Düýn Türkmenistanda pagta ýygymyna köpçülikleýin girişildi.
Bu möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli sebitlerinde badalga alyp, oba
hojalyk pudagynyň we milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde uly ähmiýete eýedir.
5-nji sentýabrda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam
arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz 10-njy sentýabrda
ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda pagta ýygymyna girişmäge ak pata berip,
pagtaçylara we oba hojalyk zähmetkeşleriniň ählisine işinde uly üstünlikleri
arzuw etdi. Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň abadançylygy,
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze zähmet ýeňişlerine tarap öňe
barýan halkymyzyň rowaçlygy barada doga-dileg edip, «bismilla» bilen pagta
ýygymyna badalga berdiler.
Şu gezekki ýygym möwsüminde hem meýdanlarda döwrebap
kombaýnlar işlediler, pagtany daşamak üçin bolsa ýük awtoulaglary, traktorlar,
traktor tirkegleri ulanylar. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda,
ýerlerde pagta ýygymyny bökdençsiz geçirmek maksady bilen, tehnikalara
gije-gündizleýin hyzmatlar ýola goýuldy, mehanizatorlaryň we pagtaçylaryň
netijeli işlemegi, dynç almagy üçin talabalaýyk şertler döredildi.
Welaýatlaryň pagta kabul ediş bölümlerine, pagta arassalaýjy
kärhanalaryna üsti «ak altyn» bilen doldurylan, baýdaklar, halylar hem-de
şygarlar bilen bezelen ulaglaryň ilkinji kerwenleri gelip başlady. Dabaralaryň
çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän we dokma senagaty
önümleriniň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Bagşy-sazandalaryň, tans toparlarynyň
çykyşlary baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy. Pagtanyň bol hasylyny
ýetişdiren öňdebaryjy kärendeçilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat
bahaly sowgatlar gowşuryldy.