Şu gün ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden
bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar Aşgabat atçylyk sport
toplumynyň açyk manežinde geçirildi. Bu ýerde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy»
atly halkara bäsleşigiň hem-de alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam
sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemi
jemlenildi.
...Aşgabat
atçylyk sport toplumynda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Toplumyň açyk
manežine barýan ýoluň ugrunda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we
Arkadag şäherlerinden milli amaly-haşam, şekillendiriş sungaty eserleriniň,
fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, neşir, haly, heýkeltaraşlyk önümleriniň
sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergide türkmen halkynyň baý medeni mirasy we
döredijilik mümkinçilikleri görkezildi. Hususan-da, şekillendiriş sungaty
eserlerinde türkmen alabaýynyň keşbine aýratyn orun berlipdir.
Dabara
gatnaşyjylaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň hem-de
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary
ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary,
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, itşynaslar, ugurdaş
edaralaryň hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri
bar.
Toplumyň çäginde ýurdumyzyň medeniýet we sungat
ussatlarynyň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň
we türkmen alabaýyna bagyşlanan döredijilik gözden geçirilişiniň jeminiň jemlenilmegi
ynsanyň wepaly dostunyň şanyna geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň ýatda galyjy
wakalarynyň biri boldy. Toplumyň açyk manežiniň bäsleşik geçirilýän
meýdançasyna bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanyp alnan, ýurdumyzyň dürli
sebitlerinden iň gowy alabaýlaryň 10-sy çykaryldy. Emin agzalaryna we
tomaşaçylara alabaýlaryň atlary, olaryň ýaşy, nesil ugry, eýesi baradaky
maglumatlar mälim edilýär.
Soňra bäsleşige gatnaşdyrylýan alabaýlaryň görkezme
çykyşlaryna orun berildi. Olar eýeleriniň öwreden endiklerini tomaşaçylara
görkezdiler. Alabaýlaryň köp sanly janköýerleri olaryň ajaýyp daşky keşbi bilen
birlikde, başarjaňlygyna hem baha berdiler. Olaryň öňünde anyk wezipeler, şol
sanda päsgelçilikli zolaklary ýeňip geçmek wezipeleri goýuldy. Päsgelçiliklerden
geçilende, tizlik we dürslük görkezijileri hasaba alynýar. Bu çekeleşikli
görnüşler baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy. Bäsleşigiň netijelerini jemlemek
hem-de eminler toparynyň çözgüdini yglan etmek pursady gelip ýetdi. Eminler
toparynyň başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany S.Babaýewe söz berilýär. Ol bu ýere
ýygnananlaryň adyndan ýurdumyzda itşynaslyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň
taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaýlary dünýä ýaýmakda
durmuşa geçirýän ägirt uly işleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk
bildirdi.
Şunlukda,
«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Türkmenistanyň Goranmak ministrligine
degişli bolan Wepaly atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Ony ösdürip ýetişdiren
hem-de bu bäsleşige taýýarlan Türkmenistanyň at gazanan itşynasy O.Saparow.
Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — «Toyota
Camry V6» kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy hem-de ol ýörite medal,
göçme kubok, diplom bilen sylaglanyldy. Itşynas gymmat bahaly sowgat we
alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak babatda döwletimiz tarapyndan
döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden
hoşallygyny beýan etdi. Ol türkmen itşynaslarynyň bu ugurdaky işleri mundan
beýläk-de mynasyp dowam etdirjekdigine ynandyrmak bilen, hormatly
Prezidentimize berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.
Şu gün
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeginde hem
ýaýbaňlandyryldy.