Düýn – 27-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasy kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berýär. Soňky ýyllarda syýasy-diplomatik ulgamdaky gatnaşyklar diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde hem üstünlikli alnyp barylýar.
Köpugurly hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň dowamynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy, şol sanda Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça iri taslamalaryň birnäçesiniň tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýandygy nygtaldy.