milli goshun logo
Ýurdumyzda gowaça ekişine girişildi
Ýurdumyzda gowaça ekişine girişildi
27.03.2025 62 Habarlar

Düýn tutuş ýurdumyz boýunça möhüm oba hojalyk möwsümine — gowaça ekişine badalga berildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň ekerançylary ekişe köpçülikleýin girişdiler.

20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 26-njy martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berip, hormatly ýaşulularymyzdan gowaça ekişine «bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi we edermen pagtaçy babadaýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Halkymyzyň asylly däbine görä, il sylagly ýaşulular Beýik Biribardan halkymyzyň abadançylygyny, Watanymyzyň gülläp ösmegini, hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagyny dileg edip, ekin meýdanlaryna ilkinji gowaça tohumlaryny atdylar. Soňra ýaşulular bu işi mehanizatorlara geçirdiler.

Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän kärhanalarda öndürilýän önümleriň sergileri guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz, folklor-tans toparlarynyň çykyşlary pagtaçy kärendeçiler üçin ajaýyp döredijilik sowgady boldy.