«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Seul — Aşgabat gatnaw ugry boýunça hepdelik uçuşlary amala aşyryp başlady. Bu barada «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň resmi web saýtynda habar berilýär.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy» AGPJ 2025-nji ýylyň 14-nji iýulyndan başlap Aşgabat — Seul — Aşgabat ugry boýunça hepdede bir gezek yzygiderli gatnawy ýola goýdy. Uçuşlar duşenbe günleri amala aşyrylýar. Aşgabadyň Halkara howa menzilinden uçuş sagat 09:15-de, Inçhon Halkara howa menzilinden bolsa yzyna uçuş sagat 22:45-de ýerine ýetirilýär» diýlip, habarda bellenilýär.
Şeýle hem täze ugruň ýolagçy we ýük daşamalaryny artdyrmaga ýardam bermegine, syýahatçylara, telekeçilere we Merkezi Aziýa, Ýakyn Gündogar we Ýewropa sebitleri bilen gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýän işewürler toparlarynyň wekillerine goşmaça mümkinçilikleri döretmegine garaşylýandygy barada habaryň ahyrynda beýan edilýär.
Belläp geçsek, häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň howa gatnawlary bilen Aşgabatdan Dubaý, Abu Dabi, Jidda, Deli, Pekin, Bangkok, Hoşimin, Kuala-Lumpur, London, Frankfurt, Milan, Stambul hem-de Kazan ýaly şäherlere uçup bolýar.