Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda geçirilýän iri halkara çärelere gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza
gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.
Döwlet
Baştutanymyz Prezident Emomali Rahmony «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň
döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de GDA-nyň döwlet
Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmek
hakyndaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we Täjigistan
Respublikasynyň bu wajyp halkara çärelere gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigini
belledi.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda Täjigistanyň Prezidentiniň sebit
hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine berýän şahsy ünsüne ýokary baha
berilýändigini we Awazadaky duşuşyklara açyk pikir alyşmak, bilelikdäki
çemeleşmeleri işläp düzmek, özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek
üçin mümkinçilik hökmünde garalýandygyny aýdyp, Prezident Emomali Rahmonyň şu
gezekki sаparynyň hem Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky dostlukly
gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Dostlukly
döwletiň Baştutany türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk
bildirdi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara çäreleriň
sebitiň döwletleriniň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan
ugurlaryny kesgitlemäge hem-de ähli ulgamlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de
ösdürmäge ýardam berjekdigini aýdyp, hormatly Prezidentimizi Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw
duşuşygynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Şeýle hem Täjigistanyň
Prezidenti pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan
etdi.
Duşuşygyň
dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Täjigistany özara hormat goýmaga
we ynanyşmaga esaslanýan, däp bolan dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk
gatnaşyklary birleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz
türkmen-täjik gatnaşyklarynyň we iki ýurduň arasyndaky yzygiderli syýasy
dialogyň okgunly häsiýetini belläp, Türkmenistanyň syýasy gatnaşyklary mundan
beýläk-de berkitmäge möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy hem-de ýola goýlan
ynanyşykly dialogyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin berk binýat
bolup hyzmat edýändigini nygtady.
–
Biz Türkmenistan bilen Täjigistanyň halkara giňişlikdäki, ilkinji nobatda,
Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara düzümleriň çäklerindäki
netijeli özara hyzmatdaşlygyna ýokary baha berýäris hem-de özara goldaw bermek,
halkara we sebit gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça ileri tutulýan garaýyşlary
utgaşdyrmak däplerini dowam etmegi maksat edinýäris – diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we türkmen tarapynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy
giňeltmäge, özara söwdanyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmaga, iki ýurduň
arasyndaky ýakyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini
tassyklady.
Ulag-üstaşyr
hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär. Ulag arabaglanyşyklaryny
mundan beýläk-de giňeltmek we iki ýurduň üstaşyr mümkinçiliklerinden netijeli
peýdalanmak wajyp wezipeleriň biridir. Energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem
geljegi uly ugur bolup durýar. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halklarymyzyň
taryhy we medeni ýakynlygyna esaslanýan medeni-ynsanperwer ugruň hyzmatdaşlygyň
möhüm bölegidigini belläp, ýurdumyzyň medeniýet, bilim, ylym we sport
ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ynsanperwer alyşmalary
giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Duşuşygyň
ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Emomali Rahmon
Türkmenistanyň we Täjigistanyň köpugurly döwletara gatnaşyklary mundan
beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny ýene bir gezek tassyklap, iki dostlukly
ýurduň halklaryna parahatçylyk, durnukly ösüş, abadançylyk we rowaçlyk arzuw
etdiler.