Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk döwlet
toparynyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar
boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi. Onda
halkara maslahaty we onuň çäklerinde guraljak ugurdaş çäreleri ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi hem-de şu
wagta çenli bu ugurda ýerine ýetirilen işlere baha berlip, öňde duran wezipeler
kesgitlenildi. Maslahata Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Gahryman Arkadagymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip,
häzirki wagtda bu iri halkara çärä taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň
ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan degişli işleriň
alnyp barylýandygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça
guramaçylyk döwlet toparynyň yzygiderli mejlislerinde agzalan halkara maslahata
degişli soraglaryň hem giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylýar. Türkmen halkynyň
Milli Lideri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy
sessiýasynyň şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 63-nji plenar mejlisinde bu maslahatyň
ýurdumyzda geçirilmegi bilen bagly degişli Kararnamanyň kabul edilendigini we
dünýäniň 57 döwletiniň şol resminamanyň awtordaşy hökmünde çykyş edendigini
nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 4-nji iýulynda
hormatly Prezidentimiziň «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda»
Karara gol çekendigi we onda bu maslahaty hem-de onuň çäklerindäki ugurdaş
çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň bellenilendigini aýtdy.
Şeýle hem Karary ýerine ýetirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen
Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar hakynda Ylalaşygyň
taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy we bu resminama Türkmenistanyň daşary
syýasat edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilendigi bellenildi.
Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip,
Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara forumyň
çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly köp
sanly çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, bäş günläp dowam etjek çärelere
deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň düzümine girýän 32 döwletiň
hem-de BMG-niň gyzyklanma bildirýän beýleki agza ýurtlarynyň döwlet hem-de
hökümet Baştutanlarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we
onuň orunbasarlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem birnäçe halkara, sebit
guramalarynyň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik
birleşikleriniň hem-de hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gelmegi
meýilleşdirilýär.
Geçiriljek bu çäreler toplumy jemi 7 sany esasy ugry:
halkara maslahatyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny hem-de plenar mejlislerini;
ýokary derejedäki tematik «tegelek stollary» (5 sany); ýokary derejedäki 7 sany
forumy, ýagny Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygyny,
parlament forumyny, hususy pudagyň forumyny, raýat jemgyýetiniň forumyny,
ýaşlar forumyny, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygyny, arabaglanyşyk boýunça çäräni,
şeýle-de maslahata gatnaşýan döwletler hem-de halkara guramalar we edaralar
tarapyndan geçiriljek çäreleri, şol sanda türkmen tarapynyň ýerüsti ulag we
arabaglanyşyk, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, ýaşlar syýasaty,
durnukly energetika, sirkulýar ykdysadyýet bilen baglanyşykly gurajak ugurdaş
çärelerini; maslahatyň we ugurdaş çäreleriň geçiriljek binalarynda guraljak
tematik sergileri, şol sanda türkmen tarapynyň gurajak sergilerini; Merkezi
Aziýa ýurtlarynyň milli günlerini we onuň çäklerinde guraljak medeniýet we
sungat ussatlarynyň dabaraly konsertini; Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan
maslahata gatnaşyjylaryň hormatyna guraljak resmi nahary öz içine alýar.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler
Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji
maslahatyny we onuň çäklerinde geçiriljek çäreler toplumyny ýokary derejede,
talabalaýyk guramak boýunça öňde durýan wezipeleri we ýerine ýetirilmeli işleri
kesgitledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Prezidentimiziň Kararyndan
gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy;
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda gol
çekilen Ylalaşyga laýyklykda, türkmen tarapynyň halkara forumyň maksatnamasyny
üpjün etmegi; daşary ýurtly myhmanlaryň, hususan-da, Birleşen Milletler
Guramasynyň Sekretariatynyň wekilleriniň ýurdumyza gelmeginiň
meýilleşdirilýändigini göz öňünde tutup, Türkmenbaşy şäherinde, Türkmenbaşy
Halkara howa menzilinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan
gurluşyk-gurnama, abadanlaşdyrmak, abatlamak, arassalamak we gök zolaklara ideg
etmek işlerini ýakyn günlerde tamamlamagy; Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariaty
bilen bilelikde halkara maslahatyň açylyş we ýapylyş dabarasynyň maksatnamasyny
taýýarlamagy; ýokary derejedäki tematik «tegelek stol» mejlislerine we foruma
gatnaşjak türkmen wekiliýetiniň düzümini kesgitlemegi hem-de degişli teklipleri
bermegi; türkmen tarapyndan guraljak ugurdaş çäreleriň gysgaça konsepsiýasyny
we maksatnamasyny taýýarlamagy, olaryň Birleşen Milletler Guramasynyň üsti
bilen hasaba alynmagyny üpjün etmegi; maslahatyň we ugurdaş çäreleriň
geçirilýän binalarynda türkmen tarapynyň gurajak sergileriniň sanawyny hem-de
görnüşlerini kesgitlemegi we olara jogapkär hökmünde ýurdumyzyň Söwda-senagat
edarasyny bellemegi; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleriniň çäklerinde
guraljak medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertiniň konsepsiýasyny
we maksatnamasyny taýýarlamagy hem-de olaryň Birleşen Milletler Guramasynyň
üsti bilen hasaba alynmagyny üpjün etmegi, milli günler bilen bagly çärelere
jogapkär hökmünde Türkmenistanyň Medeniýet hem-de Söwda we daşary ykdysady
aragatnaşyklar ministrliklerini bellemegi umumy meseleleriň hatarynda
kesgitledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy myhmanlaryň
howa menzilinde türkmen halkynyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda
garşylanylmagyny üpjün etmegi, wekiliýet ýolbaşçylaryny howa menzilinde
garşylajak Türkmenistanyň resmi wekillerini kesgitlemegi we bu ugurda degişli
teklipleri bermegi, myhmanlary garşylamak üçin Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň welaýatlardaky wekilhanalary bilen welaýat häkimlikleri tarapyndan
degişli guramaçylyk işlerini geçirmegi möhüm meseleleriň hatarynda görkezdi.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz şäher bezeginiň we çäräniň dowamynda ulanyljak
köçeleriň abadanlaşdyrylmagynyň üpjün edilmegini, çäreleriň geçirilýän döwründe
ulanyljak köçeleriň ugrunda we döwrebap enjamlarda görkeziljek şygarlardyr
şekilleri kesgitlemegi, degişli köçeleri abadanlaşdyrmak we bezeg işlerini
geçirmegi, yşyklandyryşy aýratyn gözegçilikde saklamagy şäher bezegi bilen
baglanyşykly meseleleriň hatarynda belledi.
Galyberse-de, daşary ýurtly wekiliýetleri myhmanhanalarda
ýerleşdirmegiň tertibine aýratyn üns bermegiň, myhmanhanalarda daşary ýurtly
myhmanlara ýokary derejede hyzmat etmek üçin zerur şertleri döretmegiň, olarda
lukmançylyk we söwda nokatlarynyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmegiň
zerurdygy aýdyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ulag üpjünçiligi baradaky
meselä ünsi çekip, çäreleriň geçirilýän döwründe ulaglaryň netijeli we
talabalaýyk ulanylmagyna aýratyn üns bermegiň, bu ugurda ministrlikler,
pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan degişli taýýarlyk işlerini
geçirmegiň, çäräniň dowamynda ulanyljak ähli ulag serişdeleriniň tehniki
ýagdaýynyň gözden geçirilmegini we talabalaýyk bolmagyny üpjün etmegiň, «Tiz
kömek» awtoulaglarynyň nobatçylyk etmek meselesine seretmegiň, awtobus gatnawlarynyň
rejeli ýola goýulmagy bilen bagly bitewi ulgamyň işlenip düzülmeginiň
wajypdygyny aýtdy.
Hormatly Arkadagymyz halkara maslahata gatnaşjak
wekiliýetler üçin olaryň ýaşajak we çäreleriň geçiriljek ýerlerinde iýmit üpjünçiligi
meselesini üns merkezinde saklamagy Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady
aragatnaşyklar ministrligi, Söwda-senagat edarasy we Azyk senagaty döwlet
birleşigi bilen bilelikde bu ugurda degişli taýýarlyk-guramaçylyk işlerini
geçirmegi hem möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şeýle-de çäreleriň geçirilýän
döwründe ýokary derejede lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmegiň zerurdygy
aýdyldy. Gahryman Arkadagymyz jemgyýetçilik tertip-düzgüni we howpsuzlyk
meseleleri barada aýdyp, çäreleriň geçirilýän döwründe Türkmenistanyň harby we
hukuk goraýjy edaralary tarapyndan jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň,
howpsuzlygyň berjaý edilmeginiň gözegçilikde saklanylmagynyň möhümdigine ünsi
çekdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri maslahata
gatnaşyjylara ýüzlenip, ýokarda beýan edilenlerden ugur alyp hem-de çäreleriň
başlamagyna sanlyja günüň galandygyny göz öňünde tutup, «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny üstünlikli
geçirmek üçin alnyp barylýan taýýarlyk-guramaçylyk işleriniň depginini
güýçlendirmegiň möhümdigini, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň bu ugurda ähli tagallalary etmeginiň zerurdygyny aýtdy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Ol çykyşynyň
başynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji
halkara maslahatyny guramaçylykly geçirmek babatda beren maslahatlary üçin
Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de hormatly
Prezidentimiziň halkara maslahaty guramaçylykly geçirmek boýunça gol çeken
degişli Kararyndan gelip çykýan wezipeleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi,
“tegelek stol” maslahatlarynyň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryny
gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň degişli Karary
esasynda ýakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda
ylalaşmalar babatda Ylalaşyga gol çekilendigi aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda,
resminamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda
zerur tagallalaryň ediljekdigi bellenildi. Mundan başga-da, çykyşda halkara
forumyň dolandyryş binasynyň işini, meýletinçileri taýýarlamagyň derejesi
barada maglumatlar berildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Sekretariaty bilen
bilelikde halkara maslahatyň açylyş-ýapylyş dabarasynyň maksatnamasyny, türkmen
tarapyndan guraljak çäreleriň konsepsiýasyny işläp düzmek we olaryň BMG-niň
üsti bilen hasaba alynmagyny üpjün etmek babatda birnäçe degişli maslahatlaryny
berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Amanow çykyş edip, halkara forumy guramaçylykly geçirmek we bu ugra degişli
meseleleri ýokary derejede ýerine ýetirmek boýunça işlenip taýýarlanylan
maksatnama barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, maslahatyň
çäklerinde guraljak çäreleriň hemmetaraplaýyn häzirki zaman talaplaryna we
halkara görkezijilere laýyk gelmegi ugrunda ähli zerur tagallalar ediler.
Gahryman Arkadagymyz meýilleşdirilen çäreleriň
guramaçylykly geçirilmegine degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün
edilmelidigini aýtdy. Şunda myhmanlary ýokary derejede garşylamak we maslahatyň
işini talabalaýyk guramak boýunça bilelikdäki tagallalar zerurdyr.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow häzirki döwürde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerinde
ýaýbaňlandyrylan gurluşyk we abatlaýyş işleriniň ýagdaýy barada maglumat berdi.
Şunda syýahatçylyk zolagynyň awtomobil ýollarynyň abadanlaşdyrylmagyna, olarda
ähli zerur mümkinçilikleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Milli Liderimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň
çäklerini abadanlaşdyrmak we alnyp barylýan gurluşyk işlerini ýokary hilli
hem-de öz wagtynda ýerine ýetirmek meselelerine zerur üns berilmelidigini
aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bu babatda hiç bir işiň
ünsden düşürilmeli däldigini belledi.
Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary B.Seýidowa çykyş edip, halkara forumyň medeni maksatnamasy we onuň
çäklerinde guraljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada maglumat berdi.
Gahryman Arkadagymyz halkara maslahaty giňden beýan
etmäge toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi hem-de häzirki döwürde
ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň bu işleri
döwrebap guramaýandyklaryny aýtdy we olaryň alyp barýan işlerini häzirki
zamanyň talaplaryna laýyk derejede guramagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle
hem Milli Liderimiz forumyň çäklerinde guraljak medeni-ynsanperwer çäreleriň,
aýratyn-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleriniň hormatyna guraljak
dostluk konsertiniň, milli tagamlaryň festiwalynyň guramaçylyk derejesine möhüm
ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.
Gahryman Arkadagymyz maslahaty jemläp, hemmelere berk
jan saglygyny, maşgala abadançylygyny we alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de
täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi.
***
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar
boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk, guramaçylyk işlerine bagyşlanan
maslahat tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz halkara çärelere gatnaşjak
meýletinçiler üçin niýetlenen lybaslary synlady.
Milli Liderimiz meýletinçileriň lybaslarynyň häzirki
zaman talaplaryna we bu künjegiň tebigy howa şertlerine kybap gelmelidigini
belledi. Şeýle hem lybaslaryň bezeg serişdeleri, ýazgylary göze gelüwli
bolmalydyr. Şol bir wagtyň özünde olaryň reňk sazlaşygyna möhüm ähmiýet berilmelidir.
Bu ýerde lukmanlar, teleoperatorlar, hyzmat ulgamyna degişli beýleki işgärler
üçin niýetlenen lybaslaryň taýýarlanylmagyna hem şu talaplar bildirilýär.
Gahryman Arkadagymyz olara birnäçe belliklerini aýdyp, lybaslaryň has-da
kämilleşdirilmelidigine ünsi çekdi.
Soňra Milli Liderimiz binanyň daşyna çykyp, halkara
maslahatyň geçiriljek günlerinde ýolagçy awtobuslarynda ýerleşdiriljek
ýazgylaryň we şygarlaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu
ýazgylaryň halkara forumyň ruhuna laýyk gelmelidigini we olarda şanly wakalaryň
taryhy ähmiýetiniň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilmeginde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.