Golaýda
paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar
birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan eden
«Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemi jemlendi. Ýurdumyzda zenan mertebesini belende
göterýän bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýylynyň ajaýyp wakalarynyň üstüni ýetirdi.
Zenanlaryň şu wagta çenli gazanan üstünliklerine, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik we medeni durmuşyna gatnaşygyna görä, ýeňijiler kesgitlenildi. Olar jemleýji tapgyryň çäklerinde Watanymyzy, ajaýyp zamanamyzy wasp edýän buýsançly sözlerdir şahyrana goşgy setirleri bilen çykyş etdiler. Bäsleşigiň «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýyş ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugry boýunça Aýgözel Annamyradowa ýeňiji bolup, «Ýylyň watançy zenany» diýlip yglan edildi.
«Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.