milli goshun logo
Ýurdumyzda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady
Ýurdumyzda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady
18.11.2023 331 Habarlar

Düýn – 17-nji noýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde guralýan Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady.

Eýranyň önüm öndürijileriniň gazanan üstünlikleriniň gözden geçirilişi iki goňşy ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge täze itergi bermäge gönükdirilendir. Bu çäre goňşy döwletiň ylmy, senagat kuwwatyny görkezmek, giň ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny ýüze çykarmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat eder.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan täze tehnologiýalary we ylmy gazanylanlary çekmek arkaly milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny okgunly durmuşa geçirmek bilen, halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Şunda goňşy döwletler, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen özara bähbitli gatnaşyklary ilerletmäge uly ähmiýet berilýär.

Ägirt uly senagat we ylmy kuwwata eýe bolan Eýran häzirki günde strategik, hususan-da, sebit derejesinde giň gerimli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşyp, ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda ilkinji orunlaryň birini eýeleýär.

...Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda aýdym-sazlaryň ýaňlanmagynda, döredijilik toparlarynyň halk tanslaryny ýerine ýetirmeginde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda türkmen we eýran halklaryny asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy kökleriň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygy nygtalýar. Hut şonuň üçin hem ýurtlarymyz sebitde uzak möhletleýin hyzmatdaş bolmak bilen, häzirki döwürde netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň asyrlarboýy toplanan tejribesini yzygiderli baýlaşdyrýarlar.

Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi 19-njy noýabra çenli dowam eder.