdeplerdir çagalar baglarynyň
dabaraly açylmagy bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösýändigine
hem-de bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Nurana geljegimiziň eýeleri, ösüşlerimiziň esasy
hereketlendiriji güýji bolan bagtyýar ýaşlarymyzyň ylym we döredijilik
dünýäsine, aýdym-saz älemine çuňňur aralaşyp, kämil zehin-başarnyklary bilen
ajaýyp üstünlikleri gazanmaklary eziz Watanymyzyň bilimleriň we ylymlaryň,
medeniýetiň hem-de sungatyň ýurdy hökmünde halkara abraýyny has-da belende
göterýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar körpeleri!
Mähriban çagalar!
Sizi zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri»
bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs
ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, çaga kalbyňyzda
beslän päk arzuwlaryňyzyň hasyl bolmagyny, berkarar Watanymyzyň, eziz
halkymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermegiňizi arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.