Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow ir säher bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän
köpugurly sport toplumyna geldi we bu ýerde adaty endigine eýerip, irki sport
maşklaryny ýerine ýetirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Hazaryň kenary
boýunça welosipedli gezelenç etdi.
Soňky ýyllarda Milli Liderimiziň tagallalaryndan
binýat bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ýokary mümkinçilikleri özünde
jemleýän halkara derejeli şypahana toplumyna öwrüldi. Deňiz kenarynyň jana
şypaly gözel künjegi dynç alşyň we saglygyňy berkitmegiň döwrebap hyzmatlaryny
hödürleýär.
Gahryman Arkadagymyz welosipedde gidip barşyna, jana
tenekar ýakymly howa gurşawy bolan giňişligi synlady. Säheriň sergin çagynda
Awazanyň çäginde gaýtalanmajak sungat eserine çalymdaş ajaýyp görnüş emele
gelýär. Bu ýerdäki köp sanly durmuş maksatly binalar, ähli amatlyklary özünde
jemleýän myhmanhanalar, seýilgähler biri-biri bilen utgaşyp, özboluşly
binagärlik sazlaşygyny döredýär. Gözel künjegiň ekologik ýagdaýy, zolagyň çäginden
geçýän Awaza derýasy dynç alyş we syýahatçylyk zolagynyň ähmiýetini has-da
artdyrýar. Häzirki döwürde bu künjek tutuş dünýä ähmiýetli meseleleri esasy
ugur edinýän halkara maslahatlaryň, sergileriň we beýleki çäreleriň geçirilýän
merkezine öwrüldi. Şu ýylyň awgustynda Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen
kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji
maslahaty hem geçiriler.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň binalarynyň
köpugurly häsiýete eýe bolmagy, olarda dürli çäreleri geçirmäge niýetlenen
mümkinçilikler hem-de bu künjegiň abadançylygy giň möçberli halkara forumlary
guramaçylykly geçirmäge şert döredýär. Hususan-da, bu künjegiň tebigy
aýratynlyklary bilen sazlaşygy döredýän bagy-bossanlyk dynç alyş zolagynyň ekologik
derejesiniň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelmegini üpjün edýär.
Gahryman Arkadagymyz Awazanyň gözel künjekleriniň
birinde ýerleşýän sport toplumynyň ýanynda saklandy. Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy toplumyň içine girdi we adaty endigine eýerip, bu ýerde
irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi.
Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary bolan
Milli Liderimiz her bir işde watandaşlarymyza görelde bolýar. Şunuň bilen
baglylykda, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmak, sport
maşklaryny yzygiderli berjaý etmek adamlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň durmuş
kadasyna öwrüldi. Lukmançylyk ylmynyň tassyklamagyna görä, sport maşklary
adamyň saglygyna oňyn täsirini ýetirýär. Şunda her bir hereketiň kada laýyk
ýerine ýetirilmegi zerur bolup durýar. Bu bolsa ynsanyň ruhubelent bolmagyny
üpjün edýär we onuň işjeňligini ýokarlandyrýar. Toplumda oturdylan enjamlar hem
adamyň daýanç-hereket ediş synalarynyň berkemegine ýardam berýär.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri toplumyň daşyna
çykyp, deňziň kenary boýunça welosipedli gezelenjini dowam etdi.
Häzirki döwürde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň
ähli ýerleri gür baglyga bürenipdir. Şeýle hem bu ýerde ýylyň ähli paslynda
dynç almak we saglygyňy berkitmek üçin ähli zerur şertler üpjün edildi. Munuň
özi ýurdumyzda adamlaryň saglygy baradaky aladanyň hormatly Prezidentimiziň
durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda
galýandygynyň aýdyň beýanydyr. Tomusky dynç alyş möwsüminde bolsa deňziň kenary
ildeşlerimiziň söýgüli künjegine öwrülýär.
Soňra Gahryman Arkadagymyz deňziň kenarynda birsellem
gezim etdi. Ýylyň bu paslynda Awazanyň säher çaglary ynsanyň janyna ýakymlylygy
bilen tapawutlanýar. Gojaman Hazaryň üsti bilen öwüsýän säher şemaly ruhuňy
göterýär.
Soňra Gahryman Arkadagymyz deňziň kenary boýunça gezelenjini welosipedde dowam edip, kenaryň saýaly baglara beslenen künjegini synlady. Awazanyň seýilgähleri, daş-töweregiň bagy-bossanlygy dynç alýanlaryň ruhubelentligini artdyryp, adamlary täze zähmet üstünliklerine höweslendirýär.