Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni
mynasybetli ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni
ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy.
Şolaryň hatarynda Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahana, Ahal
welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly
hassahana, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň
saglygyny goraýyş merkezi bar.
...Ir bilen paýtagtymyzyň günorta künjeginde baýramçylyk
ýagdaýy emele geldi. 500 orunlyk Aşgabat şäher köpugurly hassahanasynyň düýbüni
tutmak dabarasyna gatnaşmak üçin bu ýere Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary,
ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köp sanly
daşary ýurtly myhmanlar, saglygy goraýyş işgärleri ýygnandylar. Bu ýerde
aýdym-saz, tans toparlarynyň şowhunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman
senagaty ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagyny okady.
Soňra dabaranyň esasy pursatlaryna orun berildi:
ýadygärlik ýazgy ýazylan ýörite gutujyk 500 orunlyk Aşgabat şäher köpugurly
hassahanasynyň gurluşyk meýdançasynyň düýbüne atyldy. Şeýlelikde, desganyň
gurluşygyna resmi taýdan badalga berildi.
Bu merkezde häzirki zaman lukmançylygynyň döwrebap
tehnologiýalary ornaşdyrylyp, onda adamlaryň saglygyny berkitmekleri, ýokary
hilli lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmaklary üçin zerur şertler dörediler.
***
Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde bolsa
300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.
Oňa welaýatyň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleri, etrabyň
ýaşaýjylary, saglygy goraýyş işgärleri gatnaşdylar. Aýdym-saz, tans
toparlarynyň şowhunly çykyşy dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Çykyşlarda täze
taryhy eýýamda türkmen halkynyň abadan durmuşy ugrunda alnyp barylýan beýik
işler wasp edildi.
Dabaranyň başynda Ahal welaýatynyň häkimi hormatly
Prezidentimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň
işgärlerine iberen Gutlagyny okady.
Soňra dabaraly ýagdaýda Tejen şäherindäki 300 orunlyk
etrabara köpugurly hassahananyň gurluşygyna badalga berildi. Bu hassahana
keselleri anyklamakda, olary bejermekde we öňüni almakda, näsaglara ýokary
hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekde esasy saglygy goraýyş edaralarynyň
birine öwrüler. Bu ýerde ornaşdyryljak tehnologiýalardyr enjamlar,
ýöriteleşdirilen barlaglar çylşyrymly operasiýalary geçirmäge mümkinçilik
berer.
***
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni
mynasybetli dabaralar Daşoguz welaýatynyň edara ediş merkezinde 400 orunlyk
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbüniň tutulmagy bilen dowam
etdi.
Soňra ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýadygärlik ýazgy ýerleşdirilen gutujyk gurluşyk meýdançasyna atylyp, merkeziň düýbi tutuldy.