Şu gün paýtagtymyzda dürli pudaklarda zähmet çekýän,
Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, onuň halkara abraýyny
artdyrmaga uly şahsy goşandyny goşan işgärlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna,
ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin
guramalarynyň hünärmenlerine, döredijilik işgärlerine döwlet sylaglaryny
gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň
tabşyrygyna laýyklykda, dabaralara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy,
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken
Permanlary esasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny,
kanunçylygy pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny
artdyrmakda, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýokary netijeleri gazanmakda
önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň, mähriban
halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken
halal, göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny, joşgunly zehinini nazara alyp,
şeýle-de Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy
mynasybetli, ýurdumyzyň raýatlarynyň uly topary Türkmenistanyň «Gaýrat» hem-de
«Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen sylaglanyldy. Şeýle-de birnäçe
raýatlara Türkmenistanyň hormatly atlary dakyldy. Olar, degişlilikde,
«Türkmenistanyň halk artisti», «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri»,
«Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy», «Türkmenistanyň at gazanan ulag
işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan aragatnaşyk işgäri», «Türkmenistanyň at
gazanan medeniýet işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan artisti», «Türkmenistanyň
at gazanan bagşysy», «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri»,
«Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti», «Türkmenistanyň at gazanan bilim
işgäri», «Türkmenistanyň durmuş hyzmaty çygrynyň at gazanan işgäri»,
«Türkmenistanyň at gazanan uçarmany» diýen hormatly atlaryň eýeleri boldular.
Halkyň agzybirligini, bitewüligini, ahlak sütünlerini
pugtalandyrmaga ýardam berýän netijeli jemgyýetçilik işleri, ösüp gelýän ýaş
nesli okatmakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy
mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda,
watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik, mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde
bitiren hyzmatlary üçin Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ada mynasyp
bolan ýaşuly nesliň wekilleriniň, «Zenan kalby» ordenine eýe bolan zenanlaryň
goşantlary aýratyn bellenildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä
döwletleri we halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde,
halklaryň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy berkitmekde, Magtymguly Pyragynyň
türkmen jemgyýetiniň synmaz ruhy sütünine öwrülen döredijiliginde beýan eden
ynsanperwer garaýyşlaryny dünýäde wagyz etmekde bitiren aýratyn hyzmatlary
üçin, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy we hemişelik Bitaraplygynyň 30
ýyllygy mynasybetli, daşary ýurtly raýatlaryň birnäçesine Türkmenistanyň
«Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly gowşuryldy.
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň hormatly atlaryna
mynasyp bolan döredijilik işgärlerini hem-de edebiýat, medeniýet we sungat
işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, zehinli çagalaryň arasynda yglan
edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny
almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de
«Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerine iberen Gutlagyny uly
ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda medeniýet,
sungat we döredijilik işgärlerini Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk
baýramy, şeýle hem döwlet sylaglary bilen sylaglanmaklary, Türkmenistanyň
Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň
ýeňijisi bolmaklary mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynda hem ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip
çykýan belent maksatlary, döwletimiziň dost-doganlyk, ynsanperwerlik
ýörelgelerini giňden wagyz etmekde, türkmen medeniýetini, sungatyny,
edebiýatyny kämil eserler bilen baýlaşdyrmakda döredijilik işgärleriniň uly
işleri alyp barýandyklaryny belledi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry»
bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak hakyndaky Karary okaldy.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna
Ýüzlenme kabul etdiler. Soňra meşhur we ýaş ýerine ýetirijileriň — umumymilli
döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, iň oňat tans we halk döredijilik-etnografiýa
toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti ýaýbaňlandyryldy.