milli goshun logo
Ýurdumyzyň halkara söwda we hyzmatlar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy
Ýurdumyzyň halkara söwda we hyzmatlar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy
30.04.2025 158 Habarlar

Düýn – 29-njy aprelde paýtagtymyzda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahat öz işine başlady. Üç günläp dowam edýän forum önümleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda halkara hyzmatdaşlygy, özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Sergi-ýarmarka we halkara maslahata ýurdumyzyň döwlet hem-de hususy düzümleri bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň wekilleri hem gatnaşýarlar. Olaryň köpüsi sergide öz iş ugurlary bilen ýakyndan tanyşdyrýan sergi diwarlyklaryny hem ýaýbaňlandyrdylar.

«Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahatda ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalary döretmek, bar bolanlarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, önümleri halkara hil ölçeglerine laýyk sertifikatlaşdyrmak, eksport işini ösdürmek ýaly ugurlarda özara pikir alyşmalara giň orun berildi.