milli goshun logo
Ýurdumyzda gowaça ekişine badalga berildi
Ýurdumyzda gowaça ekişine badalga berildi
16 sagat öň 25 Habarlar

Düýn tutuş ýurdumyz boýunça möhüm oba hojalyk möwsümine — gowaça ekişine badalga berildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň ekerançylary ekişe köpçülikleýin girişdiler.

Hormatly Prezidentimiz 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 25-nji martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşululardan ekişe “bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş edip, edermen pagtaçy babadaýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Halkymyzyň asylly däbine görä, il sylagly ýaşulular Beýik Biribardan halkymyzyň abadançylygyny, Watanymyzyň gülläp ösmegini, hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagyny dileg edip, ekin meýdanlaryna ilkinji gowaça tohumlaryny atdylar. Soňra ýaşulular bu işi mehanizatorlara geçirdiler.

...Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli welaýatlarda aýdym-sazly dabaralar guraldy. Olaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän kärhanalarda öndürilýän önümleriň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Welaýatlaryň aýdym-saz, folklor-tans toparlarynyň çykyşlary pagtaçy kärendeçiler üçin ajaýyp döredijilik sowgady boldy. Bereketli türkmen topragynda düýbi tutulan täze hasyl halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşar.