Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine
gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş
sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.
Sergeý
Lebedew duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip,
Arkalaşykda Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy hem-de köpugurly
dialogy ösdürmäge berýän goldawyna ýokary baha berilýändigini nygtady. Şunda
ýurdumyzyň Arkalaşygyň giňişliginde ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň
pugtalandyrylmagyna işjeň, başlangyçly çemeleşýändigi nygtaldy. Şeýle hem
GDA-nyň Baş sekretary pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli
salamyny beýan etdi hem-de gurama agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy
ösdürmekde Milli Liderimiziň uly goşandyny belledi.
Hormatly
Prezidentimiz myhmany mähirli mübärekläp, halkara gün tertibiniň giň ugurlary
boýunça pikir alyşmak üçin meýdança boljak GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň
Geňeşiniň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi hem-de mejlisiň
netijeleriniň GDA-nyň giňişliginde söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer
hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Bellenilişi
ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan
GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, dürli ulgamlarda uly kuwwata we
mümkinçiliklere eýe bolan Arkalaşygyň giňişliginde netijeli özara gatnaşyklary
işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýär.
Ýurdumyz
GDA-nyň çäklerinde geçirilýän sammitlere, mejlislere we çärelere işjeň
gatnaşýar, ykdysadyýet, söwda, medeniýet we sport ulgamlarynda özara
hyzmatdaşlyk edýär, şeýle hem ulag we energetika ulgamlarynda tagallalary
mundan beýläk-de utgaşdyrmagy goldaýar.
Türkmenistanyň
şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde
ýurdumyzda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi GDA agza ýurtlaryň
demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji mejlisi, GDA-nyň daşary işler ministrleriniň
Geňeşiniň we GDA agza döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň
mejlisleri ýaly möhüm çäreler geçirildi.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň medeniýet, sungat we ylym işgärleriniň arasynda göni
gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýändigini belläp, Türkmenistanyň şu
ýyl GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
ösdürmäge aýratyn üns berlendigini aýtdy. Bu ugurda «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda şu günler GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň
ýolbaşçylarynyň geňeşiniň mejlisi, «Bedew bady: güýç hem gözellik» atly
döwletara telewizion filmleriň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy,
GDA agza döwletleriň milli tagamlarynyň festiwaly we sergisi geçirilýär. Bu
çäreler Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklarynyň arasynda baý medeni-taryhy mirasy
açyp görkezmäge hem-de ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge ýardam etmäge
gönükdirilendir.
Döwlet
Baştutanymyz medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň,
bilelikdäki festiwallary, Medeniýet we kino günlerini yzygiderli geçirmegiň
ýurtlarymyzyň halklarynyň arasyndaky däp bolan dostluk we özara hormat goýmak
gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam etjekdigini belläp, Türkmenistanyň GDA agza
ýurtlaryň arasynda dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmaga uly goşant
boljak oňyn netijelere ýetmek üçin bu gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeň
ösdürmegi maksat edinýändigini aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini geçirmek
boýunça bilelikde alnyp barlan işler hem-de tagallalaryň netijeli
utgaşdyrylandygy üçin GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ähli işgärlerine,
hususan-da, Sergeý Lebedewe minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň
ahyrynda döwlet Baştutanymyz we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary
GDA-nyň giňişligindäki köptaraply hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli
ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirip,
birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.