Şu gün
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni uly ruhubelentlik
bilen garşylanyldy. Bu baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar, däp bolşy ýaly,
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy.
...“Nowruz
ýaýlasynyň” esasy girelgesinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanan aýdym-sazly we tansly çykyşlar
ýaýbaňlandyryldy.
Köpöwüşginli
lybaslar, ähli ýerlerde ýaňlanýan aýdym-sazlar tebigatyň janlanmagynyň hem-de
durmuşyň täzelenmeginiň hormatyna guralýan bu dabaralaryň çuňňur many-mazmuna
eýedigini alamatlandyrýar. Giň ýaýla şatlykly baýramçylyk üçin ägirt uly sahna
öwrüldi. Baýramçylyk dabaralaryna Hökümet agzalary, Mejlisiň, dürli
ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik
guramalarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän
diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Bu ýere Watanymyzyň ähli künjeginden
türkmenistanlylaryň köp sanlysy geldi. Şeýle hem 30-a golaý döwletden
syýahatçylaryň 220-den gowragy bu dabaranyň şaýady boldy.
Baýramçylyk
mynasybetli “Nowruz ýaýlasynda” köp sanly ak öýleri, sekileri, öý haýwanlary
saklanylýan agyllary, atarylan gazanlary öz içine alýan gadymy türkmen obasy
döredildi. Medeniýetleri özara baglanyşdyrýan Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde
dörän we adamzadyň ösüşine uly goşant goşan gadymy türkmen şäherleriniň keşbi
hem sazlaşykly utgaşdyrylypdyr.
Baýramçylygyň
geçirilýän ýerinde owadan bezelen hiňňildikler gurnalypdyr. Hiňňildiklerde
uçmak ruhy taýdan päklenmek hasap edilýär. Bu adat Nowruz baýramynda täze ýyla
täze gujur, nurana niýetler bilen gadam basmaga mümkinçilik berýär. Baharyň
gelmegi bilen, töweregimizdäki hemme zat gözümiziň alnynda özgerýär, toprak
ýaşyl lybasa bürenýär. Bu gözel künjekde türkmen baharynyň gözelligi has aýdyň
duýulýar. Tebigatyň gözelligi, Köpetdagyň dag etekleriniň ösümlikleriň we
ilkinji gülleriň ysy bilen bark urýan arassa howasy ynsany ruhlandyrýar.
Nowruzyň öň ýanynda türkmen topragyna ýagan bereketli ýagmyr daş-töweregi ýaşyl
begrese büredi. Ýaşyl baýyrlaryň üstünde ajaýyp ahalteke atlaryny, çapyksuwarlary
görmek bolýar. Baýramçylygyň geçirilýän ýerinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli ajaýyp ahalteke bedewleriniň
gözelligine bagyşlanan amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň eserlerine, at
esbaplaryna, zergärçilik önümlerine aýratyn orun berlipdir.
“Nowruz
ýaýlasynyň” girelgesinde myhmanlar duz-çörekli garşylanyldy. Çagalaryň ýerine
ýetiren goşgulary aýratyn täsirli boldy.
Bu ýerde geçmişiň
meşhur alymlarynyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän gadymy türkmen topragynyň
dünýä beren gymmatlyklaryna, şol sanda ahalteke bedewlerine bagyşlanan
döredijilik kompozisiýasy ýaýbaňlandyryldy. Teatrlaryň artistleri Gündogaryň
gadymy şäherlerine, gyzgalaňly bazarlaryna mahsus durmuşy täsirli
janlandyrdylar.
Dabara gatnaşyjylar
türkmen zenanlarynyň döredýän ajaýyp sungat eserleri — haly, keşdeçilik, dokma
we keçe önümleriniň taýýarlanylyşy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik
aldylar.
Baýramçylygyň
çäklerinde milli toý däp-dessurlary ýaýbaňlandyryldy. “Nowruz ýaýlasynda”
ýaýbaňlandyrylan çykyşlar dünýä mirasy hökmünde ykrar edilen milli bagşyçylyk
sungatynyň esaslarynyň üýtgewsizdigini, sazandalaryň we türkmen
dessançylarynyň, bagşylaryň nesilleriň hem-de döwürleriň arabaglanyşygyny emele
getirýändigini, olarda halkymyzyň watansöýüjilik ruhunyň, hoşniýetliligiň,
ynsanperwerligiň jemlenýändigini görkezdi.
Dabaranyň
dowamynda emin ýurdumyzyň çar künjeginden gelen pälwanlaryň tutluşygyny yglan
edýär. Baýramçylyk ruhuny belende göterýän pälwanlaryň inçelik bilen göreşe erk
edişleri çuňňur gyzyklanma eýe boldy. Dabaranyň dowamynda çagalar milli
oýunlary görkezdiler.
Türkmenistanda
geçirilýän milli baýramçylyklary ajaýyp ahalteke bedewlerine atlanan ökde
çapyksuwarlarsyz göz öňüne getirmek kyndyr. “Galkynyş” milli at üstündäki
oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary hemmeler üçin hakyky sowgat boldy.
“Nowruz ýaýlasynda”
ownuk we iri şahly mallaryň dürli görnüşlerini synlamak bolýar. Giň sähradaky
dowarlaryň goragçysy bolan alabaýlar milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir.
Bu ýerde milli
tagamlaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Milli bahar
baýramy — Halkara Nowruz gününe bagyşlanyp, bu ýerde Türkmenistanyň medeniýet
we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Onuň dowamynda aýdym-sazlar, tans we
halk döredijiligi eserleri, Watanymyzy, täze taryhy döwrümizi, gazanýan uly
üstünliklerimizi wasp edýän çykyşlar ýerine ýetirildi. Halk sazlary, aýdymdyr
tanslar döwrebap äheňler bilen sazlaşykly utgaşdy. Konsert tamamlansa-da,
“Nowruz ýaýlasyndaky” baýramçylyk, şeýle hem tutuş ýurdumyzda dabaralar dowam
etdi.
Milli bahar
baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar Arkadag şäherinde, Balkan,
Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda hem geçirildi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde
ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleri, sergiler, konsertler ildeşlerimiziň
şatlygyna şatlyk goşdy.